26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Nebitgaz Känleriniň Gözleginiň Çäkleri Giňeldilýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy nebitiň, gazyň we beýleki tebigy baýlyklaryň täze gorlaryny ýüze çykarmak maksady bilen geologiýa gözleg işleriniň giň meýilnamasyny durmuşa geçirýär. «Türkmengeologiýa» DK-nyň Lebap welaýat geofiziki ekspedisiýasynyň üstünlikli işiniň netijesinde gözleg-barlag, geofiziki-barlag we beýleki işleriň geografiýasy giňeldilýär.

Işleriň şeýle görnüşleri «Türkmeniň Altyn asyry – 3D» seýsmiki partiýasynyň hünärmenleri tarapyndan «Malaý» gaz käniniň çäklerinde geçirilýär. Bu ýerde ençeme ýyllaryň dowamynda tebigy gaz üstünlikli çykarylýar, şeýle hem «Türkmenistan – Hytaý» gaz känine «mawy ýangyç» iberilýär.

Häzirki wagtda Ahal we Mary welaýatlarynyň galtaşýan çäk ýerlerinde «Malaý» käninde zerur bolan gözleg işleri geçirilýär. Ýerastynyň barlaýjylarynyň esasy wezipesi — täze geljegi uly gaz uçastoklaryny ýüze çykarmak bolup durýar.

Toplanan tejribe we täze tehnologiýalar geologiýagözleýjilere eskpedisiýanyň dowamynda üstünlik gazanmaga, uglewodorodlaryň baý gorlaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyň binýadynyň berkidilmegine getirýär.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

DIM-de Türkmenistanda Saglygy Goraýyş Ulgamynyň Işi Barada Maglumat Beriş Duşuşygy-Brifing Geçirildi

“Paýhas Çeşmesi” Atly Kitabyň Türk Diline Terjime Edilen Görnüşi Çapdan Çykdy

turkmenhabargullugy

Öňdebaryjylar Nobatdaky Ýeňişlerini Gazandylar