26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT YLYM

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba Uniwersitetiniň Rektoryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba Uniwersitetiniň Rektoryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň (Ýaponiýa) rektory jenap Nagata Kýosukeni kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen Lideri bilen nobatdaky gezek duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň netijeli döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde, şol sanda Ýaponiýanyň Imperatory Akihito we Premýer-ministri Sindzo Abe tarapyndan goldanylýar. Munuň özi ýokary derejede geçirilen özara saparlaryň barşynda tassyklanyldy.

Ýaponiýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň rektory hormatly Prezidentimiziň giň möçberli döwlet işi bilen birlikde uly ylmy-barlag işlerini alyp barýandygyny hem-de ynsanperwer ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň martynda bilim ulgamynda özara tejribe alyşmak hem-de ylmy barlaglary geçirmek boýunça halkara okuw maksatnamasyna goldawy üçin şol wagt Ýaponiýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen at dakyldy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar möhüm ugurlaryň ählisi, şol sanda ylym we bilim ulgamynda okgunly ösdürilýär. Bu ulgamlaryň kämilleşdirilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň döwlet ösüşiniň esasy maksatlaryna laýyk gelýär.

Biz döwlet derejesinde ylym ulgamynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine, onuň düzüminiň we maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berýäris diýip, milli Liderimiz nygtady we häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, pudaklaýyn ylmy-barlag guramalarynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan düýpli we amaly ylmy-barlag işleriniň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Milli Liderimiz Ýaponiýanyň iri uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň şu saparynyň ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň işgärleri taýýarlamak, şol sanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon hünärmenleriniň okatmagynyň, dürli ulgamlaryň işgärleri üçin okuwlary hem-de tejribe alyşmagy guramagyň hasabyna taýýarlamak babatda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli amatly şertleri döredýändigi bellenildi. Mysal üçin, 2013-nji ýylda Sukuba uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga däl, eýsem, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem ýardam etdi.

Geçen ýyl Aşgabatda açylan täze ýokary okuw mekdebiniň — Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň işini ilerletmekde ysnyşykly gatnaşyklar ylym-bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar.

Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýapon dilini öwrenmäge uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Ýapon dilini okatmak diňe dil bilen baglanyşykly ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, tehniki, ykdysady we beýleki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesinde ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman nanotehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmak, şeýle hem ýapon lukmançylygynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň abraýly ylym we bilim merkezleriniň — Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň, Aşgabatda döredilen, özüne ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesini birleşdirýän döwrebap Tehnologiýalar merkeziniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Aziýa we Ýuwaş ummany döwletleriniň Materiallar akademiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi ýokary tehnologiýalar ulgamynda giň hyzmatdaşlyk üçin möhüm ädim boldy diýip, jenap Nagata Kýosuke aýratyn nygtady. Munuň özi şu guramanyň nobatdaky mejlisinde bolup geçdi. Häzirki zaman dünýäsinde innowasion çözgütsiz we döwrebap nanotehnologiýalary işläp taýýarlamazdan ösüş gazanmak mümkin däldir.

Ýurdumyzda ylym bilen baglanyşykly döwrebap önümçilikleriň giňelmegi hem-de iri ýapon işewürliginiň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy bilen baglylykda şeýle hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolýar. Durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mysal üçin, 2014-nji ýylda Maryda mineral dökünleri — ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Onuň taslamasyny işläp taýýarlamak, enjamlary getirmek hem-de tehniki maslahatlary bermek işini Ýaponiýanyň “Kawasaki Plant Systems Ltd” we “Sojitz Corparation” kompaniýalary amala aşyrdy. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corparation” kompaniýasy karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyny alyp barýar. Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy gurulýar. Ahal welaýatynda “Kawasaki” ýapon kompaniýasy tarapyndan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýurdumyzda sportuň dzýudo ýaly meşhur görnüşini wagyz etmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sukuba uniwersitetiniň rektory jenap Nagata Kýosuke birek-birege iň gowy arzuwlary aýdyp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Takahito Kasumata gatnaşdy.

Degişli makalalar

Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgalaryny Gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Migrasiýa Gullugy Hakynda

syrach