26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Mejlisiň Kada-Kanunçylyk Baradaky Komitetiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedow Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirdi

Mejlisiň Kada-Kanunçylyk Baradaky Komitetiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedow Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň ynam bildirip saýlanlaryny– Mejlisiň deputatlaryny ýerlerde saýlawçylar bilen işjeň gatnaşyk etmäge, olaryň gündelik iş-aladalary, islegleri we meseleleri bilen gyzyklanyp durmaga, şol meseleleri çözmäge anyk kömek bermek üçin ýagdaýlary bilmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna ýardam bermäge, raýatlary döwlet işlerini dolandyrmaga çekmäge, olaryň hukuk we syýasy medeniýetini ýokarlandyrmaga yzygiderli çagyrýar.

Ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň öz saýlawçylary bilen duşuşygy geçirildi.

Deputat bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikleri arzuw edip, ýakyn döwür üçin öňde duran wezipeleri, hususan-da, Kaka etrabynda maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde meýilleşdirilen işler barada gürrüň berdi. Şol işleriň hatarynda ozal hereket edýän desgalaryň we bilim edaralaryň durkuny düýpli täzelemek, häzirki döwrüň oňaýly täze ýaşaýyş jaýlaryny, dürli durmuş we senagat desgalaryny gurmak işleri bar. Mundan başga-da, dokma fabriginiň, çagalar baglarynyň we çaga dogrulýan öýleriniň bina edilmegi göz öňünde tutulýar. Bu maksatlaryň durmuşa geçirilmegi bilen goşmaça iş orunlary hem dörediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar deputata özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler hem-de öz arzuw-islegini we tekliplerini aýtdylar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň halkyň durmuşynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini, ykdysady we durmuş ösüşini, Watanymyzyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýändigini aýratyn bellediler.

Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ösüşiň netijeli milli nusgasy döredildi. Şol nusgada döwlet gurluşynyň ýörelgeleri adamyň hukuklarynyň we erkinlikleriniň goralmagy, jemgyýetiň döredijilik güýjüniň höweslendirilmegi, raýat institutlarynyň kuwwatynyň açylmagy bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar milli Liderimiziň syýasatynyň durmuş ugurlydygyny doly beýan edýär.

Çykyş edenler öz saýlaw okrugyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna mynasyp wekili saýlandyklaryny kanagatlanma bilen bellediler. Ol ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyp hem-de söhbetdeş bolup, olaryň durmuş aladalary bilen gyzyklanyp, halkyň isleg-arzuwlaryny diňläp hem-de bellige alyp ynam gazandy. Duşuşyga gatnaşyjylar durmuş meseleleriniň çözülmegine berýän kömegi üçin öz deputatyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Duşak şäherçesinde Keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň we beýleki desgalaryň ýakynda açylyp ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. (TDH)

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti Bilen Duşuşdy

syrach

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 10-njy Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Eminleri…

Täze Önümçilik we Durmuş Maksatly Desgalar-Watanymyzyň Abadançylygynyň Nyşanlary