24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DURMUŞ

Deňziň düýbünden çykan ýyldyzlar!!!

Awazanyň kenarynda tapylan gyzylymtyl –goňur daşyň iki bölegi beýleki daşlaryň arasyndan saýlanmazdy, ýöne bu daşlaryň özüne magniti çekmäge bolan ukyby we älemden düşýän tapyndylary häsiýetlendirýän eredilme yzlarynyň barlygy özüne ünsi çekdi. Iki daş hem ýere gaçan demir metioritiň bölekleri eken…

Şu ýyl Awazada türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň müňlerçesi dynç aldylar. Olaryň köpüsi myhmansöýer toprakdan ýadygärlik sowgatlyklary-sahy deňiziň sowgat eden sadap reňkiniň öwüşgini bolan balykgulaklary, guşlaryň aýak yzy ýada başga üýtgeşik görnüşleri bolan we dürli reňkli deňiz jyglym daşlaryny öýlerine, dost-ýarlaryna alyp gitdiler. Daşlar deşiklije bolsa has gowy görülýär, sebäbi munuň ýaly daşlar üstünlik getirýär diýip ynanylýar. Bu daşlary goraýjy tumar hökmünde dakynýarlar.

Tapyndylaryň arasynda degirmen daşlarynyň dürli ululykdaky bölejikleri gabat gelýär. Olaryň käbirisi gämilerde ulanylýan ýogyň ýüpleriň bölek-bölek üzülen görnüşlerine meňzeýän bolsalar, käbirisi bolsa däýaw goçuň şahynyň böleklerini ýadyňa salýar. Bularyň ählisi „kellesi aýakly mollýuskalardan“- gadymy Müsüriň hudaýy Ammonyň ybadathanalardaky şekillerinden adyny alyp gaýdýan ammonitlerden galypdyr. Rowaýata görä Ammonyň şahly jygasy bolupdyr. Gündogarda Iskender Zülkerneýin –Aleksandr şahly ady bilen belli bolan serkerde Aleksandr Makedonskiý söweşlerde duşmanlary gorkuzmak üçin şuňa meňzeş tuwalgany geýipdir.

Munuň ýaly tapyndylar seýrek gabat gelýänligi üçin gymmatlydyr. Gadymy Hazarda ýüzlerçe million ýyl mundan ozal ýaşan janly jandarlardan daşa öwrülip galan bu böleklerde ýitip giden ýaşaýyşyň taryhyny duýup bolýar.

Türkmenbaşy şäheriniň muzeý ýygyndylarynda ammonitleriň gowy saklanan iri görnüşleri hem bar. Olaryň käbirisiniň diametri bir metrden az däl. Bu ýerde gadymy döwürlerde Türkmenistanyň çäklerinde bolan okean çuňlugyndan galan iki metr diametre barabar daşa öwrülen balykgulaklar hem gabat gelýär. Ammonitler ýer ýüzünde 400 million ýyl mundan ozal döräpdir. 150 million ýyldan soň olar äpet ýyrtyjy balyklar we deňiz süýrenijileri bilen bäsdeşligine garamazdan mezozeý deňizlerinde agalyk edipdirler.

Ewolýusion uýgunlaşma boýunça seredeniňde deňiz liliýalary ýaşaýşyň üýtgeýän şertlerine ammonitlere garanyňda has gowy uýgunlaşypdyrlar. 500 million gowrak ýyl mundan ozal Ýeriň biosferasynyň arenasyna çykanyna garamazdan, deňiz liliýasy şu günlerde hem ekwatorial deňizlerde, Zeminiň ähli ummanlarynda gülläp ösýär. Olar öz görnüşi we reňki boýunça merjen polipleriniň toparyna girýän deňiz ammonitleriň owadan görnüşlerini ýada salýar.

Deňiz liliýalarynyň daşa öwrülen galyndylary Hazar deňzinde hek daşynyň gatlaklaryny döretdiler. Deňiz liliýasynyň daşa öwrülen görnüşini bütinligine tapmak uly şowlulyk hasaplanýar.

Eger-de şowuna düşse Awazada asmandan inen ýyldyzy deňziň düýbünden tapyp bolýar. Bütin ýylyň dowamynda Awazanyň asmanynda birdenkä ýaldyrap öçýän meteoritleri görüp bolýar. Tomus möwsüminde Awazanyň arassa asmany ýyldyz süýnmelerine baý bolýar. Bu ýyldyz süýnme hadysalary güýz aýlarynyň mylaýym möwsüminde, ýagny Ýer togalagynyň Günüň daşynda aýlanyp meteorit tozanlarynyň bulutlaryndan geçen wagtlarynda hem gaýtalanýarlar. Ýyldyz ýagyşlarynyň täsin görnüşleri dynç alýanlarda we syýahatçylarda uly jadylaýjy täsir galdyrýar.

Meteoritler babatda ençeme täsin hadysalar bar. Olaryň biri 1925-nji ýylyň 11-nji aprelinde Şwesiýada boldy. Şol güni köp adam gaçýan ýyldyzyň ýanýan yzyny synladylar. Haçan-da meteorit tapylanda ol iki bölege bölünen togalak hek daşy eken. Bölünen hek daşynyň kesigine seredilende, ol ýerde tribolitleri ýadyňa salýan gadymy haýwanlaryň we balykgulaklaryň sudurlary aýdyň görünýärdi.

Awazada tapylan togalak gaty çökündili jynsda Älemden gelen gelmişegi görmek özüne çekiji pikir. Emma adatdan daşary hadysa ynanmak meýliniň biçak ulydygyna garamazdan, köp ýagdaýda bu tapyndylaryň adaty gelip çykyşy bolýar. Ýöne nämede bolsa , haçanda sen ençeme milliard ýyllary üstünden aşyran zady eliňde saklanyňda , üýtgeşik täsin hadysanyň bolmadygyna gynanmaýaň. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

BMG-niň we Türkmenistanyň Pudak Edaralarynyň Wekilleriniň Özarahereketleriň Derwaýys Meseleleri Boýunça Duşuşygy Geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Köpçülikleýin Bag Ekmek Dabarasyna Taýýarlyk Görlüşi Hem-de Täze Desgalaryň Birnäçesindäki Işleriň Ýagdaýy Bilen Tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti: Belarus Bilen Haryt Dolanyşygynyň Artdyrylmagynda Işewür Jemgyýetçiligine Esasy Orun Berilýär

turkmenhabargullugy