20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

Owadandepedäki Aýna Önümleri Kärhanasynda Täze Seh Gurlar

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda çüýşe çykarýan seh gurlar. Onuň göz öňünde tutulýan kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda ýüz tonnadan gowrak önüm öndürmäge niýetlenendir. Täze kärhanada on milligramdan üç litre çenli dürli ölçegdäki azyk we derman senagaty üçin eksporta gönükdirilen önümleriň dürli görnüşlerini çykarylar.

Şu ýylyň 14-nji fewralynda işe girizilen döwrebap önümçilik toplumy Germaniýanyň «HORN Glass Industries AG» kompaniýasynyň we «Tepe Turkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi» türk potratçysynyň bina eden senagat läheňiniň gurluşygynda ulanylan ýokary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini görkezýär. Her gün awtomatlaşdyrylan we robotlaşdyrylan konweýerlerden iki ýüz tonna golaý list aýna we kyrk tonnadan gowrak çüýşe önümleri çykarylýar. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän önümleriň ähli görnüşleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna çykarylýar. Kärhananyň önümlerine isleg yzygiderli artýar. Täze seh harytlaryň görnüşlerini köpeltmäge we içerki hem-de daşarky bazarlarda söwdanyň möçberini artdyrmaga ýardam eder. Täze sehiň gurluşygyna bäsleşik yglan edildi.

Degişli makalalar

“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň Aragatnaşyk Ulgamlarynyň Üznüksiz Işlemegini Üpjün Eder

Türkmenistanyň Prezidenti Atçylyk Sport Toplumynda Baýramçylyk Çärelerine Gatnaşdy

syrach

Türkmenistanyň salgyt ulgamy Žurnalynyň Nobatdaky Sany

syrach