23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Mejlisiň Deputatlarynyň Möhletinden Öň Çykyp Giden, Şeýle Hem Halk Maslahatlarynyň we Geňeş Agzalarynyň Dalaşgärlerine Şahadatnamalar Gowşuryldy

Mejlisiň Deputatlarynyň Möhletinden Öň Çykyp Giden, Şeýle Hem Halk Maslahatlarynyň we Geňeş Agzalarynyň Dalaşgärlerine Şahadatnamalar Gowşuryldy

Möhletinden öň çykyp gidenleriň aýry-aýry saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde degişli saýlaw toparlarynda bellige alnan dalaşgärlere dabaraly ýagdaýda bellenilen nusgada şahadatnamalar gowşuryldy.

Demokratik partiýadan we raýatlaryň teklipçiler toparyndan Aşgabat şäherinde 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy boýunça hem-de Mary welaýatynda 106-njy “Wekil” saýlaw okrugy boýunça degişlilikde Mejlisiň deputatlygyna jemi 2 dalaşgär bellige alyndy.

Jemi 175 okrug boýunça Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň halk maslahatynyň agzalygyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesiniň Geňeş agzalygyna, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Döwletli zaman şäherçesiniň, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Pürnüwar geňeşligine, Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy geňeşligine, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligine dalaşgärleri, şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 389-sy bellige alyndy. Olaryň ählisi Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar pariýanyň welaýat, etrap we şäher guramalary, ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipçiler toparlary tarapyndan görkezildi.

Ähli okruglarda bir ýere birnäçe dalaşgär hödürlenilýär, munuň özi saýlawlaryň bäsleşiklik esasynda geçirilýändigi hem-de Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda demokratik ýörelegleriň çuňlaşdyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saýlawlara milli synçylaryň gatnaşmagy bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň aýanlyk ýagdaýynda geçirilmegine ýardam berer.

Dalaşgärleriň bilim we hünär derejesi ýokarydyr – olaryň aglabasy ýokary hünärli hünärmenler bolup, ykdysady ulgamda, oba we suw hojalygy pudaklarynda, ýangyç-energetika toplumynda, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda, döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda işleýärler, syýasy partiýalaryň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň we ýaşlar guramalarynyň işjeňleri bolup durýarlar. Dalaşgärleriň hatarynda ýurdumyzda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri bar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde hakyky halk häkimlik ýörelgelerini pugtalandyrmak, giň halk köpçüligini döwlet işlerine gatnaşdyrmak, raýatlarymyzyň Watanymyzyň ykbaly ugrunda jogapkärçiligini ýokarlandyrmak möhüm bolup durýar we şunuň bilen baglylykda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.

Häzirki wagtda dalaşgärler bilen duşuşyklara işjeň taýýarlyk görülýär, duşuşyklaryň barşynda saýlawçylar dalaşgärler, olaryň saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamalarynyň düzgünleri bilen tanşarlar, olaryň şahsy we hünär sypatlary barada köp maglumatlary alarlar, döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we özgertmeleriň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ähli saýlawçylara hödürlenilen dalaşgärlere ekrin we hemmetaraplaýyn baha bermek, her bir dalaşgäriň işjeň we şahsy häsiýetleri bilen tanyşmak we 21-nji maýda öz garaýyşyna görä ses bermek hukugy üpjün edilýär.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Watanymyz Üçin Ýokary Hünärli Harby Işgärler

Tebigatyň şypa beriji güýjüniň goragynda.

syrach

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach