19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerine hem-de käbir resminamalarynyň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde hususy kärhanalaryň we telekeçilik işlerini alyp barýan aýry-aýry şahsy taraplaryň işlerine degerli gözegçilik etmek boýunça geçirilýän barlagyň netijeleri barada habar bertldi. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine degişli goşmaçalary girizmek, şeýle hem döwlete degişli däl ulgamda edara görnüşli we şahsy taraplaryň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesini işläp taýýarlamak we tassyklamak hakynda teklipler beýan edildi.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de iri maýa goýum taslamalaryň ilerledilişi barada, şeýle hem ýurdumyzyň ilatyny, kärhanalaryny we guramalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmäge degişli kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz önümçilik we durmuş ulgamlaryna tygşytlaýjy kämil tehnologiýalary hem-de tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almagyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak babatda anyk tabyşryklary berdi.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde öň hereket eden deňiz portunyň ornunda döwrebap desgany gurmak işi bu ýerde kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna karbamide barabar bolan täze himiýa zawodyny gurmak boýunça giň möçberli taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde göz öňünde tutuldy. Kärhananyň işe girizmegi bilen, onuň öndürýän önümlerini deňiz ýoly arkaly daşary ýurtlara ibermek meýilleşdirilýär. Geljekki portda bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna çenli ýüki ibermek mümkinçiligi dörär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary we şekilleri we ýerleşdirilen dokma önümleriniň nusgalary hödürlenildi. Aziada-2017-niň nyşanlaryny taýýarlamak boýunça işler barada habar aýdyldy, ol nyşanlar ulag serişdelerini, uçarlary, ýaryşlara gatnaşyjylara we myhmanlara hyzmat etmäge niýetlenen beýleki ulag serişdelerini bezär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze gurulýan awtomobil ýollaryna göwnejaý hyzmat etmek, ýolagçylary we ýükleri, şol sanda halkara ýüklerini daşamagyň hilini döwrüň talabyna laýyk getirmek üçin zerur işleri görmegi tabşyrdy.

1-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň altynjy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

2-4-nji maý aralygynda öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işlei barada aýdyldy.
4-nji maýda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-palestin işewürler maslahatyna taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän medeni çäreler, şeýle hem milli senenamadaky umumy halk baýramçylyklary we şanly seneler, olara gabatlanan durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli maý aýynda meýilleşdirilen dabaralaryň maksatnamasy hakynda habar berildi.
16-njy maýda Aşgabatda Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Daňdanakan şäher galasynda türkmen arheologlary tarapyndan täzeden geçirilen gözlegler netijesinde örän ussatlyk bilen ýasalan türkmen alabaýynyň heýkeljigi ýüze çykaryldy. Şeýle hem Seljuklar döwletinde metaldan ýasalan önümleriň sungatynyň ösendigine şaýatlyk edýän beýleki tapyndylar tapyldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň buýurmagynda 2 müň orunlyk Jemagat hojalygy institutyň täze binalar we desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny habar berdi. Häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleri doly tamamlanyp, mermer bilen örtmek, enjamlary ornaşdyrmak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. 2017-2018-nji okuw ýylynda instituta bu hünär ugry boýunça talyblary kabul etmek göz öňünde tutulýar. Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylar.

Kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň, şol sanda edara ediş önümçiligi, hukuk kadalary, alyjylar jemgyýetleri, erkin ykdysady zolaklar, hemaýatkärlik, haýyr-sahawat, muzeýler we muzeý işi, ekologiýa howpsuzlygy, pagtaçylyk, konsullyk gullugynyň işleri we beýlekiler baradaky kanunçylyk namalaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýändigi habar berildi.

Mejlisde paýtagtymyzda we welaýatlardaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda 2017-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky” karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary – harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary geçirilýän işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Hukuk goraýjy edaralardaky işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar aýdyldy.

Degişli makalalar

Turkmenistan Fotosuratlary 8

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Kanuny

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar Topary Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlaryna Gözegçilik Etmegini Dowam Edýär