18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Medeniýet Hepdeligi 2015

Lebap welaýatyna dolandyryş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde möhüm çäreler geçirildi. Olar diňe Hepdeligiň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň medeni durmuşynyň ähmiýetli wakasyna öwrüldi.

Şu gün bu ýerde  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” we  “Ile döwlet geler bolsa” atly täze kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. 

Ýurdumyzyň medeniýetiniň  dürli ugurlarynyň aýratynlyklary hakynda gürrüň berýän bu täze eserler tutuş türkmen halky üçin joşgunly edebi sowgada öwrüldi. Ol biziň her birimizi mukaddes ruhy-ahlak gymmatlyklara hem-de taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge ýardam edýän milli däp-dessurlarymyza  aralaşdyrýar.

Hepdeligiň çärelerine gatnaşýan döredijilik işgärleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekillerini, medeniýet işgärlerini, daşary ýurtly myhmanlary ýygnan tanyşdyryş dabaralary welaýat kitaphanasynda, taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde  we S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze edebi eserleri bilen ilkinji tanyşlygyň  kitaphana, muzeý we teatr ýaly medeni ojaklarda geçirilmeginiň özboluşly manysy bar. Olarda geçirilen dabaralar adam kalbynyň belent we asylly duýgularyna beslendi. 

Türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, ajaýyp özboluşly däplerine çuňňur söýgüsi üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk bildirmek bilen dabaralara gatnaşyjylar kalplarynyň aýratyn  buýsanç duýgusyna beslenendigini bellediler. Sebäbi, olara milli Liderimiziň gymmatly bilimleri öz içine alýan we ynsan kalbyny tämizleýän täze kitaplarynyň ilkinji okyjylary bolmak bagty miýesser etdi. Bu hakykatdan-da şeýledir, çünki bu eserleriň awtorynyň ýazyşy ýaly, “Adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny, onuň medeniýetini we sungatyny bilmeginden başlanýar”.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns we goldaw bermegi  netijesinde bu gün milli medeniýetimiz täzeden galkynmak we ösmek üçin kuwwatly itergä eýe boldy. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ruhy-medeni taýdan ösmegine, ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garalmagyna, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň yzygiderliligine, milli däp-dessurlarymyzyň, ene dilimiziň özboluşlylygynyň saklanmagyna gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipe—milletiň baý taryhy medeni-mirasyny giňden wagyz etmek, diňe mirasdüşerler bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkyň döredijilik däplerini dowam etdirip we türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap, döwrüň ruhyna laýyk gelýän täze eserleri döretmek wezipesi durýar. 

Döwlet Baştutanymyz döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem olaryň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine aýratyn  üns berýär. Olaryň alyp barýan işi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna, ykdysady we gumanitar  kuwwatyna, belent ruhy däplerine we jemgyýetiň demokratik gymmatlyklaryna eýe bolan Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga gabat gelmelidir. 

Dabaralara gatnaşyjylar  ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, metbugat wekilleriniň netijeli işlemegi, bu ugurlar üçin hünärmenleri taýýarlamak, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak üçin gowy şertleri döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly ornuny bellediler.

Ýurdumyzda gurlan ajaýyp Ruhyýet köşkleri, muzeýleriň we kitaphanalaryň, teatlaryň, sungat mekdepleriniň we medeniýet öýleriniň täze binalary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmen operasy, teatr we sirk sungaty, kinosy hem täze ösüşine eýe boldular. Köpçülikleýin habar serişdeleriniň işi, şol sanda täze döwürleýin neşirleriň açylmagy netijesinde görnetin işjeňleşdi, paýtagtymyzda Döwlet neşirýat gullugynyň täze Metbugat öýi ulanmaga berildi. 

Bu ulgamyň maddy–enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek bilen bir hatarda döwlet Baştutanymyz kitaphanalaryň we muzeýleriň maglumat ulgamyny üpjün etmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Milletiň medeni baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş adamzat üçin uly gymmatlyga eýe bolan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we ösdürmek işinde  giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge  möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzda dürli festiwallar, sergiler we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Olara bolsa diňe biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem, daşary döwletleriň medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we ýaş zehinleri gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri öz nobatynda Türkmenistana daşary ýurtlarda hem mynasyp wekilçilik edip, halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam edýärler.

Ylmy we bilimi, medeniýeti we sungaty, gumanitar ulgamda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek hakynda edýän atalyk aladasy üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi. Bu ulgamyň milli çäkleri bolmaýar, çünki ruhyýetlilik—umumy ösüş düşünjesidir. Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly işine, hakyky alymyň tutanýerliligine buýsanç duýgularyny beýan etdiler. Gahryman  Arkadagymyzyň ylma we adamlara gulluk etmek wepalylygy diňe watandaşlarymyz üçin däl-de,  adamzadyň asylly maksatlaryny gazanmakda dünýä bileleşiginiň wekilleri üçin hem belent ýörelge bolup durýar.

Dabaralarda bellenilişi ýaly, halkyň mizemez agzybirligi, öz milli Lideriniň daşynda berk jebisligi häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Bu duýgular Garaşsyzlyk we Bitaraplyk, ruhy däp-dessurlar, medeni miras ýaly umumy düşünjä esaslanýar. Biziň döwrümizde—elektronika we internet döwründe hem öz ähmiýetini ýitirmeýän, parahatçylygyň, gözelligiň, ýagşylygyň we hakyky gymmatlygyň maksatlaryny berkarar etmegi dowam edýän Kitaba bolan garaýyş şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaplary döwürleriň we nesilleriň, türkmen medeniýetiniň taryhynyň we häzirki döwrüniň ülnüksiz arabaglanyşygy bilen  tapawutlanýar. Bu neşirler diňe hünärmenlere däl-de, eýsem, sungat we döredijilik dünýäsi bilen gyzyklanýan adamlara, kitaplaryň üsti bilen Türkmenistany oňat duýmaga we oňa düşünmäge, zehinli halkyň ýaşaýan bereketli ülkesini söýmäge ukyply dünýä gönükdirilendir.

Bu pikir dabarada edilen beýleki çykyşlarda hem beýan edildi. Çykyş edenler öz hünär işleriniň nukdaýnazaryndan halk döredijiliginiň ylmy, ulgamlaýyn seljermesine, köpasyrlyk däplere, häzirki zaman gazananlarynyň we açyşlaryň yzygiderliligine esaslanan, döwrüň zerur bolan bu neşirleriniň köp ugurly ähmiýetini açmaga synanyşdy.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň  möhümdigi barada aýtmak bilen, bu ýere ýygnananlar  döwlet Baştutanymyzyň medeniýet işgärlerine öz ylham joşgunyny  we döredijilik ussatlygyny häzirki zamanyň wakalalaryny döredijilik taýdan beýan etmäge bagyşlamak baradaky çagyryşyna döwrüň ruhyna we talabyna laýyk gelýän, täze taryhy döwrüň maksatlaryny beýan edýän, ýaşlary watançylyk, ruhy-ahlak we estetiki taýdan terbiýelemäge ýardam edýän, halkyň öz Watanyna bolan buýsanjyny artdyrýan täze neşirleri döretmek bilen jogap berjekdiklerini aýtdylar. Şunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ideologiýasyny kemala getirmekde uly orun eýeleýän edebi, teatr we kino işgärleriniň, suratkeşleriň, žurnalistleriň işine täze çemeleşmeleriň we özboluşly çözgütleriň, döredijilik gözleginiň möhümdigi bellenildi. 

Daşary ýurtly medeniýet işgärleri hem türkmen kärdeşlerini goldap, Lebapda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegine gabatlanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň nobatdaky nyşany boldy diýip bellediler.

Dabaralara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de  Türkmenistanyň Prezidentiniň milli medeniýeti täze derejä çykarmak we täze döwri döredijilik üstünliklerine beslemek baradaky tabşyryklaryny we maslahatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli bilimlerini we ukyp–başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şol üstünlikler bolsa türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, ägirt uly döredijilik kuwwatynyň çeper beýanyna öwrüler. 

Soňra S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda türki halklaryň medeniýet we sungat  ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Milli Liderimiziň ady agzalan kitaplarynyň sahypalarynda ýerleşdirilen, göýä dürli öwüşginli notalar boýunça  bu edebi eserleriň esasy pikiri—dürli döredijilik mekdepleriniň kemala gelmegi, milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň ösmegi we yzygiderliligi hakynda gürrüň berýän saz eserleriniň owazy bolup ýaňlanýar. Şolaryň durnuklylygy netijesinde milli medeniýetimiz dünýä siwilisaziýasynyň taryhynda mynasyp orny eýeledi…

Türkmen artistleriniň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň: Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň,  şeýle hem  Russiýanyň sebitleriniň–Başgyrdystanyň we Tatarystanyň aýdymçylarynyň her bir çykyşy tomaşaçylarda joşgun döredip we doganlyk halklaryň dostlugyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň simfoniki orkestriniň owazlary bilen utgaşdy. 

Sazyň jadylaýjy owazy, milli sazlaryň aýratynlyklary Azerbaýjanyň  M.F.Ahundow adyndaky opera we balet akademiki teatrynyň,  Abdylas Maldybaýew adyndaky Gyrgyz milli opera we balet  akademiki teatrynyň,  Stambulyň opera we balet döwlet teatrynyň, Gazagystanyň Jambyl adyndaky Döwlet filarmoniýasynyň ýanyndaky  “Sazgen sazy” döredijilik—etnografik toparynyň,  Tatarystan Respublikasynyň Gabdulla Tukaý  adyndaky Döwlet filarmoniýasynyň  aýdymçylarynyň ýerine ýetiriji ussatlygyna  sarpa goýýanlaryň kalbyny bendi etdi. 

Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň halk saz gurallary döwlet toparynyň dirižýory Ramil Gaýzullin we Özbegistandan “Abbos” toparynyň çeper ýolbaşçysy Rowşanjon Ýusupow diňleýjilerde uly täsir döretdiler. Olar kuraý we doýro ýaly milli saz gurallarynda ussatlyk bilen saz çalyp, belent saz sungatynyň nusgasyny görkezdiler. 

Türkmen we daşary ýurt sungat ussatlarynyň çykyşlary, olaryň belent watançylyk duýgusyna beslenen milli aýdymlarydyr sazlary,  gündogar äheňleri ajaýyp utgaşyp, sahnadan tomaçylar zalyna ornaşdy. Olar minnetdar tomaşaçylaryň kalbyny sazyň jadylaýjy owazyndan dolduryp, dowamly el çarpyşmalara mynasyp boldy.

Uly täsir galdyran bu konsert  tamamlanandan soň hem Türkmenabatda sazyň owazy ýaňlanmagyny dowam edýär. Bu ýerde Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türkmen we daşary ýurt artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň we konsert çykyşlarynyň giň gerimli döredijilik baýramçylygy giň gerime eýe bolýar. 

Degişli makalalar

Ýaşajyk Zehinleriň 56-sy Gulbaba Adyndaky Baýraga Mynasyp Boldular

turkmenhabargullugy

Unaş

Bişkek Şäherinde Çagalaryň Surat Bäsleşigi Geçirildi

syrach