11 C
Aşkabat
28.03.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Mary Halkara Howa Menziliň Taryhy

Mary halkara howa menziliniň taryhy 1968-nji ýyldan gözbaş alyp gaýdýar. Şol ýylda Aşgabat– Mary–Aşgabat ugry boýunça LI-2, IL-14, IL-18 howa gämilerinde yzygiderli gatnawlar ýerine ýetirilip başlanýar. Howa menzilinde esasy ulanylýan howa gämileriniň biri hem AN-2 uçary bolupdyr. AN-2 uçarlarynda Mary halkara howa menzilinden welaýatlara yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirilipdir. Marynyň aýratyn eskadriliýa birleşmesiniň uçarmanlar topary, ulag gatnawlaryndan başga-da oba hojalyga hem uly goşantlaryny goşupdyrlar. 1978-nji ýylda 2 sany uçuş-gonuş zolaklary gurulýar. Şol ýylda ýolagçy terminalynyň hem durky täzelenip, AN-24 uçarlarynda yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazananyndan soň, Raýat awiasiýasynyň täze eýýamy başlanýar. Boeing kompaniýasynyň ýokary rahatlylykly howa gämileri satyn alynýar. Döwlet awiasiýasynda, howa gämileriniň birnäçe täze ugurlary boýunça gatnawlar açylýar. Köpçüligiň isleg bildirýän ulagynyň biri bolup, Raýat howa floty gatnawlaryň ýokary depginli ösüşleri üpjün edýär.

Çeşme: maryairport.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň Ýokary Derejedäki Duşuşygyna Gatnaşdy

Azyk Bolçulygy Obasenagat Toplumyny Döwrebaplaşdyrmagyň Baş Maksadydyr

turkmenhabargullugy

(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär