26.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Nebit Önümleri Bilen Durnukly we Howpsuz Üpjünçilik

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Barsaagelmez» tehnologik ulag müdirligi Balkan welaýatynyň känleriniň çäklerinde ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Onuň esasy iş ugry nebitpromysellerini tehnologik ulag bilen üpjün etmek, şeýle hem ýük daşaýan we nebit promysel ýörite tehnikalary bilen üpjün etmek bolup durýar.

Eýýäm köp ýyllaryň dowamynda müdirlik nebit önümleriniň we harytlyk ýaglaryň ýokary hil derejesini saklamak bilen, olaryň içerki bazarlara ýetirilip netijeli durulmagyny üpjün edip gelýär.

Bu ugurda toplumlaýyn işler Balkanabat nebit kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan hem alnyp barylýar. Öňdebaryjy tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan bu önümçilik düzüminiň işi çalgy materiallaryny daşamakda we paýlamakda zerur bolan ähli talaplara laýyk gelýär.

Suwuk materiallar ýörite awtomobil sisternalaryndan daşalýar. Ýangyjy daşamakda we saklamakda zerur bolan ähli kadalar ýerine ýetirilýär. Işiň sazlaşykly gurnalmagy ilatyň ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän nebit önümleri bilen durnukly we howpsuz üpjün edilip durulmagyna ýardam edýär.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryny Seretmek Üçin Göni Ýaýlym

turkmenhabargullugy

Mebel we Öý Hojalyk Harytlarynyň Halkara Sergisi

syrach

«Türkmennebit» DK «Honghua International Co,. Ltd.» Kompaniýasyndan Buraw Turbalaryny Satyn Alar