21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistan Hytaý Beýik Ýüpek Ýoly

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň dunganöwreniş ylmy instituty we Pekiniň milli bilim ösüş assosiasiýasy bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly – dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Bitarpylygynň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň biri bolan bu wekilçilikli foruma, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler minstrliginiň işgärleri, döwlet ylmy-barlag institutlarynyň we işewürlik düzümleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň jogapkär işgärleri, belli hytaý alymlary, Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň wekilleri, Hytaýyň okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň yzygiderli geçirýän oňyn Bitaraplyk we açyk gapylar syýasaty häzirki zamanda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilip, giň goldawa eýe boldy. Bu strategiýa howpsuzlygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga, sebitde we dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin şertleri döretmäge, dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Mundan 20 ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasy türkmen döwletiniň ösüşiniň täze tapgyrynyň başyny başlady, munuň özi bolsa sebitiň döwletleriniň we onuň çäginden daşardaky döwletleriň üns bilen öwrenmegine mynasyp oňyn tejribäniň toplanandygyny aňladýar.  

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi jenap In Sunliniň, Hytaýyň Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky ozalky ilçisi jenap Çžan Çžiminiň çykyşlarynda belleýişleri ýaly, biziň ýurdumyzyň geografiki we geosyýasy taýdan amatly ýerleşişi, onuň pahahatçylyk söýüji Bitarap döwlet hökmünde orny, ony Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan Merkezi Aziýa sebitiniň bu giňişlikde kadalaşdyrmak we ylalaşdyrmak babatynda öňe çykýan aýratyn döwlet hökmünde tapawutlandyrýar. Geçen 20 ýyl Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ýurduň içerki durmuşynda, şeýle hem Türkmenistanyň öz dörediji we parahatçylyk işlerini doly amala aşyrmagy netijesinde halkara derejesinde iňňän netijeliligini äşgär etdi. 

Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji syýasatynda, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagynda, ýurduň çalt depginlerde ösmeginde, demokratik we ynsanperwer gymmatlyklarynyň esasynda dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşyna ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde işjeň gatnaşmagynda aýdyň ýüze çykýar. Bu gün oňyn Bitaraplygyň ýörelgeleri diňe bir Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemän, eýsem hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän netijeli başlangyçlarda aýdyň ýüze çykýan, syýasy durnuklylygy saklamaga gönükdirilen işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, oňyn halkara gepleşiklerini geçirmäge we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. 

Türkmenistanyň Baştutanyny we ähli türkmen halkyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejsine mynasyp bolmagynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, ylmy maslahata gatnaşyjylar şu ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýasynyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Munuň özi 1995-nji ýylda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň adybir Rezolýusiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Maslahatyň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy barada, türkmen-hytaý halklarynyň hormat-sarpa esaslanýan gadymdan gelýän gatnaşyklary hakynda, şeýle hem häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada tanyşdyrylyş çäresi geçiirldi. Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň belli professory jenap Hu Çženhuanyň Köneürgenjiň taryhy barasyndaky çykyşy, şeýle hem Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň professory hanym Minawer Habibullanyň medeni- ynsanperwer gatnayşklary barasyndaky çykyşlary ýygnananlarda has-da gyzyklanma döretdi. 

Bellenilişi ýaly, taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinde kök uran Beýik Ýüpek ýoly döwründe köpasyrlyk dostlugyň, ikitaraplaýyn amatly, deň hukukly hyzmatdaşlygyň berk binýadynda gurlan döwletara gatnaşyklary ýyl-ýyldan täze mazmuna eýe bolýar. Bu oňyn işlerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň arasyndaky birek-birege ynanyşmak gatnaşyklary uly ähmiýete eýedir. Soňky döwürde yzygiderli häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn ýokary we döwlet derejesindäki saparlaryň barşynda, taraplar ösen düzümli we kuwwatly serişde binýady bolan iki ýurduň mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagynyň möhümdigini tassyklaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň nobatdaky wajyp tapgyry hökmünde, Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň üstünlikli geçendigi aýratyn nygtaldy. Ýokary derejede geçen gepleşikler esasy strategiki ugurlary, şeýle hem uzak möhletleýin ösüşe gönükdirilen takyk wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda  gazanylan ylalaşyklar, häzirki wagtda  türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegine ýardam edýär. Iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösmegine, syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna bar bolan şertnamalaýyn hukuk binýady hem ýardam edýär.  

Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan aýtmaklaryna görä, döwletara gatnaşyklaryň ösmegine Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmasy, şeýle hem bilelikde gazanylan oňyn tejribeler oňat mümkinçilikleri döredýär.  Netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde, milli we halkara ähmiýetli durmuşa geçirilen onlarça uly taslamalar, şol sanda ХХI asyryň giň göwrümli taslamasy, möhüm halkara energetika köpürisi – Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisini görkezmek bolar. 

Ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlygy birek-biregi hormatlamak we jogapkärli çemeleşmek arkaly amala aşyryp, biziň döwletlerimiz diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem-de bolsa köptaraplaýyn görnüşde – uly halkara guramalarynyň we gurluşlarynyň, birinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň  çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň uly ähmiýetini belläp, Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji syýasatyna ýokary baha berdiler. 

Maslahata gatnaşyjylaryň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky tanyşdyryş çärelerinde bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda stratekigi derejä ýetirilendigi bellenildi. Häzirki wagtda Hytaý Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Mundan başga-da biziň ýurdumyzyň çäklerinde hytaý maýasynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirlýär. HHR-iň iri kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, telekommunikasiýa, ulag ulgamlarynda onlarça taslamalara gatnaşýarlar.

Oba hojalyk toplumynda, dokma, himiýa we azyk senagaty pudaklarynda, şeýle hem gurluşykda hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky energetika ulgamdaky hyzmatdaşlyk diňe bir ikitaraplaýyn ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady goşulyşmak işlerine oňyn täsirini ýetirýär we sebitleýin howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň we Hytaýyň şäherleriniň, welaýatlarynyň we sebitleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

“Bir ýol, bir zolak” ady bilen Ykdysady Ýüpek Ýolunyň döredilmeginiň taslamasynyň çäklerinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy  maslahatda garalan meselleriň biri boldy, onuň esasy wezipeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryna laýyk gelýär. Bu taslama Ýuwaş ummanynyň sebitinde ýerleşýän Aziýa ýurtlarynyň ählisini gurşap alýar we bir zolaga girýän döwletleriň söwda pudagyny ösdürmäge we olara maliýe kömegini bermäge, şeýle hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, düzümleri kemala getirmekde, maýa goýum işini giňeltmekde we medeni-innowasiýa alyşmalary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, gadymy Ýüpek Ýoluny täze görnüşde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşinde gaýtadan dikeltmek boýunça biziň ýurtlarymyzyň geçirýän netijeli işiniň ähmiýeti,  häzirki zaman halkara awtoulag, demir ýol we gaz geçirijileriň ulgamyny ösdürmek işleriniň ähmiýeti bellenildi. 

Ynsanperwerlik ulgamy ikitarpalaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanda, şeýle hem Hytaýda geçirilýän maslahatlara we okuw maslahatlaryna gatnaşmak arkaly döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekillerini alyşmagyň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Iki ýurduň alymlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklar ýola goýulýar. Çykyş edenler bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, häzirki wagtda HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň köp ugurlar boýunça bilim alýandyklaryny bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu forumda geçirilen neitjeli özara pikir alyşmalar türkmen Bitaraplygynyň häzirki döwürdäki barha artýan ähmiýetine göz ýetirilmegine, hususan-da, daşary syýasy başlangyçlary netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň oňyn tejribesiniň öwrenilmegine ýardam berer diýip ynam bildirdiler. Şonuň bilen birlikde, şu günki duşuşygyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň, biziň halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm sepgit boljakdygy bellenildi.

Pekin şäheriniň Dungan mekdebiniň mejlisler zalynda geçen “Türkmenistan- Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly –dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahatyň çäklerinde kitap sergisi guraldy, onda hormatly Prezidentimiziň ylmy işleri, şeýle hem Türkmenistan, onuň gadymy taryhy we medeniýeti, biziň ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitleri baradaky köpsanly neşirler görkezildi. 

Degişli makalalar

Aşgabatda BMG-niň Ählumumy Strategiýasyny Amala Aşyrmak Boýunça Sebitleýin Duşuşyk Geçirildi

Syýasat we Jemgyýet Žurnaly

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi