21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Oland Putin bilen duşuşdy.

Moskwanyň howa menzilinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşan Oland Ukraina meselesi boýunça pikir alyşdy.
Russiýa garaşylmadyk ýagdaýda sapar guran Fransua Oland duşuşykda Ukraina meselesine bilelikde çözgüt tapylmalydygyny aýtdy. 
Oland Ukraina meselesinin ýüze çykmagyndan bäri Russiýa sapar guran ilkinji günbatarly lider boldy. 
Oland we Putin soňky gezek 2014-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Awstraliýanyň Brisbin şäherinde geçirilen G-20-niň maslahatynda duşuşypdy. 
Beýleki tarapdan Ukrainadaky çykgynsyzlygyň çözülmegi üçin tagallalar dowam edýär. 
Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko geljek hepde Russiýanyň taraplarynyň ýolbaşçylary bilen Minskde duşuşjakdygyny beýan etdi. 
Duşuşykda hüjümleriň bes edilmegi barada giňişleýin pikir alyşylar. 

Degişli makalalar

Ýaşlar Düzümleriniň Gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň Birinjiliginiň 2-nji Tapgyrynyň Wagty Süýşürilen Duşuşygy Geçiriler

Awtoulag Ulgamynyň Tehniki Binýadynyň Döwrebaplaşdyrylyşy Güýçlenýär

Türkmenbaşy-Atamyrat-Amyderýa-Kelif demir ýoly.

syrach