22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen-Hindi Syýasy geňeşmeleri Geçirildi

2015-nji ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Hindi tarapynyň wekiliýetine Hindistanyň Daşary işler ministri hanym Suşma Swaraj ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga şeýle-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Thatipamula Wenkata Nagendra Prasad hem gatnaşdy.

Dostlukly ýagdaýda geçen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikirler alyşyldy. Duşuşygyň çäklerinde taraplar sebit meselelerini, halkara guramalary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, Owganystandaky ýagdaýy hem-de bu ýurduň ykdysady we durmuş taýdan dikeldilmegine ýardam bermek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmen-hindi syýasy geňeşmeleriniň aýratyn ugry TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy boldy we bu babatda hindi tarapy bu transmilli energetika taslamasyna özüniň gyşarnyksyz goldawyny mälim etdi. 

Şeýle-de geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem terrorçylyk güýçlerine garşy göreşmek ugrunda tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek boýunça pikirleri alyşdylar. 

Degişli makalalar

Halkara Ulag Maslahaty – Daşary Ýurt Metbugatynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach