17.2 C
Aşkabat
28.03.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Owadan Jeňňel Suguny-Amyderýa Goraghanasynda Seýrek Duşýan Haýwanlaryň Biridir

Owadan Jeňňel Suguny-Amyderýa Goraghanasynda Seýrek Duşýan Haýwanlaryň Biridir

Lebap welaýatynyň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýän Amyderýa döwlet goraghanasy 35 ýyl mundan ozal Amyderýanyň orta akymynyň hem-de Garagumyňdyr Gyzylgumyň çöle golaý meýdanlarynyň ekologiýa ulgamyny gorap saklamak we dikeltmek, şeýle hem tebigy gurşawy goramak üçin ylmy esaslary işläp taýýarlamak maksady bilen döredilipdi. Goraghananyň edara binasy Seýdi şäheriniň çetinde ýerleşýär. Tebigaty halaýanlar köplenç bu ýere gezelenje gelýärler.

Bu ýerdäki muzeýde goýlan zatlar sebitiň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi barada gürrüň berýär. Aýratynam derek, igde, buýan agaçlarynyň we ösümlik dünýäsiniň beýleki wekilleriniň arasynda duran owadan sugunyň keşbi bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duşýan bu nepis jandary diriligine ýabany haýwanlaryň saklanýan malhanasyna baraňda görmek bolýar. Ol ýerde çöl ösümliklerinde gurlan aýratyn agylda sekiz ýaşly erkek sugun sowukdandyr ýagyş-ýagmyrdan gizlenip bilýär. Ol heniz owlak döwri enesinden galyp, Amyderýanyň sag kenaryndaky Hojambaz etrabynyň meýdanlaryna gelipdir,. Ony goraghananyň işgärlerine beripdirler.

Janawer nätanyş adamlaryň ýanynda-da özüni erkin duýýar, ony surata-da düşürse bolýar, ýöne hiç kimi golaýyna eltenok. Haýwanat dünýäsine belet alym I. Sosnowskiniň ýazmagyna görä:“sugun syrdam, owadan jandar. Owadan şahly başyny belent tutýar. Sugunlar ortaça 18-20 ýyl ýaşaýarlar, ene sugun üç ýaşdan soň nesil berýär“.

Hut şonuň üçinem bu ýere gelýänler bu agylyň ýanynda köp eglenýärler. Goraghananyň sag kenardaky Nargiz bölüminiň başlygy Allaguly Rozyýew sugunyň ýüzmäge ökdedigini, Amyderýanyň güýçli tolkunlaryndan arkaýyn geçip, ota bol adalara barýandygyny gürrüň berdi.

Goraghananyň işgärleriniň hasabyna görä, goraghana döredilenden bäri owadan sugunlaryň sany döwlet tarapyndan goralýan ýerde 6 esse artyp, häzir olaryň baş sany 120 töweregi bolupdyr.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach

Belarusda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Çäre Geçirildi

Ýurdumyzda Geçirilýän Ýaryşlaryň Sany Artdy

turkmenhabargullugy