21.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Oraza ruhubelentligiň nurana baýramydyr

Şu gün gadymy türkmen topragyna, dünýäniň ähli musulmanlarynda bolşy ýaly, türkmenistanlylaryň hem maşgala ojaklaryna mukaddes Oraz aýynyň we 30 günläp agyz beklemegiň tamamlanandygyny alamatlandyrýan Oraza baýramy geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramy mynasybetli türkmenistanlylaryň ählisini gutlap, adamzadyň belent ruhy gymmatlyklaryny—ynsanperwerligi we haýyr-sahawaty, päk ýürekliligi hem-de ahlak tämizligini dabaralandyrýan bu baýramyň türkmen halkynyň durmuşynda uly ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz garaşsyz bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna musulman ymmaty üçin mukaddes Oraza aýynda amal eden tagat-ybadatlarynyň, il-ýurduň asudalygy, eziz diýarymyzyň dünýädäki mertebesiniň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin eden doga-dilegleriniň kabul bolmagyny arzuw edip, «Musulman dünýäsinde aýratyn ähmiýete eýe bolan Oraza aýynda biz sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalanmagyna ýardam bermek we dostlugyň, ösüşiň, düşünişmegiň berkarar bolmagyny gazanmak, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäde ählumumy haýyrly hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzdan ugur alyp, tebigy hadysalardan zyýan çeken Pakistan Yslam Respublikasyna, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasyna halkymyzyň adyndan doganlyk kömegini we ýardamyny iberdik. Bu bolsa, biziň halkymyzyň—häzirki türkmen jemgyýetiniň adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny, eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň dünýädäki mertebe-hormatynyň, şöhrat-şanynyň belentdigini ýene-de bir gezek tassyklaýar» diýip, nygtady.

Irden ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýram namazy okaldy, bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň höküm sürmegi Beýik Biribardan dileg edildi. Şu gün agzybir türkmen halky öz raýatlarynyň bagtly durmuşynyň, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň, onuň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginiň hatyrasyna giň möçberli özgertmeleriň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösmegi barada edýän ýadawsyz aladasy üçin aýratyn hoşallyk sözlerini aýtdy. Ýurdumyzyň dindarlary milletiň Lideriniň daşynda berk jebisleşip, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine we ösüp gelýän nesli ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlarynyň ruhunda terbiýelemek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Mukaddes Oraza baýramy biziň ýurdumyzda gadymy däp-dessurlar boýunça asyrlaryň dowamynda iň ýagty duýgular, hoşniýetlilik we ýagşy arzuw-umytlar bilen bellenilýär. Oraza baýramy biziň adalatlylyga we ynsanperwerlige bolan ynamymyzy has-da berkidip, saýlap alan ýolumyzda täze sepgitleri eýelemek üçin bize egsilmez güýç-gaýrat berýär. Däp bolşy ýaly, şol gün baýram namazyndan soň, dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň, goňşy-golamlaryň öýlerine baryp, «Namaz-orazalaryňyz kabul bolsun!», «Oraza baýramyňyz gutly bolsun!» diýlip, birek-birege jan saglyk, abadançylyk we parahatçylyk arzuw edilýär.

Mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda günäsi geçilen we özüniň arassa zähmeti bilen jemgyýetiň öňündäki günäsini ýuwmaga hem-de ykbalyny özgertmäge mümkinçilik alan raýatlarymyzyň 3999-sy Oraza baýramynyň şatlygyny biziň bilen paýlaşdylar. Bu ynsanperwerlik çäresi milletiň Lideriniň türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna çuňňur hormat-sarpa goýýandygynyň, şeýle hem täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinen döwletimiziň öz raýatlary baradaky yzygiderli aladasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Oraza baýramy mynasybetli Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çäreleri çäreleri guraldy.

Şu baýram mynasybetli, şeýle hem Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sadakalar berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

syrach

Saýlaw Işiniň Hukuk Esaslary Boýunça Maslahat

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach