18.9 C
Aşkabat
19.05.2024
DURMUŞ

Mekdep Okuwçylarynyň Tomusky Dynç Alşy

Türkmenistanyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş badalga aldy. Gökderede, Awazada we welaýat merkezlerinde ýerleşen sagaldyş merkezleri eýýäm körpeleriň ilkinji tapgyryny kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, çagalaryň boş wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň sany barha artýar. Döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň tomusky dynç alyş möwsümini oňat geçirmegi, Köpetdagyň ajaýyp jülgelerinde hem-de Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda–“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda göwnejaý dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin alada edýär.

Däp bolşy ýaly, Aşgabatda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Şol ýerde tomus paslynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň 7 müňden gowragy tomusky dynç alyş döwrüni geçirer. 

Paýtagtymyzdaky çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada köpçülikleýin aýdym-sazly  çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Şadyýan aýdymlar we joşgunly tanslar, şatlykly sahna oýunlary meşhur çagalar döredijäilik toparlaryndan işjeň dynç almagy halaýan körpeler üçin döredijillik sowgady boldy. 

Paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň mekdep okuwçylary baýramçylyk lybasyna beslenen ulaglara tarap ugranlarynda hem aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Biraz wagtdan soň ulaglar çagalary ajaýyp  sagaldyş we dynç alyş merkezlerine getirdi. Şol ýerde bu merkezleriň 14-si hem körpeleri kabul etmäge doly taýýar edildi. 

Gökderedäki çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezleriniň çäklerinde ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan, obadyr şäherlerinden dynç almaga gelen müňlerçe mekdep okuwçylaryilki bilen bilelikde dabaraly ýöriş geçirdiler.  Onda türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşbine giren okuwçylar ajaýyp döwrümizi wasp edýän  aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ähli ulgamlardaky, hususan-da, bilim ugrunda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri wasp edýän häzirki zaman aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.   Şeýle dabaraly hem-de giň möçberli ýagdaýda geçirilýän bagtyýar çagalaryň bu ýörişi häzirki döwürde Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.    

Soňra  tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna gelen mekdep okuwçylary çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ähli amatly şertler döredilen binalarynyň otaglarynda ýerleşdiler. 

Soňra çagalar özlerine niýetlenen ýerde ýerleşdiler. Şondan soň dynç alýan körpeleriň  höwesinden ugur alnyp, döredijilik we sport toparlary döredilip başlandy. Çünki ýene-de sanlyja günlerden döredijilik duşuşyklary we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar başlanar. Bu çäreler ähli merkezlerdäki çagalary birleşdirer. 

Ösüp gelýän nesliň dynç alyş günleriniň dürli görnüşli we  gyzykly  çärelere baý bolmagy üçin  çagalaryň ygtyýaryndaky döwrebap sagaldyş merkezleri  ähli mümkinçiliklere   eýedir. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde dürli oýunlary oýnamak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen ajaýyp meýdançalar, tans zallary, kompýuter tehnologiýalarynyň muşdaklary üçin merkezler, el işleri üçin gurnaklar, teatr we şekillendiriş sungatynyň studiýalary ýerleşýär, baý kitap gaznaly kitaphanalar işleýär. 

Hemişe bolşy ýaly, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň – Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Sport baradaky   döwlet komitetiniň hünärmenleri, iri jemgyýetçilik hem-de beýleki guramalaryň wekilleri çagalaryň göwnejaý dynç almagyny guramaga öňünden taýýarlyk gördüler.     

Olaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde tomusky dynç alşyň her bir tapgyrynda dynç alyş merkezlerinde dürli bäsleşikler,  çagalar çeper höwesjeňler toparlarynyň, dürli döwlet we halkara derejesindäki döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň gatnaşmagynda konsertler guralar. 

Şeýle hem dynç alyş merkezlerinde medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Merkezlerde belli sahna ussatlarynyň – meşhur teatr we sirk, aýdym-saz  toparlarynyň çykyşlary bolar. Çagalar üçin ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp ýerlerine gezelençler guralar. Körpeler taryhy –medeni ýadygärliklere, paýtagtymyzyň muzeýlerine, dynç alyş merkezlerine baryp görerler.

Bir söz bilen aýdylanda, Gökderedäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç aljak çagalara gyzykly çäreler garaşýar. Birinji  tapgyryň başlanmagy bilen bu çärelere badalga berildi.

Awazadaky şypahanalarda we welaýatlardaky çagalar dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem mekdepleriň ýanynda döredilen meýdançalarda körpeleriň dynç alşy örän gyzykly bolar. Olarda her tapgyrda çagalaryň jemi 27 müňe golaýy kabul ediler. Däp bolşy ýaly, tomusda  okuw şäherjiklerinde ýaşaýan ýerleriniň golaýynda  şadyýan we gyzykly dynç almagy halaýan çagalar üçin dürli çäreler, şol sanda bäsleşikler, duşuşyklar, sport ýaryşlary we beýleki çäreler  guralýar. 

Degişli makalalar

Köpetdagyň Eteginde Döwrebap Bejeriş-Sagaldyş Toplumy Bina Edilýär

Türkmendemirýollary: Ýolagçy Ýany Bilen Näçe Kilogram Goş Äkidip Biler?

Mary Halkara Howa Menziliň Taryhy

turkmenhabargullugy