29 C
Aşkabat
11.05.2021
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY YLYM

Garagumyň Ummasyz baýlyklary

Gadym döwürlerden Garagum adyny alan gözýetmez, bir bölegi beýewan, aglabasy çäge gumluk Merkezi Aziýada iň uly, dünýäde iri çölleriň biridir. Ol Türkmenistanyň meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny tutup, günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda – Horezm golunyň, gündogarda – Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýyň hanasynyň arasynda ýerleşýär. Jemi 350 müň inedördül kilometrden hem gowrak bu çölüň tutýan meýdany Beýik Britaniýa, Italiýa ýa-da Norwegiýa ýaly ýurtlaryň meýdanyndan hem uludyr. Iňlis syýahatçysy A. Berne: «Beýleki çöller bu uç-gyraksyz çäge ummanynyň ýanynda kiçijik görünýär. Men şu çölden elhenç zady göz öňüne-de getirip bilemok» – diýip ýazypdyr.

Elbetde, Garagumyň tebigy şertleri ýowuz, şeýle bolsa-da, bu ýeriň özüniň, tebigatynyň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy üýtgeşik gözeldir, ol hojalyk işleri üçin gymmatly häsiýetlere eýedir. Brokgauzyň we Efronyň eksiklopedik sözlügi Garaguma: «Çöllük, gurak we birsydyrgyn sarymtyl-gyzylymtyl giňişlik» – diýip baha berýär. Onuň gadymy döwürlerde deňizden, derýadan we materikden dörän bolmagy ähtimaldyr. Alymlaryň köpüsi türkmen topragynyň sähralary uç-gyraksyz deňiz bolupdyr, ol çekilenden soň dünýäniň iň uly çölleriniň biri emele gelipdir diýip pikir edýärler. Öz gezeginde, has gadymky çökündi gatlaklaryny öz girdabyna alan çägeleriň döremegi gadymky derýalaryň, esasanam has gadymy Amyderýanyň akymy bilen baglanşykly bolmagy mümkin.

Ömründe bir gezek çöle baranlar Garagumyň tebigatynyň juda üýtgeşikdigini, özboluşlydygyny, hat-da gazaplydygyny, şol bir wagtyň özünde-de Güneş nurunyň we ýylysynyň janlandyryjy güýjüne baýdygyny bilýändir, onuň geljekde ýurdumyzyň has özleşdirilen ykdysady sebitleriniň birine öwrülmegi mümkindir. Garaşsyzlyk ýyllaryndfa bu çylşyrymly we köpdürli toplumda gazanylanlara biz «çöli özgertmek» diýip at berýäris, ol uly möçberli umumy döwlet işiniň başy boldy.

Uzynlygy müň kilometr Garagum derýasynyň ugrunda çöli «eýelap» başlan giň, we barha giňeýän jülgeler peýda bolýar. Olardan çöl jümmüşine awtoulag ýollary, kanallar, elektrik geçirijiler, suw geçirijiler gidýär. Çölüň merkezi sebitlerinde ilatly ýerler, nebit we gaz ýataklary kemala gelýär. Ýaňy-ýakynam gurak gum depeleriniň arasynda suwlandyrylýan ýerler gök öwsüp otyr.

Uzynlygy 540 kilometr bolan Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýoly çölüň ummasyz serişdelerini ulanmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Gum içinden salnan polat ýollar iri welaýatlaryň ikisini – demirgazykda oba hojalyk sebitini we ýurduň senagat taýdan ösen merkezi bilen birleşdirip, uç-gyraksyz ýerleri geljekde özleşdirmegiň möhüm ulag bölegi boldy. Garagumyň merkezinde dürli desgalaryň ýüze golaýy – razýezdler, abadanlaşdyrylan wokzally stansiýalar, köprüleriň we köpri geçelgeleriň onlarçasy guruldy. Täze polat ýollar bilen birlikde bu çöl ýerlere suw we elektrik togy geldi, aragatnaşyk liniýalary çekildi, ýaşaýyş jaýlary we medeni binalar guruldy.

Indi Garagumyň diňe bir ýylboýy örülerde mal bakmak we suwarylaýan ekarançylyk üçin bereketli ýer bolman, eýsem gazylyp alynýan dürli baýlyklara, esasanam nebitdir gaza baýlygy mälim boldy. Garagumda, mysal üçin, Ojak, Böwrideşik, Şatlyk, Naýyp, Kerpiçli, Babarap, Sakar, Şehitli, Toparçulba, Goýun, Kyrkguýy, Atasary, Tärimgaýa, Malaý, Baýramaly we beýleliker ýaly ýigrimiden gowrak iri gaz känleri açyldy.

Bu ýerasty känlerde beýleki mineral serişdeler hem bar. Hususan-da, çöl tebigy kükürde baýdyr. Onuň çykýan ýeri Garagumyň merkezinde ýerleşýär. Neogen döwrüniň gatlaklaryndan emele gelen depelerde kükürt magdanyny hennek usulynda alypdyrlar. Häli-häzire çenlem çöl merkezinde bu mineralyň ummasyz gorlary bar.

Garagumyň günorta künjeginde aýna öndürmekde ulanylýan kwars çägesiniň Änew käni, Büzmeýin käninde — üznüksiz süýüm almakda zerur gadymy daş döwründe kemal gelen gum çägesi (meýdanşpatkwarsly) ýüze çykaryldy. Garagumyň günorta çetinde, Amyderýanyň çep kenarynda gurluşyk materiallary ýatagy tapyldy. Ol keramzit önümçiliginde, oýuk kerpiç, keramiki plitkalary taýýarlamakda ulanylýan çagyl alynýan Daşahyr we Gabakly ýataklarydyr. Gabakly ýatagynyň toýuny metal guýýan önümçilikde gymmatly galyp çig maly, Baýramaly ýatagynyň toýunsow gumy – keramiki öünümleri we kerpiç taýýarlamakda ulanylýar. Garagumyň demirgazygynda hem keramiki kerpiç taýýarlamakda ulanylýan (Derýalyk, Ýylanly we beýleki) känler ýüze çykaryldy.

Çöl içindäki tebigy gözel ýerler syýahatçylygyň dürli görnüşleri üçin özüne çekiji desgalar bolup biler. Garagumda Repetek, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr ýaly özboluşly tebiýy goraghanalaryň üçüsi bar. Gadymy Uzboý derýasynyň jülgeleri hem owadan. Çünki däli Jeýhun suwuny ozal häzirki ýaly Aral deňzine däl-de, Türkmenistanyň demirgazygyk künjündäki Sarygamyş oýlugyna guýupdyr. Çöl ençeme gezek iň uly derýanyň ýoluna böwet bolupdyr, ýöne derýa-da her sapar özüne täze ýol arçap, özünden soň çöl takyrlaryny galdyrypdyr. Ol tutuş Hywa oýlugyny gyrmançasy bilen doldurypdyr we demirgazyga — Aral deňzi sary ýol salypdyr.

Uzboýuň suwy ýolunda gadymy derýa gyrmançalaryny syryp, gaty hek magdanlarynda böwetleri we şaglawuklary kemala getirpdir. Hek gaýalaryndan eňip gaýdan suwdan çuňňur oýlar, öwrümler, käbir ýerlerde bolsa – giň jülgeler döräpdir. Netijede sary-ak hek daşlarynyň eteginde duzly we gipsli göm-gök köller galypdyr.

Has gadymy döwürlerde hem çöl içinde Gaplaňgyr belentligi bolupdyr. Uzboý onuň gündogaryndan we günortasyndan geçse-de, äpet Garaşor oýuna düşmändir. Uçutlardyr oýlaryň emele getiren üýtgeşik landşafty bu ýere ilkinji gezek geleni haýrana goýýar.

Garaşor oýy demirgazykda Üçtaganguma birigýän we Üstýurduň günorta-gündogar künjeginiň uçudy bilen gurşalan çuň hem-de uzyn ýapyk çöketlikdir. Häzirki wagtda Garaşor oýunyň ýerinde Altyn asyr köli döredi. Ony döretmegiň maksady diňe bir zeý suwlary jülgelerden daşa çykarmak däldi. Onuň düzümindäki duzy azaldyp, hilini adaty suwuň derejesine golaýladyp, onuň bir bölegini täze meýdanlara, mallary onlarça we ýüzlerçe kilometre sürüp suwa ýakyp ýörmez ýaly çopan goşlaryna ýetirip bolar.

Zeýakaba suwlarynyň gelýän demirgazyk goly Uzboýyň geçen ýolunda guruldy. Lebabyň günorta-gündogaryndan Merkezi we Demirgazyk Garagumyň arasyndaky tebigy peslikden Üňüzden gelýär. Üňüz Garagumy gündogardan günbatara kesip, Amyderýadan Uzboý jülgesine çenli yz goýupdyr. Ol dürli derejelerdäki oýlar ulgamydyr.

Onuň landşafty demirgazyk tarapa erez gumlydyr. Bu ýerde hem özboluşly tebigy gözel ýer – äpet we Türkmenistanda iň çuň oý — Akjagaýa (deňiz derejesinden 91 metr peslikde) oýy ýerleşýär. Bu ýerleriň gözelligini baharda gözmäge göz gerek! Akjagaýa oýuny dünýä derejesindäki landşaft tebigy ýadygärlikleriň hatarynda goşsa bolar! Bu ýere syýahatçylaryň köp gelmegi tötänden däldir.

Garagumyň merkezinde tebigy gözelliklerden başga-da, antropogen «ýadygärlikler» hem duşýar. Olar – Derweze töwereginde gözleg-agtaryş guýylary burawlanmagyndan dörän meşhur äpet çöketlerdir. Bu ýerde çuňlugy onlarça metr we ini 30 metr bolan emeli çöketliklerden gaz çykyp dur. Olary öz gözüň bilen gören ýagşy.

Häzirki wagtda amala aşyrylýan işler diňe bir Garagumy özgertmäge däl, eýsem onuň janly tebigatyny hem saklap galmaga gönükdirilendir. Garagumy özleşirmegiň we özgertmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullar esasynda ulanylmagynyň häzirki wagt hem, geljek üçinem möhüm halk hojalyk ähmiýeti bardyr. Sebäbi Garagumuň baýlyk gorlary näçe kän bolsa-da, olar tükeniksiz däldir, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi bolsa, oýlanşykly ulanylanda adama müdimi hyzmat eder.

Degişli makalalar

Ankarada, Parižde we Daşkentde Bütindünýä Welosiped…

Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi-ýarmarkasy.

syrach

“Türkmenkabel” Zawodynyň Işgärleri Şu Ýerde Tikilýän Iş Eşigi Bilen Üpjün Edildi

turkmenhabargullugy