19.6 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Öňdebaryjy Toparlar Ýeňiş Gazandylar

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň ilkinji üç duşuşygy geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňdebaryjy toparlary “Ahal” bilen “Altyn Asyr” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar.

Balkanabatda ýerli “Nebitçi” bilen duşuşan “Ahal” 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär. “Ahala” ýeňiş getiren toplaryň birini tejribeli oýunçy Artur Geworkýanyň geçirendigini bellemek gerek. A.Geworkýan möwsümdäki ilkinji goluny derwezeden geçirdi.

Ikinji orny eýeleýän “Altyn Asyr” topary hem bu tapgyryň duşuşygyny öz peýdasyna tamamlady. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleri myhmançylykda “Merwiň” derwezesinden jogapsyz toplaryň dördüsini geçirmegi başardylar. Gazanan bu ýeňşinden soň paýtagtymyzyň topary 15 utuk toplady. “Altyn Asyra” ýeňiş getiren toplaryň birini öz adyna ýazdyran Altymyrat Annadurdyýew derwezelere geçiren 7 topy bilen netijeli oýunçylaryň arasynda birinji basgançagy eýeleýär.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” bilen “Şagadam” toparlary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Futbol çempionatymyzyň 8-nji tapgyry 14-nji maýda “Energetik” – “Köpetdag” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen jemlener.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Aşgabat” – “Şagadam” – 1:1

Gollar: 16 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”) – 54 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 66 Dawid Sarkisow (“Aşgabat”) – 77 Baýramgeldi Nurlyýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 700

“Merw” – “Altyn Asyr” – 0:4

Gollar: 34 Mihail Titow, 39 Altymyrat Annadurdyýew, 78 Röwşengeldi Halmämmedow, 90+2 Merdan Muhadow, 11 m.j.u (”Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 20 Perman Hallyýew, 44 Azat Orazmuhammedow (“Merw”) – 45+1 Begençmyrat Myradow (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Isçanow (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1500

“Nebitçi” – “Ahal” – 1:2

Gollar: 9 Merdan Gurbanow (“Nebitçi”) – 38 Artur Geworkýan, 69 Söhbet Allanurow (“Ahal”)

Bellik: Duşuşygyň 8-nji minutynda Aşyrgeldi Ylýasow 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 47 Muhammet Annaýew, 90 Seýitmämmet Hojamämmedow (“Nebitçi”) – 39 Yhlas Saparmämmedow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), M.Saparow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 4000

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Iň Gowy Etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Baýragy Gowşuryldy

turkmenhabargullugy

Diller Dünýäsi

Türkmenistanda Bütindünýä Welosiped Güni Bellenildi