24.9 C
Aşkabat
14.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Okuwçylar Köne Nusaý galasyna ekspedisiýa guradylar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryň institutynyň alymlary Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň taryhçy talyplary we aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary üçin Köne Nusaý galasyna ekspedisiýa guradylar. Bu ýerde meşhur alym Wiktor Pilipkonyň ýolbaşçylygynda halakra arheologiki wekiller gözleg işlerini geçirýärler. 

Gelejekki gözleg geçirijiler ÝUNESKO-nyň Medeni miras sanawyna goşulan bu meşhur ýadigärlige bolan saparlarynyň dowamynda alymlara Parfiýa döwletiniň we onuň paýtagty Nusaý galasynyň taryhy barada özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermäge, gazuw-agtaryş işlerine gatnaşmaga, has takygy, hünärmenlerden bu zähmeti köp talap edýän işiň endiklerini we inçe syrlaryny öwrenmäge mümkinçilik aldylar. 

Ýurduň Milli muzeýinde parfiýa şalarynyň şekilleri şekillendirilen şaýy pullary, ussatlyk bilen ýerine ýetirilen heýkeljikler, heýkeltaraşlygyň aýratynlyklary, arhitektura bezegleriniň alamatlary, parfiýa ýazuw ýadigärligi bilen öňünden tanyşmak bilen, gözleg işlerine indi başlaýan talyplar şalaryň jaýlanan ýerleri, dini däp-dessurlaryň we köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerleri, tagtlar we sütünli zallar, köçeler we binalar bilen ýerinde tanyş boldular. Gezelenjiň üsti Nusaýyň ilatynyň durmuşy, dini ynamlary, medeniýeti we meşgullanan zatlary barada alymlaryň gyzykly habarlary bilen üsti ýetirildi. 

Sapaklarda we leksiýalarda alynan maglumatlar, türkmen halkynyň taryhy we medeni ýadigärliklerine aýlanyp görmek bilen alynan täsirleriň utgaşmagynda bilelikdäki ylmy döredijilik, alymlar bilen gadymy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň biri bolan Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý barada anyk ylmy we ajaýyp keşbi barada pikir alyşmak zehinli hünärmenleriň aňynda uly täsir galdyrdy. 

Alymlaryň we okuwçy ýaşlaryň eýýäm däbe öwrülen halypaçylyk däpleriniň çäklerinde şular ýaly Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek boýunça bilim we ylmy görnüşleriniň utgaşdyrylmagy ata watan barada, pederlerimiziň medeniýeti we umumyhalk işine dahylly dünjelu duýguly terbiýelemekde, türkmen halkynyň taryhy we medeni ýadigärliklerini öwrenmekde we wagyz etmekde, watana bolan söýgüni oýarmakda talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň çuňňur bilimleriniň üstüni ýetirdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Çet ýurt dilli kino berilýän Oskar ugrunda 71 ýurt

syrach

Daşoguz welaýatynda geçirilýän türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara

syrach