21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Medeni Miras Egsilmez Ösüşli Özgertmelere Kuwwat Beriji Güýç

Medeni Miras Egsilmez Ösüşli Özgertmelere Kuwwat Beriji Güýç

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi orta asyrlaryň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan zallaryň rejelenen sergisini görkezdi. Şu mynasybetli muzeýiň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow interwýu berdi:

– Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen häzirki 2016-njy ýyl biz – muzeý işgärleri üçin gyzgalaňly we şol bir wagtda-da üstünlikli ýyl boldy. Bu ýyl tamamlanýandygyna garamazdan, biz depginli işlerimizi dowam etdireris. Muzeýlerimiziň gapylary, hemişekiler ýaly, “ruhy durmuşyň saklanýan ýerine” gelmek isleýänleriň ählisi, gullukçy ýa-da okuwçy bolsun hemmeler üçin giňden açyk bolar. Sebäbi bu wajypdyr, çünki bize ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek zerur. Muňa bizi döwlet Baştutanymyz ugrukdyrýar.

Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan gymmatlyklaryň köpüsi bütin dünýä bellidir. Döwlet Baştutanymyz bilimizi guşap netijeli işlemäge hemme şertleri we mümkinçilikleri döretdi. Ine, ýakyn günlerde bolsa Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen ýylymyz tamamlanýar, ýöne biz asylly işlerimizi dowam etmekçi.

Hormatly Prezidentimiz mirasy öwrenmek hem-de wagyz etmek bilen baglanyşykly işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Ýöne biziň şu ýylky eden işlerimiz boýunça jemlemeli netijelerimiz hem köp.

Biz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, diňe öz ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da köp sergileri guradyk. Şeýle sergileriň biri Nýu-Ýorkda (ABŞ) Metropoliten muzeýinde ýaýbaňlandyryldy. Seljuklaryň eýýamyna bagyşlanylan bu sergide biziň muzeýimiziň gymmatlyklary üç ýarym aýlap görkezildi. Serginiň şeýle uzakmöhletli görkezilmegi biziň tejribämizde ilkinji gezek boldy. Sergide görkezilen gymmatlyklaryň arasynda biziň muzeýimiziň eksponatlary hem mynasyp orun tapdy.

Häzir Döwlet muzeýiniň Gadymy Marguş ýurdunyň eýýamyna degişli gymmatlyklary 2018-nji ýylda Germaniýanyň şäherlerinde görkezilmäge taýýarlanylýar. Bu sergi göçme häsiýetli bolar. Biz bu gün ýene-de orta asyrlar eýýamyna ýüzlendik. Bu ähli eksponatlar bizde ozal hem bardy, ýöne bu gezek biz sergini guramaga täzeçe çemeleşdik. Zalda görkezilýän toplumlara täze gymmatlyklary goşup, olaryň gurnalyşynda dizaýnerçilik çemeleşmäni üýtgetdip rejeledik. Biz hemişeki ýerlere möwritleýin goýulýan gymmatlyklarymyzy goýuşdyrdyk. Munuň özi görmäge gelýänlere arheologik tapyndylaryň mysalynda taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we senetçiligiň ösüşiniň barşyny synlamaga mümkinilik berýär.

Biziň öz içine alýan döwrümiz biziň eýýamymyzyň III asyryndan başlaýar hem-de XVII asyra çenli dowam edýär. Bu döwür irki orta asyr, orta asyryň iň ösen döwri, ýagny Renessans döwrüne hem-de giçki orta asyr döwrüne bölünýär. Orta asyrlary döwürlere bölüp, biz iki zalymyzy sergä taýýarladyk.

Biz Merwiň V asyrdaky görnüşi bolan dioramany, şeýle hem türkmen topragynyň görlüp-eşidilmedik gülläp ösüşe eýe bolan XII asyr görnüşini täzeden ýasadyk. XII asyrda Merw dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolupdyr. Bir milliondan gowrak adam ýaşan şäherde şol wagt iri kitaphanalar, medreseler, metjitler, ylym we bilim merkezleri bolupdyr. Şol döwürde medeni işler depginli häsiýetde bolup geçýär. Muňa şol wagtlar ýaşap geçen hem-de döreden ajaýyp alymlaryň, şahyrlaryň saklanyp galan golýazmalary subutnamadyr. Orta asyrlar ýadygärlikleri hem galypdyr. Olaryň arasynda Soltan Sanjaryň kümmedi aýratyn orun tutýar. Arheologlaryň çyzyp bermegi bilen onuň töweregindäki binalaryň anyk görnüşini dikeldip, biz binalaryň we desgalaryň tutuş toplumynyň dioramasyny döretdik.

Mundan başga-da, biz Merwiň dürli taryhy eýýamlardaky görnüşlerini döretdik. Türkmen halky orta asyrlar döwürlerinde 70-den gowrak döwletleri esaslandyrypdyr. Biz şolar barada-da muzeýimizde görkezmegi makul bilip, türkmenleriň Anadolydaky beglikleriniň bölegini görkezdik, Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletleri barada maglumatlary hem-de türkmenleriň şol döwründäki iň uly döwleti bolan Osman şalygy baradaky maglumatlary görkezdik. Ata-babalarymyz Hindistanda we beýleki sebitlerde-de döwletleri gurupdyrlar. Bular barada birinji zalymyzyň arheologik tapyndylary gürrüň berýär.

Ikinji zala biz başgaça çemeleşdik. Ol ýerde gymmatlyklaryň mysalynda Demirgazyk, Günbatar, Günorta we Gündogar Türkmenistan hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýerleri barada gürrüň berilýär. Demirgazyk Türkmenistandaky Köneürgenç türkmenleriniň gadymy döwleti barada örän köp maglumatlar getirilýär. Biz Horezm şalarynyň durmuşy, gadymy Gürgan şäheri (häzirki Köneürgenç),ýadygärlikler, ol ýerlerde ýüze çykarylan tapyndylar barada gürrüň berdik. Munuň üçin aýratyn dioramalary, fotosuratlary peýdalandyk.

Günbatar Türkmenistan barada aýdylanda, bu has hem gyzyklydyr. Gadymy Dehistan şäheriniň daş-töweregi taryhy gymmatlyklara örän baý. Arheologlar tarapyndan bu sebit heniz ýeterlik öwrenilmedik hem bolsa, ol ýerler tapyndylara we taryhy ýadygärliklere baýdyr. Biz şu zatlary hem täze ekspozisiýamyzda görkezmäge synanyşdyk.

Indi Günorta Türkmenistan barada. Bu bölekde Abiwerdde, Täze, Köne, Orta asyrlar Nusaýda hem-de orta asyr Änew şäherinde ýüze çykarylan tapyndylar bilen birlikde ajaýyp Seýitjemaletdin metjidi barada maglumatlar görkezilýär.

Gündogar Türkmenistan barada gürrüň berip, biz Amul şäheri barada maglumatlary berdik. Belli bolşy ýaly, bu ýerden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, Türkmenistan bolsa onuň merkezinde amatly ýerleşip, örän möhüm bölegi bolupdyr. Iki tarapa-da geçilende Türkmenistanyň şäherleriniň üstünden geçilipdir. Şol ýerlerde onuň taryhy subutnamalary saklanypdyr. Şolar barada biz öz ekspozisiýamyzda kartalaryň, ýazgylaryň, dürli gymmatlyklaryň üsti bilen gürrüň berdik.

Şeýle uly taslamany ýerine ýetirmek köp zähmeti talap etdi hem-de biz üçin uly mekdep boldy. Gelejekde biz bu möhüm işleri dowam etdireris. 2016-njy ýyl tamamlansa-da, biziň işimizde Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň dowam etdiriljekdigini gaýatalaýaryn. Sebäbi, halkymyzyň medeni, ruhy gymmatlygy – munuň özi häzirki zaman jemgyýetde egsilmez ösüşli özgertmelere kuwwat beriji güýç. Biz entegem köp işleri etmeli. gutaranok, häzirki ýylymyz gutarmagy bilen biz entek köp iş ederis. Bu ugurda çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bize berýän gymmatly görkezmeleri kömek edýär.

Biz dünýä medeniýetiniň we ylmynyň ösmegine, häzirki günlerimizde bolsa ykdysadyýetiň ösmegine-de türkmen halkynyň uly goşant goşandygyny we goşýandygyny bilýäris.

Degişli makalalar

Miras Žurnalyň Nobatdaky Sany Çykdy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Milli Muzeýiniň Ekspozisiýasy Bilen Tanyşdy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Halkara Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Bilen Duşuşygy