15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Milli Liderimiziň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

Mart aýyndaky wakalar dürli ugurlara bagyşlanyp geçirilen sergiler, maslahatlar, okuw maslahatlary, syýasy we işewürlik duşuşyklary, medeni we halkara derejeli beýleki möhüm ähmiýetli çäreler bilen birlikde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmeginiň bähbidine “açyk gapylar” we giň, gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýan syýasatyny durmuşa geçirmekde işjeňlik görkezýändigini äşgär etdi.

Şu ýyllarda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny netijeli halkara gatnaşyklaryna gönükdirmek arkaly toplan tejribesine tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan içgin üns berilýär.

Martyň başynda Aşgabatda sebitiň bilermenleriniň “Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky parahatçylyga hem-de durnuklylyga degişli meseleler: Bitarap Türkmenistanyň garaýyşlary” atly maslahatyň geçirilmegi munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol maslahat şu ýylda bellenilýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde hem-de “Parahatçylygyň bähbidine  hyzmatdaşlyk” atly maksatnamanyň çäklerinde NATO bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy  mynasybetli   guraldy. 

Maslahata gatnaşyjylar  ýurdumyzyň sebitde, hususan-da, goňşy Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny belläp, Aşgabatda Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bilen, Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy hem-de yzygiderli ösüşi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän parahatçylygy dörediji uly merkeze öwrülendigini nygtadylar.

Ýeri gelende aýtsak, şonuň yzysüre Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi BMG-niň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Maksatlaýyn topary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ÝHHG-niň serhetüsti howplarynyň meseleleri boýunça departamentiniň terrorçylyga garşy düzümi bilen bilelikde “Terrorçylyga garşy göreşmek maksady billen, serhetleri goramak we dolandyrmak” diýen üç günlük sebit maslahaty guraldy. Oňa Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň wekilleri hem-de halkara we sebit guramalarynyň bilermenleri gatnaşdylar. 

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň nobatdaky, 23 ýyllygy mynasybetli 2-nji martda Halkara ynsanper ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen maslahatyň barşynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljegi  ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistan halkara gatnaşyklaryny ýylsaýyn giňeldip, syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlyk bilen birlikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini ileri tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň barşynda Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygyndaky işewür durmuşynyň merkezleriniň   biri hökmünde  ykrar edilen Stambul şäherinde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty şonuň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi.

Oňa gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi dünýäniň 50-ä golaý ýurdunyň işewür toparlarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň 10-dan gowragynyň köpugurly ykdysady kuwwata  we serişdelere eýe bolan ýurdumyz bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türk-türkmen işewürlik geňeşi tarapyndan bilelikde guralan bu maslahat  ýurdumyzyň gazananlarynyň we üstünlikleriniň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döreýän mümkinçilikleriň  dünýä bileleşigine görkezilmegine, daşary ýurt kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna çalt goşulyşmagy üçin daşarky maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir.

4-5-nji martda Stambulda geçirilen iki günlük    maslahatda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary gyzyklanma bildirýän maýadarlar bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Şunda maýadarlar ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini hem-de dürli ugurlar boýunça täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdiler. 

Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürk duşuşyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri äşgär etmek üçin oňaýly mümkinçilik döredýär. Şol aýda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Aşgabada döwlet saparynyň geçirilen günlerinde türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirilip, iki ýurduň özara peýdaly işewür gatnaşyklarynyň ösdürilmegini maksat edinýändigini görkezdi.

Ýeri gelen aýtsak, Eýranyň Lideriniň Türkmenistana saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri hem geçirilip, ýakyn goňşy döwlet bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine içgin üns berilýändigini aýdyň görkezdi. Dostlugyň we döredijiligiň uly baýramçylygyna öwrülen bu giň gerimli medeni çäre Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.

Türkmenistana gelen dostlukly ýurduň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we yslam gatnaşyklary boýunça guramanyň ýolbaşçysy Abuzar Ebrahimi Torkaman Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşyga gatnaşyjylar soňky ýyllarda döwletara hyzmatdaşlygynyň, aýratyn-da medeni-gumanitar ugurda  gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, nobatdaky medeni çäräniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine önjeýli goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

4-5-nji martda türkmen wekiliýeti Hazaryň meseleleri boýunça ýörite iş toparynyň Baku şäherinde geçirilen nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Kenarýaka döwletleriniň bäşisiniň wekilleri şu ýyllarda edilen işleriň möhüm ähmiýetlidigini aýdyp, meseleleriň bilelikde ara alnyp maslahatlaşylmagynyň taraplaryň garaýyşlaryny has-da ýakynlaşdyrmaga hem-de özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam  berendigini bellediler. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary täsin galdyrýan umumy  deňziň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça ylalaşykly çözgüdi çalt işläp taýýarlamagyň örän möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň Hazarda halkara hyzmatdaşlygy boýunça göwnejaý şertleri kepillendirýän esasy resminama hökmünde Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň oňaýly nusgasynyň işlenip düzülmegine ygrarlydygyny tassykladylar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyz dünýäniň syýahatçylyk pudagyna üstünlikli goşulyşmak arkaly,  her ýylda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisine yzygiderli gatnaşýar. “ITB Berlin – 2015” atly sergidäki türkmen bölüminde ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyna degişli esasy kärhanalarynyň owadan diwarlyklary sergä gelenlerde, syýahatçylyk bilen ugurdaş pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle içgin gyzyklanma bildirilmegini  Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) ýakyn onýyllyklarda Aziýa sebitine, şol sanda Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň ep-esli artjakdygy baradaky çaklamany öňe sürýändigi bilen düşündirmek bolar.

Muňa häzirki döwürde ulag düzüminiň döredilmegi-de degerli ýardam berýär. Bu ugry ösdürmek döwlet derejesinde ileri tutulýan meseleleriň hatarynda durýar.

6-njy martda Daşary işler ministrliginde Demir ýollar boýunça hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy jenap Tadeuş Şozda tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýeti kabul edildi.  Duşuşygyň barşynda guramanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn- hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere garaldy. Taraplar Demir ýollar boýunça hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistanda esasy mejlislerini geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň häzirki we täze açylan ugurlar, hususan-da, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara  demir ýoly arkaly ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly  meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  

9-17-nji mart aralygynda Awstriýanyň paýtagty Wenada Neşe serişdeleri boýunça toparyň 58-nji mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň wekiliýeti gatnaşdy. Dünýäniň 123 döwletiniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň gün tertibine neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy serişdeleriň  bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, şeýle hem 2016-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň neşe serişdeleri boýunça ýörite mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler girizildi. Şol ýörite mejlisde dünýä bileleşiginiň neşe serişdeleri boýunça ählumumy howpa garşy göreşiniň strategiýasy kesgitlener.

14-nji martda türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisinň geçirilmegi geçen aýdaky möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýetiniň saparynyň barşynda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň,  işewür toparlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. 

16-njy martda Türkmenistanda Polşa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mark Salk işläp ugrady. Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň wekili Türkmenistanyň içeri we daşary  syýasatynyň ugurlary bilen tanyşdyryldy hem-de şunda dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugur bolup durýandygy bellenildi. Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda-da möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

17-nji martda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Polşanyň hojalyk edarasy tarapyndan guralan türkmen-polýak işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen Polşa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet ministri jenap Ýanuş Pehoçinski bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen döwletiniň serişdeler babatda we ykdysady taýdan örän uly kuwwata  eýe bolmagynyň, onuň ynamly ösüş gazanmagynyň Polşanyň işewür toparlarynyň ysnyşykly hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga içgin gyzyklanma bildirmegini şertlendirýändigi nygtaldy.

19-njy martda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasy tarapyndan türkmen-koreý işewürler maslahatyna gatnaşyjylar garşylandy. Oňa “LG International Corp.”, “Hyundai Engineering Co., Ltd”, “DAEWOO INTERNATIONAL   CORPORATION”, SK  C&C, DGI (Digital Graphics Incorporation)”, “Clobal Aziýa Trading Co.” ýaly belli kompaniýalaryň wekilleriniň  gatnaşmagy koreýaly işewürleriň geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazaryna gatnaşygyny giňeltmek babatda bildirýän gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.

16-njy martda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Hytaýyň Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri geçirilip, soňky ýyllarda strategiki derejä ýetirilen özara peýdaly  hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy, ykdysady, energetiki we gumanitar ugurlar boýunça däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara arkalaşykly hereket edilmegini  işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

18-nji marta Daşary işler ministrliginde täze bellenilen Ýaponiýanyň ilçisi, bu ýurduň  Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Hideomi Nakajima hem-de öz diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň ilçisi, şol  ýurduň  Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Ýasusige Okimoto bilen duşuşyk geçirildi.  Ýasusige Okimoto diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy hökmünde işlän wagtynda ýardam berlendigi üçin türkmen tarapyna  tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

19-njy martda daşary syýasat edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti kabul edildi, oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler baradaky işler boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy jenap Nuero Baýkeli ýolbaşçylyk etdi. Şonda möhüm ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we ýangyç-energetika pudaklary boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistana gelen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi, bu wekiliýete bankyň Ýerine ýetiriji direktory jenap Umeş Kumar ýolbaşçylyk etdi. Iri bankyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere ýokary baha berdi hem-de amala aşyrylýan taslamalaryň we hususy telekeçilige goldaw berilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde mundan beýläk-de bilelikde işleşmäge taýýardygyny aýtdy. 

24-nji martda “Mizan” işewürlik merkezide geçirilen ikitaraplaýyn işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Finlýandiýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Ilkinji gezek geçirilýän duşuşyga dostlukly iki ýurduň döwlet  düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu duşuşyk Finlýandiýanyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge içgin gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Finlýandiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda iki döwletiň işewürler düzümleriniň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri, sergileri-ýarmarkalary guramak barada pikir alşyldy.

25-nji marta Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri bolup, ikitaraplaýyn syýasy gepleşige, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-gumanitar ugurlar, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň ugry boýunça  gatnaşyklary giňeltmek, Finlýandiýanyň sport we syýahatçylyk babatda toplan öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mart aýynyň soňky günlerinde türkmen paýtagtynda Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi hem-de maslahat geçirildi. Diwarlyklaryň özboluşlylygy we bahardaky gülleriň köp öwüşginliligi sergä gelen köpsanly adamlarda ýakymly täsir galdyrdy. Bezeg üçin niýetlenen we miweli baglara degişli önümleriň ilkinji ýörite gözden geçirilişi giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hem-de daşary ýurtly myhmanlary ýurdumyzy gülläp ösýän mekana  öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döretdi, munuň özi ekologiýa taýdan  abadançylyk hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýşy üçin has oňaýly şertleri döretmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýe boldy. 

25-nji martda Daşary işler ministrliginde Sport guramalarynyň halkara konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Boris Rogatkin bilen geçirilen duşuşykda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagyny işjeňleşdirmegiň, şol sanda Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň halkara sport ýaryşlaryny geçirmegiň  mümkinçiliklerine degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.

25-nji martda daşary syýasat edarasynda ÝHHG-niň Merkezi Aziýadaky meýdan missiýalarynyň ýolbaşçylarynyň her ýylda geçirilýän sebit duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň dawalaryň öňüni almak boýunça merkeziniň direktory, ilçi Adam   Koberaski bilen duşuşyk geçirildi. Pikir alyşmagyň barşynda iki tarapyň hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek arkaly toplanan oňyn tejribe hem-de dünýädäki ösüşe degişli möhüm meseleleriň netijeli çözülmegine gönükdirilen bilelikdäki wajyp başlangyçlar şol hyzmatdaşlygyň özeni bolup durýar.

Martyň ahyrynda Ermenistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri dostlugyň we döredijiligiň ajaýyp baýramçylygyna öwrüldi. Ýerewanda, Wanadzor we Gümri şäherlerinde geçirilen köpsanly   çäreler taraplaryň medeni-gumanitar gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini, onuň dürli ugurlar boýunça amala aşyrylmagyny we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyny ugur edinýändigini görkezdi.

Martyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde Şweýsariýanyň suw serişdeleriniň meseleleri boýunça ýörite wekili  jenap Wilgelm Maýer we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Paskal Ebişer kabul edildi. 

Myhmanlar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady, şol sanda suw serişdeleriniň ulanylyşynyň netijeliliginiň artdyrylmagyna degişli maksatnamalar we taslamalar bilen tanyşdyryldy. Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini bilelikde  dolandyrmak boýunça geçen ýylyň noýabrynda Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilen maslahatyň (IWRM) netijeleri bilen baglylykda pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri maslahatlarda öňe süren netijeli halkara başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirildi. Mälim bolşy ýaly, şol başlangyçlaryň biri serhetüsti suw serişdelerini toplumlaýyn we oýlanyşykly ulanmagyň özara peýdaly usulyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkmen Lideri şu ugra degişli meseleleriň ählumumy kadalara we halkara hukugy boýunça ýörelgelere esaslanmak hem-de sebitdäki ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly çözülmelidigini belleýär.

Şeýle hem 31-nji martda Daşary işler ministrliginde takyk maşyn gurluşyk boýunça Bütinhytaý import-eksport korporasiýasynyň  
wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Bu wekiliýet Türkmenistana “Aziada -2017-i –Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sporty ösdürmek” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin geldi.  Hytaý korporasiýasynyň wekilleri Aziadany geçirmegiň barşynda tehniki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça taslamalar bilen tanyşdyryş çäresini geçirdiler hem-de köp ýyllaryň dowamyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.

Mälim bolşy ýaly, ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaşlary ruhy we beden taýdan ösdürmek, olaryň hemmetaraplaýyn we göwnejaý bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Tutuş dünýäde geçirilýän abraýly aň-paýhas we sport bäsleşiklerinde türkmenistanlylaryň gazanýan ajaýyp üstünlikleri şol ýadawsyz aladanyň netijelerine öwrüldi.

Şu ýylyň 3-8-nji martynda Makedoniýa Respublikasynyň Ohrid şäherinde geçirilen 9-njy matematika olimpiadasynda ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kümüş medallaryň üçüsini we bürünç medallaryň bäşisini gazandylar. Bu halkara bäsleşigine 
Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Gresiýanyň, Sloweniýanyň, Makedoniýa Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň 26-syndan talyplaryň 90-dan gowragy gatnaşdy. 

Mart aýynda türkmen türgenleri hem uly üstünlikler gazandylar. Olar birnäçe halkara ýaryşlarynda, şol sanda Belarus Respublikasynyň Mogilýow şäherinde   ýetginjekleriň arasynda akrobatika boýunça “Kinder surprise” atly 10-njy halkara ýaryşynda,  Wengriýanyň Budapeşt şäherinde küşt boýunça  “First Saturday” atly halkara reýting ýaryşynda,   Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde guşakly göreşi esaslandyran Baýaman Erkinbaýewiň hormatyna göreş boýunça guralan  “Gran Pri” halkara ýaryşynda,  Latwiýanyň Daygawpils şäherinde ýetginjekleriň arasynda taekwondo boýunça  (WTF) halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Şeýle hem türkmen türgenleri Latwiýanyň açyk çempionatynda hytaý uşusy boýunça, häzirki wagtda söweş   sungatynyň giňden meşhur bolan ugurlarynyň biriniň dörän ýeri   hasaplanýan Tailandda taý boksy boýunça talyplaryň arasynda dünýäniň kubogyny almak ugrunda ilkinji gezek geçirilýän ýaryşda oňat netije gazandylar.   

Geçen aýdaky möhüm wakalara degişli şu synymyzy jemläp, şol wakalaryň ählisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ynamly durmuşa geçirilýän ugrunyň içerki ösüş boýunça toplumlaýyn strategiýanyň doly amala aşyrylmagyna gönükdirilendigini äşgär edendigini bellemek gerek.  Bu strategiýa bolsa bagtyýarlyk we ählumumy abadançylyk ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinýän ýurdumyzyň netijeli daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. 

Degişli makalalar

Türkmen-Owgan Syýasy Geňeşmeleri

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

Facebookyň Agza Sany 1,5 Milliard Adama Ýetdi

syrach