18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar ösdürilýär.

Aşgabatda Uly Warşawa sirki öz gastrolyny dowam etdirýär, onuň çykyşlary her gün minnetdar tomaşaçylaryň köp bolmagynda şadyýan we dowamly elçarpyşmalary astynda geçýär.

Polýak sirk toparynyň artistleri üçin munuň özi aşgabatly tomaşaçylar bilen ilkinji duşuşyk däldir. Birnäçe ýyl mundan öň düýpli durky täzelenenden soň Aşgabatda Döwlet sirkiniň 2010-njy ýylyň 23-nji aprelindäki dabaraly açylyşyna bagyşlanan baýramçylyk sirk maksatnamasynda çykyş etmek bagty miýesser etdi, sirkiň açylyş dabarasyna milli Liderimiz, Türkmenistanda milli sirk sungatynyň dikeldilmeginiň başyny başlaýjy we ony ruhlandyryjy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen milli medeniýeti döredijilik işgärlerine we sungat ussatlaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ruhlandyryjy tagallalary netijesinde gülläp ösüş we täze gözýetimler döwrüne gadam urdy. Şunda medeniýetli dynç almagyň häzirki zaman industriýasynda ägirt uly orny eýeleýän hem-de biziň ýurdumyzda öz ösüşinde täze itergi alan sirk sungatyna uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň atalyk aladasy netijesinde sungatyň bu görnüşi bilen meşgullanmaga we ony dünýä derejesine çykarmaga, daşary ýurtly sirk toparlary bilen döredijilik tejribesini alyşmaga isleg bildirýänler üçin ähli şertler döredilýär.

Polýak toparynyň häzirki çykyşlary ýene-de sirk sungatynyň muşdaklary we aýratyn hem olaryň esasy tomaşaçylary bolan çagalar tarapyndan mähirli garşylandy.

Uly Warşawa sirki dünýäde has giňden mälimdir. Onuň direktory, hünärli sirk artisti Erži Koziakyň TDH-a interwiýusynda gürrüň berşi ýaly, topar 1964-nji ýylda ilkinji gezek gastrola çykdy. Sirkiň elli ýyla golaý taryhynda onuň artistlerine Russiýada, Wengriýada, Şwesiýada, Şweýsariýada, Gollandiýada, Angliýada, Finlýandiýada, Fransiýada, Ispaniýada, Germaniýada, Daniýada, Ýaponiýada, Rumyniýada, Ukrainada, Belarusda, Litwada, Gazagystanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda mynasyp el çarpdylar, bu sirk aprel aýynda ýarym asyrlyk toýuny belläp geçer.

Polýak sirkiniň artistleri Aşgabada nobatdaky gezek gelenlerinde täze iki sagatlyk çykyşy getirdiler, dört aýakly artistleriň-iki örküçli düýeleriň, şotland atlarynyň we hindi pilleriniň gatnaşmagy bilen bolan çykyşlar onuň esasyny düzdi.

Sirk çykyşyna diňe bir hünärli artistler – ekwilibristler we gözbagçylar, akrobatlar hem-de howa gimnastikaçylary, özboluşly žanryň ussatlary hem-de masgarabazlar däl-de, eýsem gönüden-göni tomaşaçylaryň özleriniň hem gatnaşýandygy guwançlydyr, olar maksatnamanyň ssenarisine laýyklykda özleri üçin duýdansyz ýagdaýda sahnada peýda bolýarlar hem-de şadyýan çykyşa gatnaşyjylara öwrülýärler.

Gepiň gerdişine görä aýdylsa, arakesme mahaly hem körpe tomaşaçylar üçin sirkiň artistleri ýörite maksatnamany taýýarladylar. Bu döredijilik “arakesmesiniň” dowamynda çagalar islegleri boýunça özlerini çapyksuwarlaryň ornunda duýup we at çapyp, özboluşly paraşýutda sirkiň gümmeziniň astynda gaýyp, ägirt uly, ýöne örän dostlukly we mähirli piliň ýanynda ýadygärlik üçin surata düşüp bilerler.

Çykyşyň ikinji bölümi ýene-de tomaşaçylary Sirk diýlip atlandyrylýan bu hakyky jadyly sungatyň haýran galmaly dünýäsine alyp gidýär.

Uly Warşawa sirkiniň artistleriniň Aşgabatdaky çykyşlarynyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam etjekdigini hem belläp geçmeli.

Dünýäde meşhur sirk we teatr toparynyň, estrada “ýyldyzlarynyň” biziň ýurdumyza gastrollary, şekillendiriş sungatynyň daşary ýurtly ussatlarynyň gatnaşmagy bilen çeperçilik sergileriniň geçirilmegi – bularyň hemmesi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ähli medeni-ruhy durmuşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan medeni-gumanitar ulgamda ýurdumyzyň yzygiderli ösýän halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.


Degişli makalalar

Türkmenistan we Gazagystan Häzirki Döwrüň Möhüm Meseleleri Boýunça Birmeňzeş Garaýşa Eýedir

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Premýer Ministrine Hat Iberdi

syrach

Türkmenistanda Adam Söwdasynyň Meseleleri Boýunça Maslahaty Geçirildi

syrach