27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SPORT

Dünýä Çempionatlarynda Türkmen Pälwanlarynyň Üstünlikleri

Dünýä Çempionatlarynda Türkmen Pälwanlarynyň Üstünlikleri

Rumyniýada hem-de Bolgariýada geçirilen karate we sambo boýunça dünýä çempionatlarynda çykyş eden ildeşlerimiz medallaryň altysyny gazandylar.

Rumyniýanyň Braşow şäherinde dünýäniň 20 ýurdundan tügrenleriň 300 golaýyny ýygnan aşihara-karate boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanlylar medallaryň ikisine – kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Hormat münberiniň ikinji basgançagyna 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden aşgabatly Farhad Jumiýew çykdy. Şonda baýraklar ugrunda 12 türgen güýç synanyşdy. Şol agram derejesinde Lebap welaýatyndan pälwan Selim Seýidow bürünç baýragynyň eýesi boldy.

Aşihara-karate 1980-nji ýylda ýapon ussady Hideýuki Asihara tarapyndan esaslandyryldy. Sportuň ýaş görnüşi başa-baş söweşleriň kýokuşinkaý, dzýudo we aýkido ýaly meşhur görnüşlerinden tutluşyklaryň usullaryny, şeýle hem bu göreşi esaslandyryjy Aşiharanyň özi tarapyndan işlenilen tilsimleri özünde jemleýär. Hünärmenleriň çaklaýşy ýaly, ol örän agyr, emma oňaýly hasaplanýar. Esasy tärleriň dördüsi — garşydaşyň hüjüminiň gelýän ugrundan çekilip, soňlugy bilen garşylyklaýyn hüjüme geçmäge gönükdirilen usullar bu tilsimiň esasyny düzýär.

…Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda sambo boýunça dünýäniň 41-nji çempionaty dowam edýär. Çempionat dünýäniň segsen ýurdundan türgenleriň ýüzlerçesini özüne jemledi. Ýaryşyň iki gününde türkmenistanlylar medallaryň dördüsine— söweş sambosy boýunça kümüş we bürünç hem-de nusgawy samboda iki bürünç medala eýe boldular.

Toparymyzyň düzüminde 100 kilograma çenli agramda çykyş eden Çarymyrat Annagurbanow 20-den gowrak türgeniň arasynda ikinji orny eýelemegi başardy. Final tutluşygyna çenli ol iki duşuşykda ynamly ýeňiş gazandy, aýgytly tutluşykda bolsa russiýaly Mihail Mohnatkinden çekeleşikli geçen duşuşykda ýeňildi. Bu Çarymyradyň halkara sport ýaryşlarynda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Häzirki wagta çenli onuň gazanan iň esasy üstünligi şu ýylyň baharynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda geçen Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp bolmagydyr.

Söweş sambosy boýunça 62 kilograma çenli agramda Kerimberdi Döwletow üçünji orny eýeledi.

Sambonyň nusgawy görnüşinde çykyş eden Tejen Tejenow dünýä çempionatynda ýene bir bürünç medala mynasyp boldy. Bu türgen hem dürli iri halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek hormat münberine çykypdy. Aşgabatda geçen Aziýa çempionatynda ol hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başarypdy.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde dördünji baýraga— bürünç medala halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa mynasyp boldy. Türgenimiz 52 kilograma çenli agramda çykyş edip, 20-ä golaý türgeniň arasynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.

Ýaryşyň jemleýji güni Sofiýanyň sport desgasynyň göreş düşekçesine ildeşlerimiziň ýene ýigrimisi çykar. Nusgawy sambo boýunça 62 kilograma çenli we 82 kilograma çenli agram derejelerinde tutluşyklaryň has hem çekeleşikli bolmagyna garaşylýar. Bu agramlaryň hersinde 30-a golaý türgen çykyş eder. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde bu agramlarda degişlilikde Berdi Meretgeldiýew hem-de Alişer Dustow çykyş eder.

Sambo boýunça ýaryşlar ýurdumyzyň paýtagtynda geljek ýylyň sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girýär. Şu nukdaýnazardan Sofiýada tamamlanyp barýan dünýä çempionaty Türkmenistanyň taryhynda iň uly yklym derejesindäki toplumlaýyn ýaryşa taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Türkmen Döwletiniň Baştutany Ministrler Kabinetiniň Täze Düzümini Düzer