19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Nebitgaz Pudagy Üçin Işgärleri Taýýarlaýyş Ulgamy Kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan mejlisinde beren tabşyrygy boýunça Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Desga bu konserniň buýurmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda, hususan-da, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýmagynda «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesiniň baýram edilýän ýylynda binanyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärä ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyplar gatnaşdylar.

Çykyş edenler ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalaryny çekmegiň, dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugrudygyny bellediler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine goýulýan maýa goýumlarynyň mukdarynyň artýandygy nygtaldy.

Bu ulgamda iri daşary ýurt kompaniýalary hem Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň hatarynda durýar, şolar bilen bilelikde ýurdumyzyň gazhimiýa pudagyny ösdürmek boýunça iri taslamalar amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär, innowasion kärhanalar gurulýar.

2019-njy ýylyň aprel aýynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza bolan sapary iki döwletiň dostluk gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm tapgyry alamatlandyrdy. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň örän uly toplumyna gol çekildi.

Ýeri gelende aýtsak, 2015-nji ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň barşynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň esasynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (KOIСA) arasynda bilelikdäki resminama gol çekildi. Şol resminama laýyklykda, bu mekdebiň täze binasynyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşyldy.

Täze desganyň umumy meýdany 2 müň 927 inedördül metrden gowrakdyr. Bu binada ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, amaly okuwlary geçmek üçin döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň 16-sy ýerleşýär.

Täze okuw binasynda talyplar dört ugur boýunça: mehanika (maşyn gurluşygyň tehnologiýasy), senagat enjamlary (senagat abzallaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak), elektrik (elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy) hem-de informasiýa we hasaplaýyş tehnikasy (maglumat ulgamlary) bilim alarlar. Umuman, mekdebiň düzümindäki bu täze okuw binasy 240 okuwça niýetlenendir.

Nebitgaz toplumy üçin işgärleri taýýarlamak wezipesi olaryň san babatda artmagynda däl-de, eýsem, hünärleriniň hil derejesiniň gowulanmagynda jemlenýär, çünki pudagyň tehnologik taýdan ösüş derejesi dünýäde we ýurdumyzda barha täze talaplary bildirýär.

Başlangyç we orta hünär biliminden başlap, ýokary hem-de ýokary okuw biliminden soňky ýagdaýa çenli hünärmenleri okatmagyň köp basgançakly ulgamynyň ösdürilmegine nebiti gaýtadan işleýän pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň ýokary goşulan bahasy bolan önümleri döretmäge tarap ugur almagy babatda hem uly isleg bildirilýär.

Täze okuw binasynda işlejek mugallymlaryň ählisi hünär derejelerini ýokarlandyrmak hem-de okatmagyň iň döwrebap usullaryny ele almak üçin daşary ýurtlarda hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler.

Täze okuw binasynyň ähli düzümi dolandyryş desgasyny, okuw binalarynyň (täzesini hem hasaba alanyňda) üçüsini hem-de talyplaryň 250 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny özünde jemleýär. Häzirki wagtda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin geljekki hünärmenleriň 1 müň 900-si bilim alýar.

Diňe ugurdaş hünärler we sanly tehnologiýalar boýunça okuw mekdebi her ýyl ýaşlaryň 700-sini kabul edýär. Şol ýaşlar 18 hünär boýunça bilim alýarlar. TDH

Degişli makalalar

Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyz Ösüş Ýyllarynda Gazananlaryna Ýokary Baha Berýär

Türkmen Elektroenergetikasynyň Eksport Kuwwaty Artýar

Bitaraplygyň Mekanynyň Dürli Öwüşginli Keşbi-Dünýäniň Fotosuratçylarynyň Işlerinde

turkmenhabargullugy