24.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Mümkinçilikleriň Tapgyry

Ýurdumyzyň futzal ligasynda geçirilen üçünji tapgyrynyň netijesinde toparlaryň altysy 6 utukdan toplamagy başardy.

Bu tapgyryň merkezi duşuşygy “Köpetdag” bilen “Daýhanbank” toparlarynyň arasynda geçirildi. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan duşuşykda “Daýhanbank” topary geçen ýylyň çempiony “Köpetdagy” 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Şeýlelikde, “Senagatbank”, “Köpetdag”, “Migrasiýa”, “Deňizçi”, “Daýhanbank” hem-de “Gümrükçi” toparlary geçirilen oýunlardan soň 6 utukdan topladylar.

Futzal ligasynyň 4-nji, 5-nji hem-de 6-njy tapgyrlarynyň duşuşyklary Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, iki aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabat hem-de, Türkmenbaşy şäherlerinde, şeýle-de, Marydyr Daşoguz welaýatlarynda geçiriler.

Üçünji tapgyryň duşuşyklaryň netijeleri:

Oýun 9 “Deňizçi” “Olimp” 6:0
Oýun 10 “Senagatbank” “Serhetçi” 13:2
Oýun 11 “Migrasiýa” “Gümrükçi” 3:1
Oýun 12 “Daýhanbank” “Köpetdag” 3:2

 

 Ýaryş tertibi:

TOPARLAR O Ý D U T U
1. “Senagatbank” 3 2 0 1 20:5 6
2. “Köpetdag” 3 2 0 1 14:4 6
3. “Migrasiýa” 3 2 0 1 12:6 6
4. “Deňizçi” 3 2 0 1 12:7 6
5. “Daýhanbank” 3 2 0 1 13:12 6
6. “Gümrükçi” 3 2 0 1 10:9 6
7. “Serhetçi” 3 0 0 3 8:27 0
8. “Olimp” 3 0 0 3 1:22 0

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Sanawdaky Medipol Uniwersiteti Türkmen Talyplaryna Garaşýar

Ýoluňyz ak bolsun, 2011-nji ýylyň uçurymlary!

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi