16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Onuň işine gatnaşmak üçin Mejlisiň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we żurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda ýakynda döwletimiziň durmuşynda örän uly ähmiýeti bolan baýramyň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 15 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenip geçilendigini aýtdy. Baýramçylyk maksatnamasyna örän möhüm wakalaryň birnäçesi girizildi. Olaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga beren ýokary derejedäki «Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan» Duşuşygy, şeýle hem «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty bar. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri baýramçylyk çärelerini taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňra ýerine ýetirilen işleri barada hasabat bermek üçin welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Täze ýylda türkmen halky Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly belläp geçer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu şanly sene mynasybetli öňde uly wezipeleriň durandygyny belledi. Şol wezipeleriň biri-de oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we ýygnamakdyr. Esasy oba hojalyk ekinleri bolan bugdaý we pagta hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi köp derejede ýerlerde häkimleriň nähili işleýändiklerine baglydyr.

Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew welaýatda şu ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, önüm öndürijiler bilen nagt hasaplaşygyň geçirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem welaýatda durmuş-ykdysady düzüminiň döwrebap ösdürilmegi babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Welaýat häkimi şu ýylda döwlet Baştutanynyň ýakyndan goldawy netijesinde oba hojalyk önümçiliginde uly üstünlikleriň gazanylandygyny, gallanyň hem-de pagtanyň hasyllylygyny artdyrmak boýunça gowy netijeleriň gazanylandygyny we bu üstünlik bilen ruhlanyp uly işleriň alnyp barylýandygyny, däne ekinlerine ideg etmegiň barşy hem-de ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilýän işler barada öz hasabatynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagynyň hökmandygyny belledi we oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagy we kärendeçiler üçin ýokary şertleriň döredilmegi ugrunda döwletiň mundan beýläk-de alada etjekdigini nygtady.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatda şu ýylda alnyp barlan işleriň deslapky netijeleri, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilişi, şeýle hem täze ýylda amala aşyryljak işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Ol hususan-da, welaýatyň oba hojalyk ulgamynda meýilnama boýunça 2011-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaý meýdanlarynda kadaly gögeriş alnandygyny we olara agrotehniki talaplara laýyklykda ideg işleriniň dowam etdirilýändigini aýtdy. Şeýle hem häkim welaýatda 2011-nji ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak işlerine girişilendigini we gowaça ekmek üçin sürüm işleriniň başlanandygyny habar berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän işleri barada aýdyp, bu ýerde gurluşygyň nobatdaky tapgyryna başlamak üçin halkara bäsleşikleriniň geçirilýändigini mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda ol ýakyn wagtda täze binalaryň we desgalaryň gurluşygy boýunça bäsleşikleriň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlemek üçin zerur çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda medeni çäreleriň geçirilmegine aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Çünki bu ýerde halkara derejesindäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Olara gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň köpüsinden myhmanlar gelýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylýan taslamalara ünsi çekip, bu ýerdäki gurluşyk işleriniň öz möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini, şeýle hem Milli Maksatnamalar boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow welaýatda alnyp barylýan işler we öňde durýan wezipeler barada hasabat berip, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça Milli Maksatnama laýyklykda hasabat döwründe 329 million manatlyk düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini we ýyllyk meýilnamanyň 105 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Şeýle hem oba hojalyk işleriniň gidişi barada habar berip, welaýat boýunça 2011-nji ýylyň hasyly üçin 180 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýyň ekilendigini we şol meýdanlaryň aglaba böleginde endigan gögeriş alnandygyny habar berdi. Häkimiň belleýşi ýaly, geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak boýunça sürüm işleri netijeli geçirilýär, tekizlemek, ýuwuş suwuny tutmak işlerine girişildi we bu çäreleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylyň hasylynyň binýadyny berk tutmak üçin welaýatda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümçiliginiň binýatlyk serişdeleriniň biri bolan suwy tygşytly ulanmak, onuň üpjünçiligi hakynda düýpli alada etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi ÝA. Ýaýylow welaýatda häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gidişi barada aýdyp, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilişi, tarp ýerleri özleşdirmek boýunça işleriň guramaçylykly barýandygy, ýer-suw serişdelerini ulanmak, önümçilige ylmy agrotehnikany giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem täze ýylda geçiriljek işleriň meýilnamasy hakynda hasabat berdi. Giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamanyň çäklerinde Lebap welaýatynda dürli maksatly desgalaryň tutuş toplumynyň gurulýandygyny, bu işleriň gözegçilikde saklanýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilmelidigini belläp, welaýatda oba hojalyk önümleriniň artdyrylmagyny şertlendirýän düýpli özgertmeleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady.

Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow şu ýylda alnyp barlan işleriň deslapky netijeleri, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen nagt hasaplaşyklaryň geçirilişi, şeýle hem täze ýylda amala aşyryljak işleriň meýilnamasy boýunça hasabat berdi. Ol welaýaty 2010-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň deslapky netijeleri barada hasabat bermek bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir welaýatynda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň döredilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Döwlet Baştutany ähli gurulýan desgalaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmalydygyna we olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigine üns çekip, bu talaplar, öňi bilen her bir türkmenistanlynyň eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäg gönükdirilendir diýip nygtady.

Hökümet Bşatutanynyň orunbasary M.Akmmämedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyp, 2010-njy ýylda oba hojalyk ulgamynda gazanylan netijeler we ýetilen sepgitler hakynda hasabat berdi. Hasabatda ýurtda agrar pudagyny has-da ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde dänäniň, pagtanyň we azyk önümleriniň birnäçe görnüşleriniň möçberleriniň artdyrylandygy bellenildi. Gara we ownuk mallaryň, guşlaryň baş sany köpeldi. Şeýlelikde täze ýylda oba hojalyk önümleriniň önümçiligini düýpli artdyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi gaýtadan işleýji kärhanalaryň çig mal bilen bökdençsiz üpjün edilmegine oňyn täsir eder.

Şeýle hem hasabatda ýetişdirilen hasyl üçin daýhanlar bilen nagt hasaplaşyk we meýdan işleriniň barşy, ýerleriň suw we toprak düzümini gowulandyrmak we ýaz ekişine taýýarlamak, dänelik ekinlere ideg etmek, mallary gyşlatmak hakynda maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň birnäçe möhüm ugurlary hakynda aýdyp, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, öňdebaryjy agrotehnikalary we ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň, azyk pudagynyň önümçiligini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, geljek ýylda milli ykdysadyýetiň täze mümkinçiliklerine we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ulgamyň öňdebaryjy pudaga öwrülmegini çaltlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň dowam etdiriler. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we azyk senagatyna degişli döwlet hem-de hususy kärhanalara berilýän maksada laýyk goldawyň ýurdumyzyň sarp ediş bazaryndaky azyk bolçulygyny üpjün etmäge we ony ýokary islegleri nazara alyp, has-da artdyrmaga, olaryň dürli görnüşli, ýokary hilli we elýeter bahaly ýerli azyk önümleri bilen üstüni ýetirmäge mümkinçilik berjekdigini milletiň Lideri belledi.

Ýurtda alnyp barylýan özgertmeleriň baş maksady türkmen halkynyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň degişli ýolbaşçylaryndan ähli şäherleriň, etraplaryň, obalaryň okgunly we sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen zerur çäreleri durmuşa geçirmegi talap etdi. Döwlet Baştutany şäherlerde we obalarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň döredilmeginiň möhümdigini belläp, welaýatlaryň häkimlerine maýa goýum taslamalarynyň talap edilýän kadalara laýyk gelýän möhletlerde amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Baş prokurory Ç.Hojamyradow ýurdumyzyň ministrliklerine, pudak edaralaryna we beýleki düzümlere degişli dürli ýerlerde ekilen agaç nahallary we olara ideg edilişi babatda geçirilen barlagyň netijeleri hakynda hasabat berdi. Hasabatdan görnüşi ýaly, käbir ýerlerdäki bag nahallaryna ideg edilişiniň ýaramazdygy, agaç nahallarynyň ideg edilmän guran ýerleriniň hem bardygy ýüze çykaryldy. Şeýle ýagdaýyň hususan-da ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine degişli ýerlerinde bardygy mälim edildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi we bu ugurda ýüze çykýan kemçilikleriň, nogsanlyklaryň ýol berilmesiz ýagdaýdygyny nygtady hem-de ony gyssagly düzetmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany beýleki ýokary okuw mekdeplerine görelde bolmaly Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli ýerlerde ekilen agaç nahallaryna ýaramaz ideg edilendigi we olaryň köpüsiniň guramagyna ýol berilendigini aýdyp, işe şunuň ýaly, çemeleşendigi sebäpli G.Mämmetgulyýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesinde boşatdy we bu ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji edip D.Myradowy belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ugruny durmuşa geçirmegiň 2008-2012-nji ýyllar üçin esasy ugurlaryny amala aşyrmak boýunça Daşary işler ministrliginiň geçen döwürde alyp baran işleri, şeýle hem Ministrligiň täze ýylda geçirjek işleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi. Nygtalyp bellenişi ýaly, milletiň Lideriniň dünýä giňişliginde giň gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen öňden görüjilikli daşary syýasaty özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we sebitleýin hem-de ählumumy ösüşiň derwaýys meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny şertlendirdi.

Wise-premýer şanly senä — ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berip, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan daşary syýasat ugrunyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasy boldy diýip belledi. Halkara ähmiýetine eýe bolan bu möhüm maslhata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna köp sanly myhmanlar — daşary ýurtlaryň onlarçasyndan, şeýle hem esasy halkara we sebitleýin guramalaryň ençemesinden wekiller geldiler.

Dekabryň 11-ine Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan» Duşuşygy hem Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli waka bolup, giň halkara seslenmesine eýe boldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri hem-de Hindistan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministri gatnaşdylar. Möhüm resminamalara gol çekilmegi bilen tamamlanan bu ýokary derejedäki duşuşyk iri energetika taslamasynyň — transmilli TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna badalga berdi.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň DIM-niň öňünde goýlan esasy wezipeler barada durup geçip, häzirki güne çenli Türkmenistanyň dünýäniň 129 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny, şeýle hem 42 sany halkara guramasynyň agzasy bolup durýandygyny belledi. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrdy. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 8-si, şeýle hem BMG-niň Baş Sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi.

Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde beýan eden daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary we döwlet Baştutanymyzyň sebitleýin hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli ýurdumyzyň täze oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmak we goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini üpjün etmek meselesine deglip geçildi. Bellenilişi ýaly, halkara jemgyýetçiligini tolgundyrýan bu meseläniň çözülmegine Türkmenistan işjeň gatnaşyp, doganlyk owgan halkyna yzygiderli kömek we goldaw berip gelýär.

Wise-premýer Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň çalt depginler bilen ösýändigini belläp, özlerini işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde görkezen ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň ornuny nygtady. Häzirki günde Türkmenistan şeýle düzümleriň çäklerinde 23 sany döwlet bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýyl bu toparlaryň mejlisleriniň 15-si geçirildi. Şunuň bilen bir hatarda gumanitar gatnaşyklara, şol sanda bilim we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Mysal üçin, biziň ýurdumyzyň ýetginjekleriniň we gyzlarynyň müňlerçesi daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Beýleki ýurtlarda yzygiderli geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri we pudaklaýyn sergiler, şeýle hem biziň ýurdumyzda guralýan şeýle çäreler däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ýene-de bir möhüm ugry energetika diplomatiýasydyr. Bellenilişi ýaly, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan milli energetkia strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi ýokary netijeleri berýär. DIM-iň ýolbaşçysy bular barada aýdyp, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň, şol sanda şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň belent münberinden beýan edilen we dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna hem-de goldawyna mynasyp bolan başlangyçlaryň ähmiýetini nygtady. Häzir hereket edýän transmilli Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisi, goňşy Eýran bilen ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan halkara energetika köprüsini gurmak baradaky taslama türkmen döwletiniň bu strategik ulgamdaky syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyny tamamlap, ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň we diplomatik edaralarynyň işgärleriniň adyndan Ministrligiň we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň üstünlikli işlemegi üçin, şeýle hem bu edaranyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuşy babatda amatly şertleriň döredilendigi, şol sanda olar üçin kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup berilýändigi, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Wise-premýeriň ynandyryşy ýaly, DIM-iň işgärleri, türkmen diplomatlary öz tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty babatda olaryň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge mundan beýläk-de örän oýlanyşykly çemeleşerler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyna ygrarly bolmak bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan mundan beýläk hem bu ugra eýerer we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrligiň öňünde goýlan wezipeleri berk gözegçilikde saklamak babatda DIM-iň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti resminamalaryň birnäçesine, hususan-da, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna täze «Mersedes-Bens Ýe300» kysymly awtomobilleri bermek, şeýle hem wezipelere bellemek baradaky resminamalara gol çekdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň meseleleri hakyndaky karara garaldy.

Soňra mejlise gatnaşyjylaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda 2010-njy ýylyň jemleriniň ýanwar aýynda gutarnykly jemlenjekdigini belläp, ýurdumyzyň daşary syýasaty bilen bagly meseleleriň, şeýle hem täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň öňünde durýan meseleleriň üstünde durup geçdi.

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, dünýä ösüşine geçirilen seljerme hem-de ýurdumyzyň bu ösüşdäki orny we hyzmaty hemmetaraplaýyn, giň gerimli halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň saýlap alan ýolunyň dogrudygyny tassyklaýar.

Türkmenistan häzirki döwürde öz öňünde durýan maksatlara aýdyň düşünip, anyk ýörelgelere esaslanýan köptaraply, toplumlaýyn daşary syýasaty alyp barýar. «Biz hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna ynam bilen çykýarys we bu hyzmatdaşlygy bir maksada gönükdirip, yzygiderli amala aşyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we şunda parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmegiň, durnuklylygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugrudygyny we onuň häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Ilkinji nobatda, bitarap türkmen döwleti öz tagallalaryny sebit derejesindäki meselelere gönükdirýär. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz syýasy mümkinçiliklerini sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, ynanyşmak we özara düşünişmek boýunça halkara bileleşiginiň edýän tagallalaryna ulanmagy teklip edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygynyň şanly baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çäreler biziň alyp barýan syýasatymyzyň dogrudygyna, onuň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigine we goldanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu şanly waka biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny aýdyň görkezdi, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň hakyky baýramyna öwrüldi diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde köp taraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürendigini aýdyp, bu başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady. Bu biziň daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarymyzyň işini has-da güýçlendirmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.

Birleşen Milletler Guramasy biziň esasy hyzmatdaşymyz bolup durýar, biz geljekde hem bu Gurama bilen gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmagy göz öňünde tutýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2013-2015-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Geňeşiniň agzalygyna öz kandidaturasyny hödürlemegi göz öňünde tutýar. Bu Geňeşiň agzalygyna saýlaw möwsümini mynasyp geçirmek üçin häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasyny taýýarlykly işgärler bilen ýeterlik derejede üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, R.Meredowa bu mesele boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, geljek ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe esasy edaralary ýerleşýän Żenewa şäherinde şol Guramanyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasyny açmak baradaky meseläni hem çözmeklik tabşyryldy.

Türkmenistanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň işine gatnaşmagy hem biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, biz beýleki abraýly halkara we sebit guramalary — Goşulmazlyk Hereketi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Konferensiýasy guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasy we beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem ýeterlik üns bermelidiris diýip, milletiň Lideri nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň dünýäniň döwletleriniň onlarçasy bilen dostlukly, deňhukukly, birek-birege bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýandygyny we ýola goýýandygyny belläp, Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň sanyny artdyrmak, geografiýasyny giňeltmek meselelerine oýlanyşykly çemeleşýändigini aýtdy. Biz halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmegi hut häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasatymyzyň zerur ugry diýip hasap edýäris. «Bu ugurda esasy we ikinji derejeli gatnaşyjylar, möhüm we möhüm däl hyzmatdaşlar bolup bilmez. Biz halkara bileleşigine agza ýurtlaryň ählisine deň derejede, birmeňzeş hormat goýmak bilen garaýarys, bu ýurtlar bilen özara düşünişmegiň ýetilen derejesine ýokary baha berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň oňyn hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan bähbitleri dünýäniň dürli sebitlerini öz içine alýar. Biz iri döwletler we dünýäniň syýasy hem-de ykdysady merkezleri bolan Hytaý, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklarymyzyň gerimini düýpli giňeltdik we mazmunyny has-da baýlaşdyrdyk diýip, milletiň Lideri nygtady.

Türkmenistanyň sebitdäki goňşulary bilen gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe boldy. Eýranyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň gatnaşmagynda ulag we turba geçiriji taslamalar amala aşyrylýar, häzirki döwürde olaryň ähmiýeti örän ýokarydyr diýip, milletiň Lideri aýtdy we Aşgabatda geçirilen TOPH Duşuşygyny mysal getirdi. Şol Duşuşykda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijiniň gurluşygyna badalga bermek baradaky resminamalara ýokary derejede gol çekildi. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygy hem biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň, şeýle hem onuň esasy ýörelgeleriniň biri bolan goňşular bilen parahat we ylalaşykly ýaşamak, ähli ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamak, özara bähbitli ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky ýörelgelerini durmuşa geçirmeginiň netijesidir. Bary-ýogy birnäçe ýyl mundan öň «Türkmenistan—Hytaý» gaz geçirijisini gurmak baradaky pikiriň köp adamlar üçin amala aşyryp bolmajak arzuw bolup görnendigini ýatlap geçeliň diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şoňa görä-de, häzirki döwürde biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň islendik halkara hem-de içerki taslamalary amala aşyrmaga ähli mümkinçilikleriniň bardygyny ynamly aýtmak bolar. Bu meselede öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin diňe sabyrlylyk, erk we tutanerlilik zerurdyr. Bu biziň şu döwletlerdäki diplomatik işgärlerimiziň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ozalky Sowet Soýuzynyň düzümine giren döwletler, öňden gelýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy dowam eder.

Öz daşary syýasy strategiýamyzda biz arap dünýäsiniň döwletleriniň Türkmenistana bolan barha artýan gyzyklanmasyny hem nazara alýarys. Aziýa—Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistan üçin gitdigiçe has möhüm ugurlaryň birine öwrülýär. Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly döwletler bilen biziň hyzmatdaşlyk etmek boýunça mümkinçiliklerimiz örän uludyr. Bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Daşary işler ministrligi bu ugurda öz alyp barýan işlerini Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işleri bilen ysnyşykly utgaşdyrmalydyr. Biz häzirki döwürde Ýer ýüzüniň iň çalt depginler bilen ösýän sebitleriniň biri bolan Latyn Amerikasynyň ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy giňeltmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Dünýäniň ykdysady taýdan iň kuwwatly ýigrimi döwletiniň düzümine girýän Braziliýa, Meksika, Argentina ýaly iri ýurtlarda biziň ilçilerimizi bellemek meselesi barada oýlanmaga hem wagt gelip ýetdi. Bu mesele Latyn Amerikasy ýurtlarynyň halkara guramalarynyň çäklerindäki däp bolan işjeň orny nazara alnanda hem, syýasy taýdan özara arkalaşykly hereket etmek üçin möhümdir diýip, milletiň Lideri aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we onuň ýolbaşçylyk edýän ministrligine bu meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amala aşyrylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyp, ilçihanalaryň öz işinde bu meselä aýratyn üns bermelidigini nygtady. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda söwda wekilhanalaryny açmak bu ugurda geljegi uly bolan wezipeleriň biridir. Bu meselede daşary işler ministrligi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Meredow, H.Muhammedow, T.Japarow hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Ykdysadyýet we ösüş ministrlikleri bilelikde zerur işleri alyp barmalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Medeniýet adamzadyň umumy taryhynyň örän möhüm bölegi bolmak bilen, biziň ileri tutýan halkara gatnaşyklarymyzda aýratyn orun eýeleýär. Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we özara arkalaşykly işlemek halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň möhüm guralydyr. Häzirki döwürde biziň diplomatiýamyzyň esasy ünsüni şu meselelere gönükdirmek, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlygyny dünýäniň häzirki döwürdäki ösüşiniň ugurlaryna laýyk getirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Biz dünýä ýurtlarynyň ählisi üçin, şeýle hem döredijilik işgärleriniň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin açykdyrys diýip, milletiň Lideri belledi. Döwletimizde dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelýän sungat işgärleriniň gatnaşmagynda halkara festiwallary yzygiderli guralýar. Bu çäreler diňe bir meşhur sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda däl-de, eýsem dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň we çagalarynyň gatnaşmagynda hem geçirilýär. Soňky döwürde Türkmenistanyň daşary ýurtlarda Medeniýet günleri we beýleki ýurtlaryň Türkmenistanda Medeniýet günleri ýygy-ýygydan we giň gerim bilen geçirilip başlandy. Bu ugurda alnyp barylýan işleri geljekde hem dowam etmeli, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlaryny gözlemeli diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky her bir ilçihanasynda Medeniýet attaşesi wezipesini girizmek meselesini öwrenmegiň zerurdygyny nygtady. Şu mesele boýunça Daşary işler ministrligine, wise-premýerler R.Meredowa, M.Ýazmuhammedowa, ýurdumyzyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligine degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Daşary ýurtlar bilen alyp barýan giň möçberli medeni hyzmatdaşlygymyza biz dünýä ýurtlarynyň halklarynyň geljek döwürde özara düşünişmegi üçin berk esaslary öňünden döredip, uly goşant goşýarys. Türkmenistanyň yglan eden açyklyk syýasatyna laýyklykda, daşary syýasy we daşary ykdysady aragatnaşyklarymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, daşary ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geografiýasyny giňeltmäge, ýurdumyzyň sebitde we dünýäde ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategik ugrunyň amala aşyrylýan döwründe Türkmenistana, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna dünýäde gyzyklanma barha artýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, beýleki ýurtlar bilen amala aşyrylýan gatnaşyklarynyň ýörelgelerine, türkmen Bitaraplygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine halkara syýasy we diplomatik bileleşiginiň, syýasatşynaslyk merkezleriniň, maliýe we ykdysady edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän ünsi barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dürli ugurlaryny, biziň halkara başlangyçlarymyzy dogruçyl, birmeňzeş we ygtybarly beýan edýän maglumatlara artýan islegi kanagatlandyrmak üçin şertleri döretmek wezipesi möhüm häsiýete eýe bolýar.

Halkara maglumatlary babatda oýlanyşykly we jogapkärli döwlet syýasatyny amala aşyrmak, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilermenler bileleşigi, seljeriş we syýasatşynaslyk merkezleri bilen arkalaşykly hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki zaman, şu günki dünýäniň talaplaryna laýyk gelýän usullaryny döretmek bu wezipäni çözmegiň netijeli ýollarynyň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Halkara we sebit barlaglarynyň milli syýasatşynaslyk merkezini döretmek meselesini öwrenmegi teklip etdi. Bilermenleriň halkara bileleşiginiň alyp barýan işlerine işjeň gatnaşmak, dünýäniň syýasatşynaslar we żurnalistler guramalary bilen gatnaşyklary saklamak arkaly Türkmenistanyň halkara derejesinde we sebitde alyp barýan syýasatynyň dürli meseleleri boýunça garaýyşlaryny daşary ýurtlarda jemgyýetçilige ýetirmek bu Merkeziň esasy wezipeleri bolmalydyr.

Bilermenleriň halkara bileleşigine goşulmak dünýäde häzirki döwürde bolup geçýän wakalar, Türkmenistanyň şol wakalardaky orny hakynda anyk we dogry pikir ýöretmäge, biziň ýurtlarymyzyň milli bähbitlerini netijeli goramaga mümkinçilik berer. Şeýle seljermäniň geçirilmegi berilýän maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dürli ugurlary boýunça garaşylýan netijeleri anyk kesgitlemäge hem-de zerur teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, şeýle Merkeziň döredilmegi bilen, ýurdumyzda milli syýasatşynaslyk mekdebiniň esasy goýlar, Türkmenistanyň halkara syýasy we maglumatlar ulgamyna goşulmagy üçin onuň ähmiýeti barha artar. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa şeýle Merkezi döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we ýurdumyzda maglumatlar ulgamynyň işini has-da güýçlendirmekde biziň daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň öňünde hem uly wezipeleriň durýandygyny aýtdy.

Milletiň Lideri aýdylanlary jemläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm wezipeleri çözmek, bu ugurda netijeli işleri alyp barmak biziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarymyzyň ýolbaşçylarynyň ukyp-başarnygyna we ussatlygyna, şeýle hem olaryň öňünde durýan wezipeleriň möçberine we ähmiýetine düşünmeklerine, bu maksatlara ýetmekde tutanerliligine köp derejede baglydyr diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisine berk jan saglygyny, abadançylyk we alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. (Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy dolulugyna gazetiň şu sanynda çap edilýär).

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew çykyş edip, ýurdumyzyň deňiz söwda flotynyň üsti täze iň häzirki zaman köptonnalyk tanker bilen ýetirildi diýip habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda bu gämi «Bitarap» diýlip atlandyryldy. Bu tanker nebit, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän we himiýa senagatynyň önümlerini daşamak üçin niýetlenendir. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda satyn alnan bu gämi şu gün Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna gelýär. Nygtalyşy ýaly, iň täze ýörite enjamlar bilen üpjün edilen bu tanker Hazardaky şeýle gämileriň ýeke-tägidir. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we täzelemek barada edýän aladasy üçin bu ulgamyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, wise-premer Türkmenistanyň Prezidentini bu waka bilen gutlady hem-de soňky döwürde milli deňiz söwda flotynyň üsti şeýle täze tankerleriň üçüsi bilen ýetirildi diýip belledi.

Milletiň Lideri bu habary kanagatlanmak bilen kabul edip, ulag ulgamynyň, şol sanda deňiz we derýa flotynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy. Şonuň üçin hem bu meselä, şol sanda häzirki zaman kuwwatly gämileri satyn almak meselesine mundan beýläk-de uly üns berler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol ilatyň arasynda sagdyn durmuşy giňden wagyz etmek we türkmenistanlylary bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek meselesi barada durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, bu mesele Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Aýratyn nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuşynyň tarapdary we tejribeli sportçy bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimize, ilkinji nobatda, ýaşlara ajaýyp görelde görkezýär. Mysal üçin, geçen duşenbe güni milletiň Lideri ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygy mynasybetli guralan Saglyk ýoluna ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle çärelere öň hem ençeme gezek gatnaşypdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmegiň döwletiň möhüm wezipesi bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtap, Türkmenistanda amala aşyrylýan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek, diýmek adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmek, olaryň saglygyny berkitmek babatda uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri ertir nobatdaky bag ekmek çäresini – baglara ideg etmek we agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowaryny geçirmegi teklip etdi.

Bu teklip mejlise gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan ruhubelentlik bilen kabul edildi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda tutuş ýurdumyzy gurşap alan düýpli özgertmeleriň baş maksady Watanymyzyň gülläp ösmegini we türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmekden, adamlaryň durmuş derejesini belende götermekden ýaşaýşyny yzygiderli ýokarlandyrmakdan, il-ulusymyzy bagtyýar etmekden ybaratdyr diýip belledi. Milletiň Lideri bu ýere ýygnananlara ýene-de bir gezek il-ýurt bähbitli, örän jogapkärli we möhüm işlerinde üstünlikler arzuw etdi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Gutlady

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Ylmy-Amaly Maslahat Geçirildi

syrach

Gandbol Oýny Nirde Döräpdir?