15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Türkmen we Täjik Milli Göreşleri Boýunça Ýaryş Geçirdi

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny bellemek we « Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly» mynasybetli S.Rahimow adyndaky Täjigistanyň bedenterbiýe institutynyň okuw-sport merkeziniň binasynda agzalan ýokary okuw jaýynyň Rektoratynyň goldamagynda türkmen milli göreşi boýunça we «Guştingiri» täjik milli göreşi boýunça ýaryşlar geçirildi.

Açylyş dabarasynda we agzalan sport çäreleriň dowamynda Rektor Ş.Safarow, agzalan ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri we Täjigistanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birtleşmesiniň (DTYB) täjik bölümçesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýüzlenme bilen bedenterbiýe institutynyň Rektory Ş.Safarow we Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi I.Amanlyýew çykyş etdiler we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şeýle çäreleriň bu ýokary okuw jaýynda geçirilmegi Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam berýän hoş adat bolup galandygyny bellediler.

«Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň aýyna», şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk ýubileýi senesine gabat getirilen agzalan sport ýaryşlarynda türkmen we täjik talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaryşyň jemleri boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan baýraklar hökmünde ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Bu sport ýaryşynyň geçirilendigi baradaky maglumat Tajigistanyň milli telewideniýesinde – “Tojigiston” atly birinji ýaýlymynyň “Ahbor” habarlar gepleşiginde görkezildi.

Degişli makalalar

Sport Institutynda Täze Fakultet Açylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Garlyk Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplum Milli Ykdysadyýetimiziň Eksport Mümkinçiliklerini Artdyrar

Ýaşlar Düzümleriniň Gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň Birinjiliginiň 8-nji Tapgyry Geçiriler