18.04.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

«Olimp» Orta Sport Mekdebiniň Pälwanlary Bäsleşdiler

Golaýda grek-rim göreşi boýunça «Olimp» orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi tamamlandy. Aşgabat şäheriniň Gökje sport toplumynda guralan bu ýaryşa 5 topardan 65-den gowrak türgen gatnaşdy. Pälwanlar ýaryşda 10 agram derejesinde güýç synanşdylar.

Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesinde A.Maksadow (45 kg.), D.Gurbangeldiýew (48 kg.), O.Jumadurdyýew (51 kg.), M.Permanow (55 kg.), K.Akmyradow (60 kg.), M.Zakyrjanow (65kg.), R.Gowşakow (71kg.), Ý.Hanbaýew (80kg.), B.Soýunow (92kg.), S.Surkiýew (110kg.) dagylar öz agramlarynda I orna eýe bolup, ýeňişlerini baýram etdiler.

Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere «Olimp» orta sport mekdebiniň Hormat hatlary we Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Döwranberdi AMANBERDIÝEW,

«Olimp» orta sport mekdebiniň instruktor-metadisti

çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Arap ligasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

syrach

Paýhas Oýunlarynyň, Gujur-Gaýratyň we Tizligiň Bäsleşigi

syrach

Basketbol Boýunça Halkara Ýaryşy Fotogalereýa 1

turkmenhabargullugy