21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Agyr Atletika Boýunça «Olimp» Orta Sport Mekdebiniň Açyk Birinjiligi

Golaýda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça 2002-2004-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda «Olimp» orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi tamamlandy.

Aşgabat şäheriniň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika zalynda guralan bu ýaryşda 4 topardan 30-dan gowrak türgen bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesinde A.Çaryýew (49 kg.), Y.Meredow (55 kg.), T.Azatbaýew (61 kg.), A.Hasanow (67 kg.), R.Töräýew (73 kg.), R.Rejepow (81 kg.), A.Hojagulyýew (89 kg.) dagylar öz agramlarynda I orna eýe bolup, ýeňişlerini baýram etdiler.

Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere «Olimp» orta sport mekdebiniň Hormat hatlary we Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Döwranberdi AMANBERDIYEW,

«Olimp» orta sport mekdebiniň instruktor-metodisti

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Futbol Çempionatymyzyň Altynjy Tapgyrynyň Ilkinji Duşuşyklary Geçirildi

turkmenhabargullugy

12-nji Fewral-Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlar Güni

Türkmenistan Fotosuratlary 6

turkmenhabargullugy