17.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Duşuşyk Geçirildi

2016-njy ýylyň 31-nji martynda Döwlet migrasiýa gullugynda BMG-ň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegi üçin ygtybarly binýady bolan düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýolunda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. Jenap Doýl sözüni dowam edip, Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlary raýatlyga kabul etmek meselesinde oňyn tejribe toplandygyny belläp, ýurdumyzyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen raýatlygy bolmadyk adamlary raýatlyga kabul etmek babatynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, özara pikir alyşmak arkaly gazanan tejribesini işjeň paýlaşýandygyny belledi.


Duşuşygyň çäklerine taraplar raýatsyzlygy azaltmak boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine degişli möhüm meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, duşuşykda BMG-ň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça hem pikir alşyldy

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege ähli gowulyklary arzuw edip, Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarynyň edarasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ýolunda degişli işleriň işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Warşawada Türkmenistan Bilen ÝHHG/DIAHBE-niň Arasyndaky Hyzmatdaşlygy Ýygjamlaşdyrmak Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Agyr Atletikaçylaryň Üstünlikleri

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilenlere Pasportlar Gowşuryldy

turkmenhabargullugy