24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Ýaşlar Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi edara binasynda Aşgabat şäherinde zähmet çekýän dürli edara-kärhanalarynyň işgärleriniň hem-de ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty G.Rozyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ý.Keriýew, Aşgabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň lukmany, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap halk maslahatynyň agzasy N. Bekowa, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Ý.Aşyrmyradow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi M.Kullaýew, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi H.Nurmedow hem-de Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, sportuň taekwondo görnüşiniň sport ussady, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi O.Çaryýew dagylar çykyş etdiler.

Olar mähriban Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlary üçin okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilýän mümkinçilikler we şertler, ähli ulgamlarda ata Watanymyzy gülledip ösdürmek boýunça ýaşlara bildirilýän uly ynam, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, sagdyn iýmitlenmekleri, arassaçylyk işlerini alyp barmak, bedenterbiýe we sport hakynda, ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary barada gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan
sorag-jogap alyşyldy.

Çeşme: msy.gov.tm

Degişli makalalar

“Türkmenhaly” Döwlet Birleşigi Döredildi

turkmenhabargullugy

Iň Köp Soralýan Soraglar

Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgalaryny Gowşurdy