21.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Maýyplaryň arasynda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.

Mary şäherinde oturyp oýnalýan woleýbol boýunça daýanç-hereket ediş apparatlary zaýalanan maýyplaryň arasynda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryşy guraýjylar bolan Türkmenistanyň maýyplarynyň Merkezi bedenterbiýe-sport klubynyň çagyrmagy boýunça bu ýere ýurduň ähli künjeginden toparlar geldi. 

Duşuşyklaryň köpüsi erjellik häsiýete eýe boldy hem-de duşuşygyň ahyrky tapgyryna çenli oňa gatnaşyjylarda we münberlerde oturan tomaşagylarda dartgynly ýagdaýy emele getirdi. Her bir toparyň, hat-da bäsleşigiň sanawynda ahyrky orunda barýan toparyň hem, bir ýeňiş gazanandygy bellemeli ýagdaýdyr. Ýaryşy üstünlikli başlan, ýer eýeleri bolan Lebap welaýatynyň woleýbol topary aýgytlaýjy duşuşyga çenli ýitgisiz barmagy başardy we diňe oýnuň iň soňky günüde duşuşmaly boldy.

Mynasyp toparlaryň ikisiniň kubok jemleýji oýny çak edilmeýän we hakykatdan hem gyzykly boldy. Ilkinji iki tapgyrda ýeňillik bilen urulan Amyderýanyň kenarynyň oglary näme-de bolsa, üçünji tapgyrda tijenip, ýeňiş gazanmagy başardylar (26:18), dördünji tapgyrda örän kynçylyk bilen, örän az tapawut bilen ýeňmegi başardylar. 

Reglament boýunça bäşinji jemleýji tapgyrda bäsleşik has çekeleşikli boldy. Iki toparyň hem oýunçylary ähli güýçlerini jemläp, oýnuň ahyryna çenli öz başarnyklaryny görkezdiler. Diňe taý-bteýkde tejribeli lebap woleýbol topary 16:14 hasap bilen örän kyn we arzuwlap ýeten ýeňşi gazanmagy başardy. 

* * *

Daşoguzda PODA maýyp türgenleriň arasynda pauerlifting boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. 

Gyzlaryň we zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde Gülbahar Akmämmedowa (44 kg.çenli agram derejede, Balkan welaýaty), Akjagül Zamanaowa (48 kg., Aşgabat ş.), Keramat Çaryýewa (52 kg), Nargiza Rejepowa (47 kg), Gülşirin Astanowa (75 kg), Lebap welaýatyndan Saýara Gurbanowa (82,5 kg agyr) iň gowy netijeler görkezdiler. Mary welaýatyndan türgen Jennet Örjiýewa (82,kg) şowly çykyş edip, Kubogyň eýesi bolmagy başardy. Ol çempionatyň jemleýji tapgyrynda 95 kg agramlykdaky ştangany galdyrmagy başardy. 

Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşik hem ýiti häsiýete eýe boldy. Bu ýerde Daşoguzdan Ahmet Kakabaýew (48 kilograma çenli agram derejede), Rahym Bemetow (60 kg), Maksat Halbaýew (100 kg agyr), Lebap welaýatyndan Rozymyrat Tursunow (52 kg), Jumadurdy Zarypow (100 kg), Mary wlaýatyndan Söhbet Esenmyradow (56 kg), Maksat Tomyşew (67,5 kg), Öwez Örjüýew (82 kg), Balkan welaýatyndan Toýjan Saparow(75 kg) we Perhat Annageldiýew (90 kg) dagy ýeňiji bolmagy başardylar.

Degişli makalalar

Konstitusion Toparyň Ýanyndaky Iş Toparyň Maslahaty

turkmenhabargullugy

Aziýanyň Suwda Ýüzmek Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine Hat Iberdi

Halka Baş Bolup, Halk Bilen Bile, Halkyň Bähbidine

syrach