21.2 C
Aşkabat
24.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, şeýle hem Prezident maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylaryň çagyrylan mejlisiň gün tertibini yglan edip, onda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek bilen bagly meselere garaljakdygyny aýtdy. Şu gün ýolbaşçylaryň hasabatlarynyň diňlenjekdigini we olaryň işleriniň netijelerine baha beriljekdigini aýdyp, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer 2015-nji ýylyň birinji ýarymynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda maliýe-ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär we döwlet maliýe serişdelerini netijeli  ulanmak üçin zerur şertler döredilýär. 

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 109,1 göterim üpjün edildi. Şol sanda ösüş senagat pudagynda 106,2 göterime, gurluşykda 112,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 111,3 göterime , söwdada 111,4 göterime, oba hojalygynda 111 göterime, hyzmatlar ulgamynda 111,6 göterime barabar boldy. Häzirki wagtda jemi içerki önümiň möçberinde döwlete dahylsyz bölegiň paýy (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan)  65, 1 göterime deň boldy.   

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 108,1 göterim üpjün edildi. 

2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, alty aýyň netijeleri boýunça  bölek-satuw haryt dolanyşygy 19,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi hem ýokarlanýar. 

Wise-premýer   milli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurulýandygyny habar berdi.  Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 21,2 milliard manada deň bolup, 2014-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ösüş depgini 107,9 göterim üpjün edildi. Düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 41,7 göterim möçberde emele geldi. 

Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy 
A. Mämmedow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2015-nji ýylyň alty aýynda pudaklar boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we gazanylan ykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi.

2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, nebitiň çykarylyşy 107,8 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişi 102,1 göterime, benziniň öndürilişi 101,1 göterime, kerosiniň öndürilişi 100,2 göterime, nebit bitumynyň öndürilişi 119,8 göterime, nebit koksunyň öndürilişi 100,2 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi  100,5 göterime, polipropileniň öndürilişi 100,2 göterime, sementiň öndürilişi 107,2 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi  120 göterime, armatura we beýleki demir önümleriniň öndürilişi 101,2 göterime, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 105,6 göterime, nah ýüplükleriň öndürilişi 104,4 göterime, nah matalaryň öndürilişi 112,2 göterime, gaýtadan işlenen we konserwirlenen balyk hem-de balyk önümleriniň öndürilişi 148,6 göterime barabar boldy. Mineral dökünleriň öndürilişi 2,2 esse artdy.

Hasabat döwründe oba hojalyk önümleriniň  öndürilişi hem ýokarlandy. Şu ýylyň 6-njy iýulyna çenli ýurdumyz boýunça 1 million 356,4 müň tonna bugdaý öndürildi, bu bolsa geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende 14,7 göterim köpdür. Geçen 6 aýyň jemleri boýunça piläniň öndürilişi 17,8 göterim, gök önümler 10,2 göterim, bakja önümleri 12,3 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 5,7 göterim, süýdüň öndürilişi 1,5 göterim, etiň öndürilişi 1,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli senesine görä, mallaryň we guşlaryň baş sany hem artdy.

Hasabat döwrüniň jemleri boýunça gurluşyk-gurnama we beýleki düýpli gurluşyk işleri 2014-nji ýylyň degişli döwründäkiden 14,5 göterim ýokary boldy. 

Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä ösüş depgini, geçiriji turba ulagyny hasaba almazdan 102,4 göterime, şol sanda awtomobil ulagy boýunça 105 göterime, demir ýol ulagy boýunça 100,1 göterime, howa ulagy boýunça 100,5 göterime, suw ulagy boýunça 100,1 göterime barabar boldy. Şu döwürde ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 102,3 göterim boldy, şol sanda awtomobil ulagynda 102,8 göterime, demir ýol we howa ulaglarynda 100,1 göterime, suw ulagynda 108,5 göterime barabar boldy. Elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň öňdebaryjy görnüşleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi 8,9 göterim artdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ykdysady görkezijileriniň yzygiderli, hemmetaraplaýyn seljerilmegine, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ösüş depgininiň çaklanylmagyna Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Soňra Maliýe ministri M.Muhammedow 2015-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanyň döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,8 göterim, çykdajy bölegi 90,4 göterim ýerine ýetirildi. Durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine býujet serişdeleriniň 79,3 göterimi gönükdirildi. Şu döwürde ýerli býujetiň girdeji böleginiň ýerine ýetirilişi 101,7 göterim, çykdajy bölegi bolsa 90,9 göterim boldy. 
  
Şu ýylyň alty aýynyň netijeleri boýunça Merkezi, pudaklaýyn we sebitleýin balans toparlarynyň mejlisleriniň 78-si geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň we pudak  edaralarynyň 8-siniň, kärhanalaryň 259-synyň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi hem-de degişli çözgütler kabul edildi. 

Birinji ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerini berjaý etmek, degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp düzmek, hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň toplumy geçirildi. Şeýle hem auditorçylyk işini ösdürmegiň çäklerinde geçirilýän işler, gymmatly kagyzlar bazary, halkara derejelerine esaslanan buhgalterçilik hasaba alnyşynyň milli ülüňlerine  geçilmegi hem-de maliýe hasabatlylygy barada habar berildi. 

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň Maliýe ministrligiň Barlag-derňew müdirligi tarapyndan edara-kärhanalaryň we guramalaryň 902-siniň maliýe-hojalyk işlerine barlag-derňew işleri geçirildi.Şonuň netijesinde edara-kärhanalaryň 609-synda maliýe häsiýetli düzgün bozulmalaryň birnäçesi ýüze çykaryldy. Şol döwürde guramalaryň 80-sinde döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň berjaý edilişine barlag geçirilip, olaryň 60-synda bidüzgünçilikler ýüze çykaryldy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmegiň zerurdygyna hem-de maýa goýumlaryň gelip gowuşmagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmelidigine ünsüni çekip, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine pugta gözegçiligiň amala aşyrylmagynyň wajypdygyny nygtady hem-de ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we kärhanalaryň maliýe işlerini döwrebap gurmak we toplumlaýyn seljermek işlerini geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdirýetiniň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda milli pulumyzyň durnukly derejesini saklamak boýunça görülýän çäreler boýunça alnyp barylýan işler hem-de karz-pul syýasaty barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrlikleriň we pudak  edaralarynyň hasaplaryna harytlaryň eksporty hem-de edilen hyzmatlar üçin daşary ýurt pullarynyň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlara eksport edilýän ýurdumyzyň önümleriniň möçberini artdyrmak ýaly wajyp wezipeleriň birine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýolbaşçylaryň ählisi zerur çäreleri görmelidiklerini aýtdyp, Ministrler Kabinetiniň ýylyň netijeleri boýunça geçiriljek giňişleýin mejlisinde bu tabşyrygyň ýerine ýetirilişiniň netijelerine garaljakdyny nygtady. 

Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri W. Abdylhekimow      
2015-nji ýylyň birinji ýarymynda welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnamanyň ýerine ýetirilişi hem-de maýa goýumlarynyň özleşdirilişi barada hasabat berdi. Ýanwar-iýun aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligiň möçberiniň depginli artmagy we maýa goýum işjeňliginiň saklanylmagy ykdysady ösüşi üpjün etdi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2014-nji ýylyň degişli döwrüniň derejesinden 7,9 göterim köpeldi. 

Hasabat döwründe önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 114-si, 467,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Serişdeleriň 59,3 göterimi önümçilik hem-de 40,7 göterimi durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda ulanyldy. 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, maýa goýumlaryny özleşdirmek baradaky ýyllyk tabşyryk 64,7 göterim berjaý edildi. 

Şu ýylyň iýul aýynyň 1-indäki ýagdaýa görä, bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň 136-synyň, 
7  hassahananyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 15-siniň, çagalar baglarynyň 26-synyň, orta mekdepleriň 38-siniň, medeniýet öýleriniň16-synyň,  suw arassalaýjy desgalaryň 8-siniň, şeýle hem 991,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 1 müň 891 kilometr suw geçirijileriň, 534 kilometr awtomobil ýollarynyň, 631 kilometr gaz geçirijileriň, 1 müň 165 kilometr elektrik geçirijileriň, 623 kilometr telefon ulgamynyň gurluşyk işleri dowam edýär.     

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy ýanwarynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli döwürde gurlan desgalaryň we binalaryň 141-si doly kabul edilip, ulanmaga tabşyryldy. 

Hasabat döwründe “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmagyň netijesinde 23 sany kärhana we desga hususylaşdyryldy, olardan 21-si bäsleşikli söwdalarda we 2-si maýa goýum bäsleşiginde hususylaşdyryldy.

Döwlet Baştututanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň welaýatlaryň döwrebap düzümini kemala getirmäge, içerki bazarda ýerli önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi.  

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy B.Hojamuhammedow şu ýylyň 6 aýynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgininiň 107,8 göterim, guýulary burawlamakda geçirilen işleriniň ösüş depgininiň 142,9 göterim bolandygy bellenildi.

Wise-premýer tebigy gazy çykarmak we daşary ýurtlara ugratmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtomobil benzinini,  dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy we beýleki nebit önümlerini öndürmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hem aýtdy.

Kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, ýaşaýyş jaýlarynda gazyň sarp edilişini ölçeýji enjamlary oturtmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer B.Hojamuhammedowa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen bilelikde ýangyç-energetika toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň maliýe ulgamynda işleriň ýagdaýyny düýpli seljermegi hem-de berk maliýe duzgün-tertibini üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem wise-premýere nebitgaz senagatynyň düzümleriniň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň milli kanunçylygy  has-da ösdürmek, ýurdumyzda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça ýerine ýetiren işleri barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işe aýratyn üns berildi. 

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň şu ýylyň maý aýynda geçirilen mejlisinde öňde goýan wezipelerini berjaý etmek maksady bilen,  iş toparlary tarapyndan dünýäniň iň gowy tejribesini nazara almak arkaly, ýurdumyzyň  Esasy Kanunynyň taslamasyna täze maddalary, üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu resminamanyň deslapky taslamasy Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlener. 

Şunuň bilen baglylykda, taýýarlyk işleriniň  barşynda ilatymyzdan gelip gowuşýan teklipler hem-de isleg-arzuwlar öwrenilýär we seljerilýär. Şu maksat bilen ähli welaýatlarda deputatlar ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşlar bilen duşuşyklary geçirdiler. Şeýle hem ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň hünärmenleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda telewideniýe, radio hem-de metbugat serişdeleri arkaly täze konstitusion kadalaryň many-mazmunyny ilatymyza ýetirmek boýunça çykyş guralýar. 

Ýaşulularyň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylandan soň, Konstitusiýanyň deslapky taslamasy metbugatda çap ediler. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça birinji ýarym ýylda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleri barada hasabat berdi. Şu babatda türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralaryň hem-de çäreleriň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli meýilnama işlenip taýýarlandy.

Şu şanly sene mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara maslahatlarynyň 74-si, metbugat maslahatlarynyň 15-si, medeni çäreleriň 25-si we sport çäreleriniň 41-si geçirildi. Umuman, çäreleriň 342-si geçirilip, bu ugurdaky işler dowam edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan web-saýt hereket edýär. Şeýle hem dürli metbugat neşirlerini taýýarlamak we çykarmak göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde türkmen döwleti we onuň Bitaraplyk derejesi hakynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hakynda mowzuklaýyn makalalaryň 152-si çap edildi. 

Bu ähmiýetli wakanyň hormatyna 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahaty we baýramçylyk dabaralary şanly senä gabatlanar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen ýurdumyza berlen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamagyň hakyky alamaty hökmünde çykyş edip, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny bütin adamzadyň bähbidine goýmaga ymtylýar hem-de bu ugurda anyk çäreleri görýär.

Milli Liderimiz şanly sene mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda meýilleşdirilen ähli çäreleriň we dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, geçen 6 aýda gurluşyk, himiýa we dokma senagatlarynda hem-de halyçylyk pudagynda, balyk hojalygynda gazanylan görkezijiler barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 124,1 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 116,6 göterime deň boldy. Sementiň öndürilişi boýunça 107,2 göterim, magdan däl serişdeleri öndürmek boýunça 130,9 göterim, keramzitiň öndürilişi boýunça 114,3 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 108,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri öndürilen önümleriň jemi möçberiniň meýilnamasy 109,1 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 101 göterime deň boldy. Nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 104,4 göterim, nah matalaryň öndürilişi boýunça 112,2 göterim, tikin we örme önümleriniň öndürilişi boýunça 104,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe dokma önümlerini ýerlemekden 43 million manatlyk peýda gazanyldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň 6 aýynda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň meýilnamasy 113,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 111,9 göterime  barabar boldy. Şol döwürde pudagyň  kärhanalarynda 22 müň 713 inedördül metr haly önümleri dokaldy we 103,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi. 

Şu ýylyň birinji ýarymynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda hem belli bir üstünlikler gazanyldy. Öndürilen önümleriň möçberiniň meýilnamasy 117,5 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 2,2 esse üpjün edildi. Pudagyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 220,8 göterim  ösüş depgini gazanyldy. Bu görkeziji tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100 göterime, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 105,1 göterime barabar boldy.  

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň jemi möçberiniň ösüş depgini 164,3 göterime barabar boldy. Tutulan balyk boýunça 190,8 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 148,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Dokma senagaty ministrliginiň taýýar önümlerini ilata elýeterli bahalardan ýerlemek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine esaslanan döwlet ykdysady syýasatynyň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilendigini belledi. Milli Liderimiz eksport ugurly pudaklaryň ýokary depginde we okgunly ösdürilmelidigini, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň hem-de uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam etmelidigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri çözmek üçin gurluşygyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz ýokary we häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.  

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagatynda innowasion esasda elektron pudagy döretmek maksady bilen, “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 
M. Ýazmuhamedowa 2015-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Geçen aýda Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi uly wakalaryň biri bolup, onuň çäklerinde guralan çärelere ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we daşary döwletleriň birnäçesinden sungat ussatlary gatnaşdylar. Giň gerimli çäräniň çäklerinde Halkara sungat sergisi, ylmy maslahat, konsertler,  teatr sahnalary, täze operanyň görkezilmegi, şygryýet we dessanlar agşamy hem-de beýlekiler geçirildi. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň baý medeniýetini dünýäde giňden tanyşdyrmak boýunça köp ugurly işlere uly goşant boldy.

«Türkmenistanda Milli maddy däl medeni mirasy toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015–2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen  tassyklanylmagy möhüm waka bolup,  onuň işlenip taýýarlanan meýilnama laýyklykda amala aşyrylmagy ruhy gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň dowamatlylygyny, halk döredijilik baýlygyny, olaryň wagyz edilmegini hem-de ösdürilmegini täze derejejä çykarmaga ýardam berer. 

Ýurdumyzyň medeniýet, döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli  Hytaý, Hindistan, Gazagystan, Ermenistan, Täjigistan, Özbegistan döwletlerinde geçirilen çärelere gatnaşdylar.  Mundan başga-da, ýurdumyzda Eýranyň we BAE-niň Medeniýet günleri, Ermenistanda, Gyrgyzystanda, Horwatiýada bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Häzir Hytaý Halk Respublikasynyň biziň ýurdumyzda geçiriljek Medeniýet günlerine taýýarlyk görülýär. 

Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň teatr sungaty, muzeý, kitaphana işi babatda hem  yzygiderli işler geçirildi. Şu ýylyň aprel aýynda Metbugat öýi toplumynyň täze binasy ulanmaga berildi, bu bolsa neşirýat–çaphana işini kämilleşdirmäge täze itergi berdi.  

Şu ýylyň 6 aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 180-den gowrak görnüşi çap edildi. Neşirýat gullugynyň hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen neşir önümleriniň sergilerine gatnaşdylar. 

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan döwlet habarlar syýasatyny amala aşyrmagyň hilini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada habar berdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirlen işleriň jemleri, düzümüň  maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylym we bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy  ösdürmek maksatnamalary berjaý etmek üçin durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw  mekdeplerine okuwa kabul etmäge taýýarlyk hakynda hem hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna 2015-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümüni tassyklamak hakynda hem-de 2015-nji ýylda welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda buýruklaryň taslamalary hödürlenildi. 

Hasabatda ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmegiň meýilnamasy barada giňişleýin habar berildi. Şu okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-siniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Döwlet  lukmançylyk uniwerstetiniň harby lukmançylyk fakultetinde “Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi” hünärini, Halkara nebit we gaz uniwerstitende “Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek” hünärini, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk inistitutynda “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünärini, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş inistitutynda “Ykdysady kibernetika” hünärini. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk inistitutynda “Gämi gurluşygy we umman tehnikasy” hem-de  “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” hünärlerini, Türkmenistanyň döwlet energetika inistitutynda “Elektrik we ýylylyk öndürmegiň tehnologiýasy” hünärini, Türkmen milli konserwatorýasynda “Opera sungaty” hünärini açmak meýilleşdirilýär. Umuman, şu ýyl ýurdumuzyň ýokary okuw mekdeplerine 7128 adam kabul etmek göz öňünde tutulýar.  Bu bolsa geçen ýyldakydan 267 adam köpdür. 

Ýurdumuzyň bilim ulgamyny ösdürmegiň beýleki bir wajyp ugry orta hünär okuwydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we Türkmen döwlet neşirýat gullunyň garamagynda orta hünär okuw mekdeplerini döretmek boýumça Türkmenistanyň Prezidentiniň kararynyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Bu okuw mekdepleri täze okuw ýylyndan işläp başlar. Politehniki orta hünär okuw mekdebine 6 hünär boýunça 150 adam, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebine 3 hünär boýunça 45 adam kabul etmek, şeýlelikde, şu ýyl ýurdumuzyň orta hünär okuw mekdeplerine 8342 adam kabul etmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa geçen ýyldakydan 629 adam köpdür. Mundan başga-da, okuwçylaryň  30 müňüsi 77-sany başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bilim alarlar. 

Ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet we maliýe-ykdysady ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 11-nji iýuldan 27-nji iýula çenli aralykda Aşgabatda we welaýat merkezlerinde, giriş synaglaryny bolsa iýul aýynyň  30-yndan awgust aýynyň 22-si aralygynda okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçiriler. Hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilmegi 11-nji iýuldan 19-njy awgusta çenli aralykda, giriş synaglary 21-nji awgustdan 26-njy awgusta çenli aralykda geçiriler. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim we saglygy 
goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny nygtap, olaryň ýurdumyzyň ösüşinde jemgyýetimiziň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz innowasion, bilim we ylmy-enjamlaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyny   berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz  bu ulgamlarda hünärmen kuwwatyny kemala  getirmäge toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny, degişli düzümleri hem-de maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmagyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere bu barada birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň, olarda taýýarlanylýan hünärleriň hem-de kabul edilýän talyplaryň sanynyň ýylyň-ýylyna  artýandygyny belledi. Milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyz boýunça ýokary okuw mekdeplerine geçen ýyldaka garanyňda, 267 adamyň köp kabul ediljekdigini aýtdy. Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň sekizisi açylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny düzümi boýunça hem, mazmuny boýunça hem ylmy tnhnologiýa babatda ýokary derejä ýetirmek, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz her bir ýokary okuw mekdebine 2015-2016-njy okuw ýylynda näçe adamyň kabul ediljekdigi bilen bagly meseläni gozgap,  ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek meselesi baradaky pikirleri bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary we pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly wajyp wezipäni durmuşa geçirýändigini nygtady. Milli Liderimiz hut şu ýörelgäniň esasynda bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünär bilimi edaralarynda okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, milli hem-de dünýä tejribesine esaslanýan bu ugurda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna wajyp ornuň degişlidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň beýik geljeginiň, nurana ertiriniň şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimine we terbiýesine baglydygyny aýdyp, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek bilen bagly anyk görkezmeleri berdi.   

Milli Liderimiz ýurdumyzda ýene-de bir uniwersiteti, şeýle-de tehnologiýalar ýokary okuw mekdebini hem-de öndürýän önümine görä welaýatlaryň birinde senagat ýokary okuw mekdebini açmak hakynda meselä garamagy teklip etdi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine  hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna 2015-2016-njy okuw ýyllarynda diňleýjileri kabul etmek meselesine degip geçip, degişli resminama gol çekdi hem-de  olaryň ýerine ýerilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň geçirilişiniň  ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, türkmen ýaşlarynyň dünýä ölçegleriniň derejesinde döwrebap bilim almagy, saýlan hünärini üstünlikli öwrenmegi, dünýägaraýşyny giňeltmegi, alan bilimini we   başarnygyny iş ýüzünde peýdalanmagy üçin döwletimiziň ähli şertleri we mümkinçilikleri  döretjekdigini nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. 
Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we edilen hyzmatlaryň meýilnamasy 120,3 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 121,7 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 130,5 göterime ýetdi. Şeýle hem içerki demir ýollaryň, inžener-tehniki desgalaryň  döwrebaplaşdyrylýandygy habar berildi. Hasabat döwründe Balkanabatda demir ýol menzili gurlup ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ilata hyzmat etmek boýunça ösüş depgini 129 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 104 göterim, ýolagçy gatnatmakda 101,4 göterim boldy. 

Ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106 göterime deň boldy. Şu döwürde aragatnaşyk hyzmatlaryna islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda telefon nokatlarynyň 302 müňüsi, şol sanda 282 müň öýjükli belgili, 5,5 müň radiotelefon belgili we 14 müň ýerli telefon nokatlary gurnalyp, meýilnama 2,4 esse berjaý edildi. Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 904 telefon belgilik beketler gurnaldy we 1052 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. 

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE”  ilkinji aragatnaşyk hemrasynyň  älem giňişligine çykarylmagy bilen baglylykda amala aşyrylýan işler barada hem aýdyldy.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýanwar-iýun aýlarynda edilen hyzmatlaryň ösüş depgini 116 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça degişlilikde 100,5 göterime we 100,1 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Deňz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 130 göterime deň boldy. Şeýle hem Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsini, Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz portuny, Aşgabadyň we Türkmenabadyň halkara howa menzillerinde, şeýle hem Daşoguz şäherinde uçuş-gonuş zolagyny gurmak boýunça işleriň depgininiň barha artýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky Milli komitetiniň binasyny gurmak we döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrmak boýunça işleriň dowam edýändigi habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmäge degişli kabul edilen maksatnamalary göwnejaý durmuşa geçirmegiň hem-de bu ulgamlaryň öňünde goýlan hemme wezipeleri çözmäge häzirki zaman ýagdaýlary göz öňünde tutýan düýpli oýlanyşykly çemeleşmeleriň wajypdygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurly hyzmatdaşlar bilen tejribe, peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň zerurdygyny nygtady hem-de ulag toplumynyň ähli düzümleriniň depginli ösdürilmeginiň möhümdigini aýratyn belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow ýanwar-iýun aýlarynda gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda geçirilen işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýekine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hasabat döwründe gurluşyk we energetika toplumy hem-de jemagat hojalygy boýunça işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 129,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 117,2 göterim boldy. 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirlen işleriiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 121,6 göterim ýerine ýetirildi. 

Wise-premýer Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip,  şu döwürde durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň 24-siniň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. 

Degişli döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 329,2 müň inedördül metri gurlup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 184,5 göterime barabar boldy. 

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň alty aýynda önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça ösüş depgini 132 göterim, elektroenergiýanyň öndürilişi boýunça 102,3 göterim boldy. 

Hasabatyň çäklerinde “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna” laýyklykda, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwatlylygy 504,4 MWt we Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 252,2 MWt gazturbinaly elektrik beketleriniň gurluşygynyň dowam edýändigi habar berildi. Mary döwlet elektrik bekediniň çäginde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän  täze elektrik bekediniň gurluşyk işlerine badalga berildi. 

Jemagat hojalygy ministriligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy boýunça ösüş depgini 113,4 göterime deň boldy. Şol sanda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda suw arassalaýjy desgalaryny gurmak boýunça işler geçirilýär. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň binalar we desgalar toplumyny gurmak işleri alnyp barylýar.  

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe degişli görkezijiler boýunça ösüş depgini 102,9 göterime barabar boldy.

“Türkmenbaşy-Farap”, “Aşgabat-Daşoguz” döwlet ähmiýetli täze uly awtomobil ýollaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak we gurmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berildi.    

Hormatly Prezidentimiz täzeçil tehnologiýalary, bu ulgamda ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we iň oňat dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmagyň uly möçberli ýol gurluşygynyň esasy ugrudygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde bu ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ähli sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalarynyň esasyna goýlandygyny aýratyn bellemek gerek.    

Milli Liderimiz häzirki döwürde awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň uly gerim bilen amala aşyrylýandygyny nygtady hem-de ýol-ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly wezipeler ýerine ýetirilende degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ilaty elektroenergiýa bilen üznüksiz üpjün etmek meselesine ünsi çekip, wise-premýere bu meseläni hemişelik gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy 
Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň netijesi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna we Ministrler Kabinetine raýatlardan gelip gowşan arzalara seretmek boýunça geçirilýän işler   barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwlet edaralarynyň raýatlarymyzyň arza-şikaýatlaryna bellenilen tertipde we möhletde seredip, olara öz wagtynda jogap bermelidiklerini aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz türkmenistanlylaryň kanun arkaly goralýan hukuklaryny we bähbitlerini bozmaga sebäp bolýan şertleri aradan aýyrmak üçin zerur bolan çäreleri görmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere hem-de beýleki degişli ýolbaşçylara  bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümlerinde işleri has-da kämilleşdirmek boýunça degerli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. 
 
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa söz berildi. Ol paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, şol sanda  paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde gök zolaklary döretmek   boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.  

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň maliýe-ykdysady görkezijileri, maýa goýumlarynyň özleşdirilişi, gurluşyk-gurnama işlerini barşy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzda  608 desganyň we dürli maksatly binalaryň gurluşygy  alnyp barylýar. Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça 249 desga gurulýar.  Şu ýylyň dowamynda şolaryň 67-sini  ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň  döwrebap keşbini kemala getirmäge hem-de ekologiýa abadançylygyny saklamaga örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyza ak mermerli Aşgabatda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň etraplarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerinde haýal-ýagallyga ýol berýändigi üçin häkimiň işine nägilelik bildirdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow  gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.  

Hasabat döwründe ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende  haryt dolanyşygynyň  ösüş depgini 115,4 göterime, bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 107 göterime, lomaý söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 119,9 göterime deň boldy. Bu ugurda maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depgini 110,1 göterime barabar boldy. 

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasy boýunça hasabat döwründe 123 birža söwdasy geçirilip, 10 müň 753 şertnama hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy 31 milliard 756,9 million manada deň boldy. Hasaba alnan şertnamalaryň umumy möçberinde import-eksport şertnamalarynyň bahasy 9 milliard 288,5 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň  bahasy 18 milliard 933,4 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberleriniň ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy. 

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy boýunça hyzmat işleriniň möçberleriniň ösüş depgini 105,2 göterime barabar boldy. Edaranyň kärhanalary boýunça gazanylan peýdanyň ösüş depgini 101,4 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberiniň ösüş depgini 181,9 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 14 sergi we maslahatlaryň 13-si geçirildi.      

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Ýygym möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär.

syrach