22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Pagta ýygymy möwsüminiň ilkinji öňdebaryjylary.

 Ýurduň gowaçaly meýdanlarynda pagta ýygymy güýçli depginlerde alnyp barylýar.Türkmenistanda 426 müň tonnadan gowrak hasyl ýbygnalyp, bu baradaky tabşyryk 40 göterimden hem geçdi.

welaýatynyň Bereket etrabynyň pagtaçylary tabşyrykda göz öňünde tutulan meýilnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada ilkinji bolup hasabat berdiler. Olar döwletiň uly harmanyna 1 müň 307 tonna “ak altyn” tabşyrmagy başardylar. Umumylykda ýurt boýunça pagta ýygy möwsüminde Balkan sebiti öňde barýar: häzirki günlerde bu sebit boýunça 2 müň 738 tonna pagta ýygnalyp, bu baradaky tabşyryk 54,76 göterim ýerine ýetirildi.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etraby hem 13 müň 400 tonna tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge golaýlaşyp gelýärler. Etrap boýunça 9 müň 262 tonna pagta kabul ediş nokatlaryna tabşyryldy. Lebap welaýatynyň pagtaçylary hem boýun alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi başarýarlar. Şu ýyl welaýatda bol hasyl ösdürilip ýetişdirildi. Bu ugurda welaýatda öňde barýan Halaç etrabynda 18 müň 774 tonna (61,55%), Beýik Türkmenbaşy etrabynda – 6 müň 645 tonna (58,29%), Hojambaz etrabynda – 11 müň 689 tonna (54,37%) “ak altyn” ýygnaldy.

Mälim bolşy ýaly, pagta ýygymy möwsümi awgust aýynyň ahyrynda ýurduň dört welaýatynda badalga aldy. Sentýabr aýynyň birinji on günlüginde Daşoguz sebitinde hem pagta ýygymyna girişildi. Ýurduň gowaçaly meýdanlarynda dürli görnüşdäki tehnikalaryň 9 müňden hem gowragy üznüksiz işledilýär, olara hyzmat etmek we tehniki hyzmatlary etmek gije-gündüzleýin alnyp barylýar.

Ekin meýdanlarynda ýygym möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin zähmet çekmek we dünç lamak üçin ähli şertler döredilendir. Şonuň bilen bir hatarda hem ýurduň taýýarlaýyş nokatlarynyň 159-synda we pagta arassalaýjy zawodlarynyň 36-synda üznüksiz işler ýola goýlandyr. Daýhan birleşiklerinde maliýe hasabatlary öz wagtynda geçirilýär. “Ak altynly” ekin meýdanlarynyň ussatlary şu ýyl 1 million 50 müň pagtany döwlet harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. 

Degişli makalalar

ULUSLARARASI “ATAVATAN TÜRKMENİSTAN” DERGİSİ

syrach

Talyplara Bildiriş

syrach

Türkmenobahyzmatyna CLAAS kompaniýasynyň bäş ýüz «Axion-850» traktory geldi.

syrach