22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ilata mugt goýberilýän elektrik energiýasynyň möçberinden galan böleginiň nyrhlaryny tertipleşdirmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. 

Wise-premýer şeýle hem hasabatyň çäklerinde 26-28-nji noýabrda Tbilisi şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ikinji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlenildi. Öňde boljak mejlisiň gün tertibi barada hem habar aýdyldy. 

Häzirki wagtda Türkmenistan öz halkyna gazy, elektrik togyny we suwy mugt berýän dünýädäki ýeke-täk döwletdir. Şunuň bilen bir hatarda, beýleki ýeňillikleriň hem birnäçesi berilýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti ilatyň mugt sarp edýän elektrik energiýasynyň möçberinden galan böleginiň nyrhlaryny düzgünleşdirmek barada alnyp barylýan işleri makullady, bu ugurda işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi barada tabşyryk berdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meselesine ünsi çekip, ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde ygtybarly gural bolup durýan hökümetara toparynyň möhüm ornuny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasyna gol çekdi. Wise-premýere öňde boljak mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli çäreleri görmek barada tabşyryk berip, Türkmenistanyň Baştutany bu hökümetara düzüminiň işiniň iki tarapyň hem bähbidine gabat gelýän, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky iri möçberli hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigini nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, bu netijeli hyzmatdaşlygyň çägini we ugurlaryny giňeldýär. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mundan beýläk hem bu döredijilikli parahatçylyk söýüjilik ugruna berk eýerjekdigini, döwletara derejesinde, şeýle hem sebit we halkara derejesinde netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan wajyp meseleleriniň oýlanyşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini nygtady. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde hem abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu babatda degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň häzirki kanun çykaryjylyk işi, 23-nji noýabrda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görlüşi, şeýle hem deputatlaryň ýerlerde geçirýän düşündiriş we jemgyýetçilik işleri barada aýtdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky tapgyrlaryň ählisinde bellenilen çäreleriň giň toplumynyň amala aşyrylandygyny, şol sanda ilatyň arasynda düşündiriş we wagyz işleriniň geçirilendigini habar berdi. 

Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegine degişli meselelere ünsi çekip, milli Liderimiz saýlawlaryň demokratiýa mahsus ýagdaýda geçirilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini hem-de ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň, açyklyga we aýanlyga mahsus ýörelgeleriň berjaý edilmelidigini, raýatlarymyza öz isleglerini erkin beýan etmäge ähli mümkinçiligiň döredilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm ähmiýetli syýasy çäräniň göwnejaý we guramaçylykly geçirilmelidigini aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan we şäher düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berildi. Şeýle hem häzirki döwürde Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýokary hilini, şäher durmuşynyň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. 

Paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki meýilnamalaryna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri çözmekde iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň hem-de şäher gurluşygynda we binalaryň bezeg aýratynlyklarynda, abadanlaşdyrylyş işlerinde iň täze işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Aşgabatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, milli Liderimiz bu ulgamda gazanylan oňyn tejribeleriň giňden ulanylmalydygyny tabşyrdy. 

Döwlet dolandyryş guramalaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meselä degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň täze taryhy eýýamda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli düýpli özgertmeler bilen utgaşdyrylmalydygyny nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini içgin öwrenmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Güýzlük däne ekinleri üçin bölünip berlen meýdanlarda eýýäm endigan gögeriş alnyp, olara ideg edilýändigi – ösüş suwuny tutmak, meýdanlary haşal otlardan arassalamak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini möhletli peýdalanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda kartoşkany, gök ekin önümlerini we ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek, Gökdepe etrabynda 400 baş gara mallary saklamak hem-de ýylda 1 müň tonna süýt we 30 tonna et öndürmek üçin niýetlenen maldarçylyk toplumyny gurmak, bu welaýatda kafel plitalaryny we faýans önümlerini öndürýän kärhanany gurmak üçin ýer böleklerini bölüp bermek göz öňünde tutulýar. 

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýokumly goşundylar bilen baýlaşdyrylan iýmleri öndürýän zawody, şeýle hem gant şugundyryny gaýtadan işlemek boýunça kärhanany gurmak baradaky taslamalar amala aşyrylar. 

Türkmen döwletiniň Baştutany hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ählisiniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere güýzlük bugdaýa ideg edilende agrotehniki kadalaryň göwnejaý ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň hususy böleginiň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli mesele barada durup geçip, telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň Türkmenistanyň syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň öndürilmegini ýola goýmak, azyk bolçulygyny döretmek, ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleri çözmekde telekeçilige aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde döwrebap oba hojalyk we senagat önümçiliklerini döretmek üçin niýetlenip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek barada aýdylan teklipleri oňlap, bu barada degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy –2014” atly halkara sergisiniň we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda halkara hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze belentlikleri, mümkinçilikler we geljege nazar” atly 19-njy halkara maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu pudaklaýyn foruma daşary ýurt wekiliýetleriniň, öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalarynyň, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, alymlar, bilermenler gatnaşdy. 

Maslahatyň işiniň barşynda dünýä, sebit we ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşini çaklamak, nebitgaz ulgamyndaky gaýtadan işleýji pudagyň, nebitgaz senagatynyň geljekki ugurlary, ýangyç-energetika toplumyna maýalary çekmek, uglewodorod serişdelerini gözlemek, gazyp almak we ugratmak ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şeýle-de şu döwürde TOPH taslamasy boýunça Tranzaksiýa Geňeşi bilen Hyzmatlar Ylalaşygy hem-de Tehniki iş toparynyň we Ýolbaşçylyk ediji komitetiň nobatdaky mejlisleri geçirildi. 

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iri nebitgaz forumlarynyň geçirilmeginiň bu ugurdaky döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini şertlendirmelidigini aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna täze önümçilik tehnologiýalaryny we enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berldi. 

Hormatly Prezidentimiz diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge däl, eýsem, tutuş Aziýa sebitinde dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan energetika howpsuzlygynyň berkidilmegine önjeýli goşant boljakdygyny nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň, ýangyç-energetika toplumynda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, dünýä bazarlaryna türkmen energiýa serişdelerini çykarmagyň ugurlaryny artdyrmagyň möhüm ugry bolup durýan Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa dekabr aýynda bellenilýän baýramçylyklara we milli senenama boýunça şanly senelere, olara gabatlanyp durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabat bermegiň barşynda dürli medeni çäreleri geçirmegiň uly maksatnamasynyň düzülendigi bellenildi. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konsertleri, sahnalaşdyrylan teatr oýunlary, sergiler, bäsleşikler, maslahatlar we beýleki döredijilik guralar. 

Şeýle hem wise-premýer köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmen döwlet habarlar gullugyny Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi diýip atlandyrmak hakyndaky” Permanyň, “Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamalaryny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere baýramçylyk çäreleriniň hem-de täze binalaryň we desgalaryň açylmagy mynasybetli guraljak medeni-köpçülikleýin dabaralaryň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şol dabaralaryň her birinde türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlarynyň we adatlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilikli güýjüniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi barada durup geçip, döwletiň täze taryhy eýýamyň idologiýasyny wagyz etmek arkaly, ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny we ähmiýetini döredijilikli, täsirli we günübirin beýan edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine degişli meseleleri birjik-de ünsden düşürmeýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde, olaryň işinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigini belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalara gol çekip, Türkmennistanyň Döwlet habarlar agentliginiň geljekki işi bilen bagly meselelere hemmetaraplaýyn we jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini, bu ýerdäki işgärleriň düzüminiň ýokary hünärli döredijilik işgärlerinden ybarat bolmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine B.Amansaryýewi, agentligiň başlygynyň orunbasarlary wezipelerine J.Hommatdurdyýewi we S.Jumurowy bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 19-24-nji noýabrda Aşgabatda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Paýtagtymyza eýýäm Ýewraziýa yklymynyň ýurtlaryndan türgenleriň köpüsi geldi. Dünýä birinjiliginiň resmi taýdan açylyş dabarasy 21-nji noýabrda bolar. 

Soňra 2-3-nji dekabrda Aşgabat şäherinde “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmakda innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Forumda dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmakda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmagyň tejribesine we geljegine, energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanmak ulgamynda düýpli ylmy barlaglaryň netijelerine, günüň, ýeliň, suwuň, biogazyň energiýasyndan peýdalanmagyň meselelerine, ylmy taýdan esaslandyrylan maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerine garalar. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer 22-24-nji dekabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň Ýerewan şäherinde geçiriljek 6-njy mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, guşakly göreş we milli göreş boýunça dünýä çempionatynyň Aziada-2017-niň öňüsyrasynda iri halkara ýaryşlaryny geçirmek boýunça milli tejribäni işläp taýýarlamak babatda synag bäsleşigi bolmalydygyny belledi. Şoňa görä-de, onuň derejesi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň möçberine laýyk gelip, dünýäniň sport giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam etmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmakda innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça tabşyryklary berip, ekologiýa taýdan arassa innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen, senagat pudaklaryna täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz tehnologiki ösüşiň bu ugrunda yzygiderli ylmy-maglumat alyşmalaryny ýola goýmagyň hem-de anyk taslamalaryň esasynda türkmen we daşary ýurtly alymlarynyň özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. 

Milli Liderimiz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň işiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra milli ykdysadyýetimiiziň senagat pudagyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow hasabat berdi. 

Wise-premýer dokma pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat bermek bilen, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda sebitleri senagat taýdan ösürmek boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan täze häzirki zaman pagta egiriji kärhana barada habar berdi. Ýylda kuwwaty 6 müň tonna nah ýüplügini öndürmäge deň bolan bu desganyň gurluşygyny ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça taslamany amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan ”Dürli ýaz” hususy kärhanasyna ynanyldy. Täze kärhana nemes we şweýsar kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün ediler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmek maksady bilen, gaýtadan işleýän pudagyň düzümleriniň, şol sanda milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm strategiki häsiýete eýe bolan hem-de ägirt uly serişdeler kuwwatyna esaslanýan dokma senagatynyň düzümleriniň işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Pudagy ösdürmäge uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilýändigine ünsi çekip, milli Liderimiz innowasiýalar esasynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, ýokary bäsdeşlige ukyply senagat önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge ykdysadyýetiň hususy böleginiň gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljekde energetika pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek üçin 14 gaz turbinaly elektrik bekedini gurmagyň göz öňünde tutulandygyny habar berdi. 

Häzirki wagta çenli şolardan jemi kuwwaty 440 megawatta golaý gaz turbinaly elektrik beketleriniň üçüsi Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ulanmaga berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Atamyrat-Andhoý” ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny, onuň ýakyn wagtda bu ugur boýunça elektrik energiýasyny ibermek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. 

Döwlet Başutanymyz hasabaty diňläp, türkmen elektrik energetikasynyň durnukly ýokary depginde ösýändigini we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmaga ukyplydygyny nygtady. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gysga wagtda kuwwatly elektrik beketleriň hem-de täze elektrik geçiriji ulgamlaryň gurulmagy netijesinde pudagyň kuwwatynyň köp esse artmagy diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge däl, eýsem, türkmen elektrik energiýasyny beýleki ýurtlara, şol sanda Owganystana ibermäge mümkinçilik berýär. Munuň özi Türkmenistanyň goňşy ýurtlaryň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallasynyň aýdyň netijesidir. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow Türkmenistanda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, daşary ýurtlar bilen işewür gatnaşyklary, şol sanda sergileri guramak hem-de maslahatlary geçirmek işini netijeli ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 

26-njy noýabrda Aşgabatda türkmen-gazak işewürler maslahatyny geçirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabatda aýdyldy. Gazagystan Respublikasynyň döwlet kärhanalarynyň we ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň wekillerinden ybarat topar gatnaşar. 

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna dekabr aýynda meýilleşdirilen “Türkmenistanyň önümleriniň hem-de Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasyny geçirmek hakynda” kararyň taslamasy hödürlendi. 

Şeýle hem wise-premýer 2015-nji ýylyň 25-27-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýtdy. 

Ýurdumyzyň söwda-ykdysady edaralarynyň işini kämilleşdirmekde işi guramagyň häzirki zaman usullaryny netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak türkmen-gazak işewürler maslahatynyň, eýran harytlarynyň sergisiniň we belarus önümleriniň ýarmarkasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Halkara derejesinde geçirilýän şeýle çäreleriň möhümdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz olaryň milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynyň we kärhanalarynyň ornunyň pugtalandydylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine we içerki bazarlaryň dürli görnüşli, ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem “Demirýolçy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ýük wagonlaryny satyn almak üçin alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, demir ýol arkaly ýük daşalmagynyň artdyrylmagyny, ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda döwrebap ulag düzüminiň we ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagyny ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, bu pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň we olara iň täze tehnikalary, enjamlary hem-de innowasion tehnologiýalary giňden çekmegiň wajypdygyny nygtady. 

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki meseleleriniň hem birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde we öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Uçýan Ulag

12-nji Fewralda Geçiriljek Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Saýlawlara Dalaşgärleri Bellige Almak Tamamlandy

Türkmenistanyň Awstriýadaky Medeniýet günleri

syrach