21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Owganystanda Bitaraplygyň 20-ýyllygyna Bagyşlap Maslahat Geçirildi

Owganystandaky türkmen diasporasynyň abyraýly wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan “tegelek stolyň” başyndaky maslahat geçirildi. Bu maslahata 30-dan gowrak, Owganystandaky türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Ilçisi H.Togalakow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň esasy ýörelgelerini beýan etmek bilen, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri we sebitde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilşi hakynda gürrüň berdi.

Maslahatda çykyş eden türkmenleriň wekilleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman halkara syýasatynyň möhüm meseleleri babatynda öňe sürýän ygtybarly ýörelgeleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly ykrar edilýändigini we goldanýandygyny bellemek bilen, Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejisiniň berilmegi Owganystanda ýaşaýan türkmenler üçin hem uly buýsançdygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, çykyş edenler Türkmenistanyň hormatly Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň beýik ynsanperwer ýörelgeleri esasynda, owgan halkyna yzygiderli kömekleriniň ugradylýandygy üçin türkmen döwletiniň häzirki wagtda parahatçylykly we durnukly durmuşy gurýan goňşy ýurt bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandygy bilen şertlendirilen bu hoşmeýilli erk-isleg üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler. 

Maslahat tamamlandan soňra çärä gatnaşyjylaryň hormatyna agşamlyk nahary berildi.

Degişli makalalar

Aziýa ugry: strategiki hyzmatdaşlyk ösüşiň täze tapgyryna çykýar

syrach

Putin Abhaziýanyň Premýer ministri bilen duşuşar.

syrach

Walentina Matwiýenkonyň Ýolbaşçylygyndaky Rus Wekiliýeti Mejlisde Kabul Edildi