20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Ýakyn Geljekde Pudaklar Boýunça Esasy Çäreleriň Meýilnamasyna Garaldy

Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Ýakyn Geljekde Pudaklar Boýunça Esasy Çäreleriň Meýilnamasyna Garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer hereket edýän milli kanunçylygyň esasynda gymmat bahaly metallardan bolan döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegiň Tertibiniň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer “Durnukly ösüş strategiýasyna ýardam-Türkmenistanda energiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak” atly taslamany amala aşyrmak bilen bagly mesele boýunça hasabat berdi. Bu taslama tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gymmat bahaly metallardan ýasalan döwlet sylaglaryny ýurdumyzyň çäginden daşary alyp gitmegiň Tertibiniň taslamasyny makullap, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da berkitmek meselesine ünsi çekdi. Bu ýagdaý eziz Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli we netijeli peýdalanmak boýunça maksada gönükdirilen çäreleriň
uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň toplumlaýyn meýilnamalary bilen gös-göni baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu bilelikdäki taslamany amala aşyrmak hem-de bu babatda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek barada degişli görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew nebitgaz toplumynyň käbir pudaklarynda işleriň ýagdaýy,
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberini artdyrmak, şol sanda nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň, kese gapdallaýyn, belli bir ugurly gapdallaýyn, çuňlaşdyrma burawlamagyň, olary düýpli abatlamagyň hasabyna artdyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, pudagyň çig-mal binýadyny berkitmegiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan, ileri tutulýan wezipeleriň hataryna girýändigini belledi. Döwrebap tehnologiýalaryň esasynda içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurulmagy hem energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň nebitgaz senagatyny ösdürmäge uly möçberde serişdeleri goýberýändigini belläp, wise-premýere bu ugurda işleriň depginini güýçlendirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ak ekinlere suw tutmak, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek boýunça zerur agrotehniki çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýaz ekişine işjeň taýýarlyk görülýär, ýerleri şüdügärlemek we tekizlemek işleri dowam edýär.

Derýalaryň, şol sanda Amyderýanyň we Murgap hem-de Garagum derýalarynyň, suw howdanlarynyň kenarlaryny berkitmek, suwaryş ulgamlaryny arassalamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda obasenagat toplumyny özgertmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň möhüm meselelerine ünsi çekdi. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagyny häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelýän täze derejä çykarmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, olary suw bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi talap edip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýän döwürde tehnikalara hyzmat etmek hem-de ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ýüpekçilik pudagyny has-da ösdürmek, dokma kärhanalary üçin ýokary hilli çig malyň möçberini artdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde, 2017-nji ýylda pile taýýarlamak boýunça möwsümi üstünlikli geçirmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurda görülýän çäreler, şol sanda iýmlik binýady bolan tut nahallarynyň ekilişini artdyrmak, ýüpekçileri ýokary hilli gurçuk tohumy hem-de ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmegiň netijeli tehnologiýalary bilen üpjün etmek gaýtadan işleýän kärhanalary çig mal bilen üpjün etmäge, ondan taýýarlanan önümleri içerki we daşarky bazarlara ýerlemäge uly mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda pile öndürmek baradaky meýilnamany 2030 tonna möçberinde, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 485 tonna, Lebap welaýatynda 960 tonna, Mary welaýatynda 405 tonna möçberde tassyklamak baradaky teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähmiýetli pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmek babatda ýüpekçilige uly ornuň berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagy ösdürmek, ony häzirki döwrüň senagat derejesine çykarmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, milli däplerimizi dowam etmek arkaly önümçilikde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen ýüpekçilere hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň hem-de olaryň işe bolan höwesini artdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamak wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew ýurdumyzda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berip, gurulmagy göz öňünde tutulýan köpriniň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bu baradaky maglumat şekilli görnüşlerde beýan edildi. Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ýokarlandyrmak, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň döwrebap ulgamyny kemala getirmek boýunça ýurdumyzda köp işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýol-gurluşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, Diýarymyzda döwrebap, halkara ölçeglerine kybap gelýän awtomobil we demir ýollarynyň, köprileriň gurlandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu şertler bolsa ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ulag gatnawy babatda hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, demirbeton gurluşly iki gatnawly iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan täze awtomobil köprüsini gurmak göz öňünde tutulýar.

Geçiriljek döwrebaplaşdyrylyş işleri ýurdumyzyň sebitleriniň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga, goňşy döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmäge, ýük we ýolagçy gatnawlaryny yzygiderli amala aşyrmaga ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz ulag-aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyny nygtap, yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreleriň logistika merkezlerini hem-de täze ulag geçelgelerini döretmek, häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň strategiki ugurlarynyň biri hem-de ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýan üstaşyr-ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän möhüm başlangyçlary ýerine ýetirmek babatda anyk ädimler bolup durýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemme zerur bolan taslama resminamalarynyň tiz wagtda işlenilip taýýarlanmagynyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu ugurda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döwlet Baştutanymyzyň bu guramanyň agzalarynyň öňünde goýan wezipelerini çözmek, hususan-da, ýerli çig maly oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlary azaltmak hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen täze önümçilikleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Olar esasan oba hojalyk ýerleriniň hem-de mineral-çig mal serişdeleriniň, şol sanda gurluşyk önümlerini çykarmaga niýetlenen serişdeleriň gaýtadan işlenilmeginiň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagatyny hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak babatda milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl ulgamynyň barha artýan kuwwatyny kanagatlanma bilen belledi hem-de ýerli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mineral-çig mal binýadynyň netijeli özleşdirilmeginiň baş maksadynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň depginlerini çaltlandyrmak hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolup durýandygyny aýtdy hem-de hojalyk, işewür başlangyçlary mundan beýläk-de höweslendirmegiň, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmakda we eksport kuwwatyny ösdürmekde türkmen işewürliginiň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmegiň zerurdygyny görkezdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň barşy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2017-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň takyk işlemeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürilmegini üpjün edýän kesgitleýji ýagdaýlaryň biridigini belledi. Bu ulgama häzirki döwürde ýük daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň ýokary hili we ygtybarlylygy babatda möhüm talap bildirilýär. Bu bolsa netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, yklymara üstaşyr-ulag ugurlarynyň üstünlikli peýdalanylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga jogapkär düzümleriň işlerini kämilleşdirmek meselelerine döwletimiziň hemişe uly üns berýändigini belläp, “Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2017-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” karara gol çekdi hem-de onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa fewral aýynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna we şanly wakalara, bu senelere gabatlanyp, durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň açylmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Fewral aýynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň yglan edilmegi, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurumyzyň sport toplumlarynda, ýokary, ýörite we orta okuw mekdeplerinde, saglygy goraýyş edaralarynda, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, medeni ojaklarda, kinokonsert merkezlerinde baýramçylyk duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, konsertler geçiriler.

Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen şygar astynda VIII uniwersiadanyň hem-de spartakiadanyň düzümine girýän sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler we Saglyk ýoluna çykylar. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýokary okuw mekdepleriniň meýletinçileriniň arasynda “Iň başarjaň meýletinçi” atly bäsleşigi geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 18-nji fewralda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy maslahaty we baýramçylyk dabarasy, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň demokratik, dünýewi döwlet gurmakda toplan oňyn tejribesine bagyşlanan maslahat düzýär.

19-njy fewralda umumyhalk baýramy—Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli uly dabaralar guralar. Şol gün baýramçylyk dabaralary welaýatlaryň merkezi meýdançalarynda hem geçiriler.

Paýtagtymyzda täze desgalaryň—“Parahat-7” ýaşaýş jaý toplumynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli döredijilik çäreleri taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly wakalaryň ählisine döredijilik taýdan akyl ýetirmegiň, Türkmenistanyň häzirki zaman gazananlaryny giňden wagyz etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, geçiriljek baýramçylyk dabaralaryň hem-de täze desgalaryň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň hemmesiniň türkmen halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny beýan etmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary döwletler bilen gatnaşygyny täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen halkara medeni we beýleki çäreleri geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew
şu ýyl Aşgabat şäherinde halkara sport synag ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 16-30-njy aprel aralygynda agyr atletika we kikboksing boýunça Aziýa çempionatlaryny hem-de suwda ýüzmek boýunça sebitleýin halkara ýaryşyny geçirmek teklip edildi. Jemi 40-dan gowrak döwletden 800-den gowrak wekilleriň gatnaşmagynda şeýle ýaryşlaryň geçirilmegi Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny has doly kuwwatda işledilen ýagdaýynda synamaga we olaryň V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesini, şeýle hem meýletinçileriň, sport žurnalistleriniň, eminler toparynyň we beýleki gulluklaryň işini barlamaga hem-de zerur işleri geçirmäge uly mümkinçilik berer.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde halkara synag ýaryşlaryny geçirmek hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz olary geçirmek bilen bagly ähli guramaçylyk meseleleriniň üstünde oýlanyşykly işlemegiň hem-de sport çärelerine hyzmat etmekde daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini ulanmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz karara gol çekip, synag ýaryşlarynyň nusgalyk derejede geçirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Wise-premýer şeýle hem 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly göz öňünde tutulan çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýyly ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Meýilnamanyň taslamasynda, hususan-da, köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin fewral-sentýabr aýlarynda köpçülikleýin ýowarlaryny, bedenterbiýe hem-de sport çäreleriniň giň toplumyny, şol sanda wagyz-nesihat işlerini, iri köpçülikleýin sport çärelerini, Saglyk ýoluna ýörişleri, maslahatlary hem-de sergileri geçirmek göz öňünde tutulýar. Meýilnamada medeniýet işgärlerini, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, muzeýleri, kitaphanalary we beýleki ulgamlary çekmek arkaly köpsanly medeni çäreler geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmeginiň milletiň genofonduny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ruhy kuwwatyny açyp görkezmäge hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, sporty mundan beýläk-de wagyz etmäge gönükdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz «2017-nji ýylyň «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly meseleler hakyndaky» karara gol çekip, wise-premýere onuň berjaý edilişine gözegçilik etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň meseleleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, strategiki ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisinde döwlet Baştutanymyz energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täze halkara-hukuk guralynyň döredilmegi baradaky teklibi öňe sürdi. 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň meseleleri boýunça ýörite kararnamalary kabul etdi. Bu resminamalarda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ýörelgeleri we çemeleşmeleri beýan edildi.

Bu ulgamda Türkmenistan iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de köpsanly duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şunda Energetika Hartiýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek gerek. Ozal habar berlişi ýaly, 2014-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen paýtagtynda bu ýöriteleşdirilen düzüm bilen bilelikde, “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly Aşgabat forumy guraldy, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, bu mesele boýunça bilermenleriň birinji halkara duşuşygy geçirildi. Bu hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde 2015-nji ýylda Brýussel we Pekin şäherlerinde, 2016-njy ýylda bolsa Tirana şäherinde halkara bilermenleriň maslahatlary geçirildi.

Geçen ýylyň 25-26-njy noýabrynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Tokio şäherinde geçirilen mejlisinde ýurdumyz 2017-nji ýyl üçin bu Guramanyň konferensiýasynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanyldy. Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe halkara çärelerini ýokary derejede guramak we geçirmek maksady bilen degişli guramaçylyk topary döredildi. Bu toparyň şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen ilkinji mejlisiniň netijeleri boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi boýunça Konsepsiýanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň energiýa serişdeleriniň çeşmeleriniň köpdürlüligini üpjün etmek, olaryň çägini giňeltmek; energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we olary aýawly saklamak maksady bilen, täzeçil tehnologiýalary we dolandyryş usullaryny ulanmak; daşky gurşawy goramagy we energiýanyň täzelenýän çeşmelerini ulanmagy üpjün etmek maksady bilen, ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmek; energiýa serişdelerini ibermegiň ygtybarly ulgamyny döretmek üçin olaryň halkara derejesinde üstaşyr geçirilmegini deňhukukly we täjirçilik taýdan esaslandyrylan ýörelgelere görä amala aşyrmak; halkara energetika hyzmatdaşlygynda maýa goýum işlerini ösdürmek maksady bilen, energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek we olary goramak boýunça degişli işleri geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Durnukly energetika ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji maslahatynyň netije resminamasynda beýan ediler.

Şunuň bilen birlikde, 2017-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasy bilen bilelikde döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şol çäreler Aşgabatda, Brýusselde, Nýu-Ýorkda, Pekinde, Gonkongda, Tähranda geçiriler. Şol birwagtda Belgiýanyň paýtagtynda Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň içeri guramaçylyk duşuşyklarynyň 10-syny geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, 8 ugur boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy, oňa laýyklykda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda media-forumlary, maslahatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyklary we ýörite okuw sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň Başlyklygy boýunça ýörite Internet web-saýtyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu elektron habar beriş serişdesiniň sahypalarynda dürli mowzuklaýyn makalalar çap ediler, Aşgabatda we dünýäniň beýleki şäherlerinde halkara energetika ugry boýunça geçiriljek çäreler barada maglumatlar berler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, energetika ulgamynda özara gyzyklanma bildirilýän we deňhukukly hyzmatdaşlygyň we XXI asyrda ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyz ägirt uly energiýa kuwwatyna eýe bolmak bilen hem-de ony ählumumy abadançylygyň bähbidine peýdalanmaga çalşyp, tutuş adamzadyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda strategiki ähmiýete eýe bolan meseleleri çözmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyny aýdyp, ýurdumyzyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlyklygyna saýlanmagynyň onuň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belledi. Ýurdumyz ýangyç-energetika ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy höweslendirmek we ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürüp, gatnaşýan taraplaryň ählisiniň bähbitleriniň sazlaşygyna esaslanýan we uzakmöhletli geljek üçin niýetlenen özara gatnaşyklaryň täze netijeli nusgalaryny işläp taýýarlamaga saldamly goşandyny goşýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň hem öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam etmelidigini belläp, bu jogapkärli wezipäniň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini hem-de şol döwürde göz öňünde tutulan halkara çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Degişli makalalar

GUTLAG

syrach

Laý Wulkanlary (patlawuklar) Zeminiň Dirilik Demidir

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Sapary Bilen Lebap Welaýatyna Ugrady