22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Mir Hazar Khan Khoso kasam edip wezipesine başlady.

Pakistanda 11-nji maýda geçiriljek saýlawlara çenli ýurdy gönükdirjek wagtlaýyn hökümetiň Premýer ministri Mir Hazar Khan Khoso kasam edip wezipesine başlady.

Prezident Asyf Ali Zerdarynyň we Ýokary kaziýetiň agzalarynyň öňünde kasam eden Khoso ýurdy saýlawlara taýarlar. Ýokary saýlaw komissiýasynyň karary bilen premýer ministrlige bellenen Khoso hökümet we oppazisiýa tarapyndan “makul adam” hökmünde görülýär.

Belujistan welaýatyndan saýlanan täze Premýer ministriň Ministrler kabineti 12 ministrden ybarat bolar. Pakistanyň wagtlaýyn Premýer ministri Khoso saýlawlaryň adalatly we aç-açan ýagdaýda geçirilmegi üçin tagalla etjekdiklerini aýtdy. 180 million ilata eýe bolan Pakistanda maý aýynda geçiriljek saýlawlar demokratiýanyň ýola goýulmagy taýdan möhümdir. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan’da 2018 Yılı “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi” Yılı Olarak Kutlanıyor

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach