10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
SPORT

Özbegistanda sport festiwaly geçirildi.

Özbegistanda sport festiwaly geçirildi. Özbegistanyň Medeniýet we sport ministrligi bilen “Sagdyn nesiller”, “Sen ýalňyz däl” ýaly ýurduň tanymal jemgyýetçilik guramalary 8-nji mart Bütin dünýä zenanlar gününiň öňüsyrasynda uly festiwal geçirdi.

Ýaş gyzlaryň sporda höweslendirilmegi we sagdyn nesilleriň ýetişdirilmegi maksady bilen geçirlen Jemhuriýet Ýaş gyzlar sport festiwalyna ýüzlerçe sportçy bilen spordy söýüjiler gatnaşdy.

3 aýry sport merkezinde Özbegistanyň milli mukamynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlan bäsleşiklere uly gyzyklanma görkezildi. Festiwala 10-15 ýaş aralygynda 300 sportçy gatnaşdy. Sportçylar tans, suw sportlary we gimnastika bolmak bilen 3 ugur boýunça bäsleşdi. Bäsleşikde dereje alanlara ýadigärlik sowgatlar gowşuryldy. 

Degişli makalalar

Iň Dürs Penalti Urýanlar: Hazard 1-nji, Ronaldo 3-nji, Messi 9-njy

turkmenhabargullugy

Türkmenistan 1:1 Eýran

syrach

Skaýranning Boýunça Türkmenistanyň Kubogyny Almak Ugrundaky Ýaryşda Ýeňijiler Belli Boldy