21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Nebitiň Çykarylyşy Babatda Maýadarlaryň Ynamy Netijesinde Bahasy Ýokarlanýar

Nebitiň Çykarylyşy Babatda Maýadarlaryň Ynamy Netijesinde Bahasy Ýokarlanýar

Maýadarlaryň Wena ylalaşygyna gatnaşyjylaryň nebit çykarylyşyny çäklendirmek babatda borçlaryny berjaý etmegine bolan oňyn ynamyň netijesinde nebitiň dünýä boýunça bahalary ABŞ-da ätiýaçlyklaryň artmagyna garamazdan duşenbe güni ýokarlanyp başlady.

Duşenbe güni 12.11 ýagdaýa çenli Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň maýdaky fýuçersleriniň bahasy 1,05 göterim ýokarlanyp — barrel üçin 56,58 dollara ýetdi. WTI kysymly nebitiň martdaky fýuçersleriniň bahasy 0,87 göterim ýokarlanyp — barrel üçin 54,46 dollara barabar boldy.

Ýanwarda OPEC döwletleri nebitiň çykarylyşyny günde 890 müň barrele çenli azaldyp, dekabrdaky bilen deňeşdireniňde, 32,139 mln barrele ýetdi. Wena ylalaşygynyň çäklerinde nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça öz üstüne borçnamalary alan döwletler bilelikde onuň çykarylyşyny wada berlen 1,254 mln-dan 1,146 mln-a çenli azaltdylar.

Mundan başga-da, OPEC-iň Baş sekretary Mohammed Barkindo geçen hepde OPEC döwletleriniň ylalaşygyň şertlerini 90 göterim ýerine ýetirýändiklerini, şeýle hem gurama girmeýän döwletleriň hem ylalaşygyň şertlerini berjaý etmäge çalyşýandygyny belledi.

Degişli makalalar

Bitaraplyk we Parahatçylyk Döredijilik Türkmen Diplomatiýasynyň Esasy Ugrudyr

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

(TENDER) Türkmengeologiýa Döwlet korporasiýasy Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy