20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Neşeleriň we Zyýanly Endikleriň Bolmadyk Bagtly Durmuşy Ugrunda

Neşeleriň we Zyýanly Endikleriň Bolmadyk Bagtly Durmuşy Ugrunda

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp, ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi. Türkmenistanyň hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy topar we Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan bu çäre döwletiň we jemgyýetiň häzirki döwrüň iň howply wehimleriniň birine garşy göreşmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlara ele salnan neşe maddalary görkezilip, soňra olar haltalarda we guýguçlarda ýörite peçlere oklanyp ýakyldy. Şunda isleg bildirýän her bir adam bu asylly işe gatnaşyp, öz elleri bilen olary ýanyp duran pejiň içine oklamak mümkinçiligine eýe boldy. Ýeri gelende aýtsak, bu peçler halkara kadalaryna laýyklykda guruldy we neşe serişdeleriniň doly ýok edilmegini kepillendirýär. Howply serişdeleri ýakyp ýok etmek işi bellenilen düzgünlere laýyklykda hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň gözegçilik etmeginde geçirildi.

Dünýä bileleşiginiň geçirýän degişli işlerine garamazdan, neşeleriň bikanun dolanyşygy adamzada howp salýan ählumumy mesele bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda,bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen bilelikde neşeleriň bikanun dolanyşygyna we häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek boýunça işjeň çäreleri geçirýär. Bu ugurdaky işler bolsa toplumlaýyn, ähli düzümler, hukuk goraýjy we harby edaralar, bilim we saglygy goraýyş edaralary, jemmgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.

Türkmenistan öz wagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalarynyň üçüsine – neşeleriň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek baradaky 1961-nji, 1971-nji we 1988-nji ýyllarda kabul edilen konwensiýalarynyň hemmesine, şeýle hem hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine tehniki kömegi bermek we okatmak boýunça halkara maksatnamalarynyň we taslamalarynyň birnäçesine goşuldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) hem-de Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen bilelikde Türkmenistanyň hökümeti Merkezi Aziýa sebitinde neşeleriň ýaýradylmagyna gözegçilik etmek babatda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça Ähtnama gol çekdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň, neşe serişdelerine we psihotrop maddalaryna garaşly adamlara kömek bermegiň milli maksatnamasy amala aşyrylýar. Oňa laýyklykda, neşe serişdeleriniň bikanun getirilmeginiň öňüni almak, ýüze çykarmak we neşekeşligi ýok etmek boýunça giň gerimli çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu umumy dünýä ähmiýetli meselä aýratyn üns bermegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine höweslendirýän maksatnamalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak meseläni toplumlaýyn çözmegiň bir bölegi bolup durýar. Şunda milli Liderimiz sport çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, adam saglygy diňe onuň özi üçin däl-de, eýsem, döwletimiz, ýurdumyz, eziz Watanymyz üçin baş baýlyk bolup durýar diýen umumymilli pikir hökmünde tassyklaýar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ählumumy howpa garşy durmak babatda uly ähmiýeti bolan hem-de sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen asylly başlangyja goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach

Türkmenistanyň Neşirýat Pudagynyň Öňdebaryjy

syrach

Taryhy ýadygärliklerimiz.

syrach