19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler,  Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.  Wise-premýer şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça wezipeleri çözmek maksady bilen geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna hem-de halkara ölçeglerine laýyk getirmegiň ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy.  Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kärhanalarynyň we guramalarynyň işine umumy ykrar edilen dünýä ölçegleriniň ornaşdyrylmagynyň Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, daşary ýurtly  hyzmatdaşlar, kompaniýalar hem-de maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge ýardam etjekdigini belläp, wise-premýere garamagyndaky  düzümleriniň işine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz eksport-import amallaryny geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmeginiň hem-de ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň ykdysady bähbitleriniň goralmagynyň Türkmenistanyň daşary söwda işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy maksady bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “2030-njy ýyla çenli döwürde Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagaty pudagynyň düzümleýin bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, iri düzümleýin taslamalara täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýalaryny çekmäge, şol sanda täze nebitgaz  ýataklaryny özleşdirmek, energetika ugurlaryny we häzirki zaman gazhimiýa toplumlaryny gurmak bilen baglanyşykly wezipelere,  nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň iri energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly nebitgaz serişdelerini netijeli peýdalanmagyň milli ykdysadyýetimiziň bar bolan kuwwatyny durmuşa geçirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine gönükdirilmelidigini belläp, bu işleriň sebit we ählumumy möçberde sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda alnyp barylýan ýaz- meýdan işleri barada hasabat berdi.

Şeýle-de wise-premýer oba hojalyk toplumyna degişli  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň oba hojalyk hem-de harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hem-de ösümlikleri goramagyň  serişdelerini bellige  almak baradaky  döwlet toparynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli ýaz-meýdan işleriniň, ilkinji nobatda bolsa, gowaça, gök we bakja ekinleriniň ekişiniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamak barada  wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň barşyna, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we oba hojalyk pudagynda ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumyna degişli  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň oba hojalyk hem-de harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýuna birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hem-de ösümlikleri goramagyň  serişdelerini bellige  almak baradaky  döwlet toparynyň işini talabalaýyk ýola goýmak baradaky çäreleri makullap, bu işleri dowam etmek  boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi  bilen bilelikde innowasion esasda ýurdumyzda  daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça geçirilýän işler, Türkmenabat şäheriniň “Demirbetonkonstruksiýa” zawodynda ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply we halkara ülňülerine laýyk gelýän keramiki plitalary ýelmeşdiriji gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän enjamlar toplumynyň işe girizilendigi barada habar berdi. Täze kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 4 müň tonna  barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, olaryň esasynda ýerli çig mal serişdelerini ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň senagat toplumynyň pudaklarynyň okgunly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýokary hilli gurluşyk harytlarynyň öndürilişini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmeginiň hem-de bu işe  hususy ulgamyň çekilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäher häkimliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyna geçirilýän serişdeleri hasaplamagyň we tölemegiň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Maksatlaýyn ýörite hasaba gelip gowşan serişdeler paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, bar bolan inženerçilik ulgamlaryny, ýollary hem-de köçeleri abatlamak we saklamak bilen bagly ýerine ýetirilýän işe gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelip gowuşýan serişdelere gözegçiligi ýola goýmagyň we onuň maksatlaýyn ulanylyşyny tertipleşdirmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi şähergurluşyk we özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň maddy taýdan berkidilmegine ýardam berer.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 7-9-njy aprelde paýtagtymyzda Halkara gurluşyk sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu ykdysady gözden geçirilişde ýurdumyzyň gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri senagatynda ýöriteleşdirilen döwlet we hususy kärhanalarynyň önümleri görkeziler. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Halkara gurluşyk sergisini geçirmegiň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu derejede geçirilýän ykdysady gözden geçirilişleriň Türkmenistanyň bu ulgamda gazananlaryny äşgär etmegiň, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurt bazarlaryna ugratmagyň netijeli guralydygyny belledi. Sergileriň guralmagy degişli ulgama täze işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň eksport möçberleriniň we olaryň ýerlenýän ýurtlarynyň sanawynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Halkara gurluşyk sergisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň aprel aýynda milli baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli geçiriljek medeni çäreleri, şol sanda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmäge  hem-de ýurdumyzda durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda “Suw damjasy-altyn dänesi”  baýramy mynasybetli çäreleriň, şol sanda Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň kenarynda däp bolan dabaralaryň meýilleşdirilendigi bellenildi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpsanly sport we medeni-sagaldyş çäreleri geçiriler. Bu senä gabatlanyp, paýtagtymyzda we welaýatlarda uzak aralyga ylgaw ýaryşy, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda köpçülikleýin sport ýaryşlary  guralar. 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunda hem-de welaýatlarda welosport boýunça köpçülikleýin ýöriş geçiriler.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäreleriniň çäklerinde “küştdepdi” tansynyň we gazallarynyň  festiwaly, bagşy-sazandalaryň festiwaly hem-de türkmen keçe sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy we sergisi göz öňünde tutulýar.

Hasabatyň çäklerinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk dabaralary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň hem-de halkara döredijilik çäreleriniň türkmen halkynyň milli sungatynyň we baý medeni mirasynyň köpöwüşginliligini görkezmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň öz ussatlyklaryny görkezmelidigini hem-de milli medeniýetimiziň has-da ösmegine, Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň dünýä bileleşigi bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny we köpugurly hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýän bu möhüm çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmelidigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary  berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew  gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler  barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hünäri ýokarlandyryş fakultetini açmak bilen baglanyşykly mesele barada habar berildi.

Milli Liderimiziň häzirki zaman energetika pudaklarynda, şol sanda bug we gaz bilen işleýän elektrik beketlerinde işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde 2015-2016-njy okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebinde “Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy” diýen täze hünär ugry açylar.

Energetika pudagynyň işgärleriniň hünär taýdan bilimini çuňlaşdyrmak, bu ulgamyň mundan beýläk-de ösdürilmegini we öňdebaryjy dünýä tejribelerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hünär derejesini  ýokarlandyryş fakultetiniň döredilmegi teklip edilýär. Onda okuwlar önümçilikden aýrylmak şerti bilen tölegli esasda alty hepdelik möhlet bilen guralar.

Wise-premýer hasabatyň barşynda Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna hem-de Aziada 2017-niň Baş  meýilnamasyny ýerine ýetirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şu maksat bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda iri sport ýaryşlaryny guramakda we geçirmekde ägirt uly tejribesi bolan belli kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere geçip,  bu möhüm ugurda maksatnamalaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga we ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgeler häzirki zaman bilimlerine eýe bolan ýokary hünärli işgärleriň zerurlygyny äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hünär derejesini ýokarlandyrmak fakultetini açmak hakyndaky teklibi makullap,  milli ykdysadyýetimizde möhüm orny eýeleýän elektroenergetika pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine yzygiderli üns bermegiň wajypdygyny belledi hem-de  bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Aziada-2017-ä taýýarlyk meselelerine degip geçmek bilen,  biziň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýeti bolan iri sport ýaryşlarynyň Baş meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň çözgüdine öz wagtynda we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini ulgamlaýyn esasda dowam etmegiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň hem-de  işjeň özleşdirmegiň möhümdigini belledi. Biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramak hem-de geçirmek üçin  ähli tagallalary etmelidiris diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz munuň  Türkmenistanyň halkara sport hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşandy boljakdygyny nygtady we  bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerine degişli  kararyň taslamasy  barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, “Awtomobil ulagy hakynda”  we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda”  Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, resminamada ýurdumyzyň çägi boýunça awtoulaglarda ýükleri daşamagyň esasy düzgünleriniň berkidiljekdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini has-da berkitmek maksady bilen, awtoulagda daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmagyň hem-de edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwlet we halkara ähmiýetli awtoulag ýollaryny çekmegiň, şeýle hem degişli ýol düzümini gurmagyň möhümdigini aýratyn belledi. Munuň özi daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän gatnawyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz  öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, ýükleri daşamak meselelerine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, “Ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerini tassyklamak hakyndaky”  Karara gol çekdi we wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna maksatnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Mälim bolşy ýaly, BMG bilen köpugurly strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde dürli ugurlarda 264 taslamany durmuşa geçirendigi bellenildi. Olaryň hemmesi 2005-2009-njy we 2010-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň degişli Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatda işleýän edaralarynyň we düzümleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň täze Çarçuwaly maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilmegi onuň esasy aýratynlygydyr. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň ýubileý sammitiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrülen durnukly ösüş ýörelgeleri boýunça eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ählumumy ykdysadyýet we energetika, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa, gender deňeçerligi ýaly möhüm ugurlar boýunça birnäçe giň möçberli başlangyçlary, şeýle hem halkara gün tertibiniň beýleki birnäçe meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti BMG bilen özara gatnaşykda birnäçe bilelikdäki meýilnamalary işläp taýýarlady.

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan Çarçuwaly maksatnamany bu gatnaşyklaryň netijesi hökmünde görkezmek bolar. Bu maksatnama Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň, şeýle hem BMG tarapyndan kabul edilen 2016-2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgelerine doly laýyk gelýär we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň bäşisini öz içine alýar. Olaryň hatarynda ýokary hilli maglumatlar ulgamyny we ösüşiň monitoringini döretmek, milli statistika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi göz öňünde tutýan durmuş ulgamy, ekologiýa durnuklylygyny we energiýa serişdelerini tygşytly ulanmak, iş bilen üpjünçiligi, ykdysadyýetiň, söwdanyň köpugurly esasda ösdürilmegi, dolandyryş hem-de hukuk pudagy bar.

Çarçuwaly maksatnamany Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe iri düzümleri bolan BMGÖM, ÝUNESKO, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Halkara çagalar gaznasy, BMG-niň neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirligi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň zenanlar edarasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy ýaly edaralary bilen bilelikde durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmaga meýillidigini belläp, ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda eýeleýän möhüm ornuny tassyklady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, wajyp ugurlardaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň öňdebaryjy ugurdaş düzümleri bilen gatnaşyk etmekde ýeterlik tejribe toplap, ýurdumyzyň däp bolan gatnaşyklary köpugurly esasda yzygiderli ösdürmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini belläp, täze bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, gatnaşyklaryň Çarçuwaly maksatnamasynyň taslamasyny makullap, onuň uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Çarçuwaly maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly birnäçe halkara resminamalaryny tassyklaýan Kararlara hem gol çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyklykda, kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, onuň ösüşiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda,  Mejlisiň deputatlary tarapyndan  täze kanunlary taýýarlamak, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny nazara almak bilen hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Iş toparlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça   ministrliklerden we pudak edaralaryndan, syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlardan gelip gowuşýan  teklipleri öwrenmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   kanunçykaryjylyk işiniň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, milli parlamentiň işiniň gün tertibini kesgitleýän döwlet ösüşiniň strategiki maksatlaryndan we ileri tutulýan ugurlaryndan, onuň häzirki döwürdäki wezipelerden ugur almalydygyna Mejlisiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça iberilen ähli teklipleri netijeli öwrenmegiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitleriniň goragynda duran, her bir adamyň hem-de raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirýän Esasy Kanunymyzyň türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. 

Degişli makalalar

Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

syrach

Prezidentimiz Buýruga Gol Çekdi

syrach

Köneürgençden Türkmenbaşa çenli 53 günlük uzak aralyga pyýada ýörişi tamamlandy.

syrach