29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Milli Liderimiz Gadyr Gijesi Mynasybetli Agzaçar Sadakasyny Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gadyr gijesiniň gelmegi mynasybetli Marydaky Gurbanguly hajy metjidinde öz serişdeleriniň — ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna agzaçar sadakasyny berdi. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, hormatly ýaşulular hem-de sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmen halky Oraza aýyna aýratyn hormat-sarpa bilen garap, gadymy döwürlerden bäri ony mukaddes aý hasaplaýar. Asylly işleri hem-de rehim-şepagatlylygy amala aşyrmaga çagyrýan bu mukaddes aýyň her bir gününde biziň ildeşlerimiz asylly däp-dessurlary berjaý edipdir, beden we ahlak taýdan päklenmäge, ruhy taýdan täzelenmäge üns beripdir. Milli däp-dessurlara hem-de asylly ýörelgelere laýyklykda şäherlerde we obalarda agzaçar sadakalary berilýär, ýakynlaryň we dogan-garyndaşlaryň saglygy, bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň abadançylygy we halkymyzyň jebisligi barada dileg edilip, aýat-doga okalýar.

Metjitler musulman dünýäsinde ylym we bilim merkezleri bolup, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň jemlenýän ýeri bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz şu günümizi we geljegimizi şöhratly ata-babalarymyzyň miras goýan ynsanperwer kanunlaryna hem-de belent ahlak çelgilerine laýyklykda gurýarys. Ýurdumyzda bina edilýän dini desgalar jemgyýetde raýat ylalaşygyny berkitmäge hem-de milletiň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň dowamatlylygyna hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, mähriban Arkadagymyzyň tagallasy we hemaýat-goldawy bilen Marynyň Gurbanguly hajy metjidiniň durky düýpli täzelenildi. Şeýlelikde, bu kaşaň binanyň daşky görnüşi we içki bezeg aýratynlyklary ýokary ülňülere laýyk derejede ýerine ýetirildi. Bu bolsa metjidiň şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegini we onuň milli binagärlik ýörelgelerine laýyk derejedäki gözelligini üpjün etdi.

Metjidiň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň binagärliginiň öňdebaryjy tejribesiniň utgaşdyrylmagy binanyň özboluşlylygyny şertlendirdi. Ol köpöwüşginli ajaýyplygy bilen haýrana goýýar. Metjidiň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy, döwrebap yşyklandyryş ulgamy bu desga, gündizlerine bolşy ýaly, agşamlaryna hem aýratyn kaşaňlyk çaýýar.

Şu günki waka mynasybetli hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýerde berýän agzaçar sadakasynyň hatyrasyna milli Liderimiziň 2016-njy ýylda Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, haj parzyny berjaý eden pursadynda çuňňur hormatyň nyşany hökmünde berlen teperrik Gurbanguly hajy metjidine goýuldy.

Asyrlaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik ýörelgeleri türkmen halky üçin beýik maksatlara tarap ynamly öňe gitmekde mizemez erk-islegiň we güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Milli däp-dessurlaryň aýratyn gymmatlygy olaryň nesilleriň we eýýamlaryň dowamatlylygyny üpjün edýändigi, ýaşlary ululara hormat goýmak, ruhubelentlik ýörelgelerinde terbiýelemek bilen baglanyşyklydyr. Şolar türkmenleriň dünýägaraýşynyň hem-de ahlak ýörelgeleriniň esasyna öwrüldi.

Agzaçar sadakasyna gatnaşýanlar mukaddes teperrige togap edip, «Okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, biziň ýurdumyz hemişe asuda bolsun! Goý, biziň halkymyz milli Liderimiziň daşynda has-da mäkäm jebisleşip, hemişe abadan we agzybir ýaşasyn!» diýip, ýagşy dilegleri etdiler.

Jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny pugtalandyrmak we ahlak kämilligini gazanmak ýolunda mundan beýläk-de öňe ilerlemek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däplerini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Beýik taryhymyzyň sahypalarynyň şaýatlyk edişi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda baý medeniýeti, ajaýyp däp-dessurlary döreden halkymyz keremli aý hökmünde Oraza aýyna we haýyr-sahawatyň mübärek gijesi hökmünde Gadyr gijesine aýratyn hormat goýup gelýär. Bu gün bolsa milli Liderimiz Marydaky Gurbanguly hajy metjidinde Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli öz serişdeleriniň hasabyna agzaçar sadakasyny berdi. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň mynasyp derejede dowam edýändiginiň subutnamasydyr.

Ata-babalarymyz Remezan aýyny aýlaryň ýagşysy, Gadyr gijesini gijeleriň serweri hasaplapdyrlar. Ony agzybirlikde, ýagşy niýetler, iň gowy umyt-arzuwlar bilen garşy alypdyrlar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belent ruhy-medeni gymmatlyklaryň esasynda ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmäge, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmäge uly üns berýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň ynsanperwer däpleri häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşýar.

Häzirki wakalara dolanyp gelip, agzaçar wagtynyň ýetip gelmegi bilen sadaka gatnaşyjylaryň agşam namazyny okandyklaryny bellemek gerek.

Soňra bu ýere ýygnananlara Gadyr gijesiniň hormatyna taýýarlanylan türkmen aşhanasynyň naharlary hödür edildi. Agzaçara gatnaşanlar dürli tagamlardan dadyp, milli Liderimiziň beren sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň bolmagyny, halkymyzyň agzybirligini, milli Liderimize berk jan saglygyny we üstünlikli işlemegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün berýän sadakasyny kabul etmegini Beýik Biribardan dileg edip, aýat-doga okady.

Mukaddes Oraza aýynda hem-de sahawatly Gadyr gijesinde eziz Watanymyzyň röwşen geljegi, bagtyýar we asuda durmuş üçin edilen doga-dilegler, agzaçar sadakalary Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

TDH

Degişli makalalar

«Ösüşiň Täze Belentliklerine Tarap» Diýen Ýygyndynyň Nobatdaky Jildi

turkmenhabargullugy

TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDAKY RAÝATLARYNYŇ DYKGATYNA!!!

Adam Hukuklaryny Goramak Döwlet Syýasatynyň Ileri Tutulýan Ugrudyr

syrach