22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabatda VIII halkara sergisi-ýarmarkasy tamamlandy.

Türkmenistanda tamamlanan “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly VIII halkara sergisi-ýarmarkasy – pudagyň şu ýyldaky iri forumy kitabyň ajaýyp baýramçylygyna öwrüldi. Üç günüň dowamynda paýtagtymyzdaky Sergi köşgi ýene-de dostlaryň şadyýan duşuşyklarynyň geçirilen ýerine öwrüldi, şonda täze gatnaşyklara-da badalga berildi. Giň zallarda kitap sergisine ýurdumyzyň we daşary döwletleriň medeniýet we ylym işgärleri, dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan döwlet düzümleriniň we neşirýat ulgamyna degişli işewür toparlaryň wekilleri ýygnandylar.

Aşgabatdaky halkara foruma wekilleriň we myhmanlaryň 170-den gowragy gatnaşdy, wekiliýetleriň düzümine dünýäniň öňdebaryjy neşirýat öýleriniň we çap edýän kärhanalaryň, iri ylym-bilim merkezleriniň, çap enjamlaryny we materiallary işläp taýýarlaýan kompaniýalaryň wekilleri goşuldylar. Foruma gatnaşýanlaryň arasynda tanymal kyssaçylar we şahyrlar, ussat terjimeçiler we suratçylar, fotosuratçylar, alymlar, kitaphana işi we täzeden dikeltmek boýunça hünärmenler, žurnalistler bar. Hünärmenleriň dürli ugurlar boýunça içgin gyzyklanma bildirmegi we milletara medeni gatnaşyklaryň saklanmagyny tüýs ýürekden maksat edinilmegi – bularyň ählisi dünýä bileleşiginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady we medeni taýdan hakykatdan-da uly ösüşi başdan geçirýän Türkmenistana içgin ünç berýändigini görkezýän subutnama bolup durýar.

Uly sergi neşirýat boýunça täzelikleriň, çap etmek sungatynyň nusgalarynyň, neşirýat boýunça innowasiýalaryň we XXI asyryň batly depgindäki elektron nou-haularynyň täsirini we owadan dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik döretdi. Sergide ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugra degişli kärhanalaryň köp sanly stendleri we pawilýonlary ýerleşdirildi. Bu ýere gelenlere çeper, çagalar, okuw we ylmy-köpçülikleýin edebiýatyň saýlanyp alnan nusgalary, sungat we taryh boýunça göwnejaý bezelen kitaplar, dünýä edebiýatynyň nusgawy ýazyjy, şahyrlarynyň aýry-aýry tomlary, neşirleri, ensiklopediýalar, albomlar we senenamalar, sowgatlyk önümler görkezildi.

Ýokary tizlikli Internetiň we kompýutere degişli täzelikleriň zamanasynda kitap hakyky sungat eseri we bilimleriň gymmatly çeşmesi hökmünde has arzyly sowgat bolmagynda galýar. Sergä gatnaşyjylaryň ekspozisiýasynyň agramly bölegini düzýän awtorlaryň kitaplarynyň göwnejaý bezelen ajaýyp sowgatlyk nusgalary, ensiklopediýalar, fotoalbomlar we dürli ugurlara degişli beýleki neşirler kitap çap etmegiň we neşirýat sungatynyň diýseň ýokary derejä ýetendigini äşgär edýän özboluşly görkezijä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň şu ugurdaky gazananlarynyň aýratyn bellenmegine mynasypdygyny aýtsa bolar. Ýurdumyz maglumatlara baý kitaplaryň neşir edilýän sany we taýýarlanylyşynyň hili boýunça dünýäniň öňdebaryjy neşirýatlaryň derejesine ýetýär.

Sergi forumynyň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdegörüjilikli syýasaty ýöretmegi netijesinde Türkmenistanyň neşirýat ulgamynyň batly depgin bilen ösýändigi we uly kuwwata eýedigi bellenildi, şol syýasatda ýurdumyzy ruhy-medeni taýdan ösdürmek, sowatly, tutuş dünýä üçin açyk türkmen jemgyýetini kemala getirmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu halkara kitap forumy munuň aýdyň subutnamasy bolup, medeni gatnaşyga goşulýanlaryň ählisiniň medeniýete we bilime degişli gymmatlyklar bilen tanyşmak üçin has işjeň ýagdaýda hyzmatdaşlyk etmegi, içgin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Hyzmatdaşlygyň we döredijilik boýunça kärdeşleriň birek-birege has-da ýakynlaşmaga we içgin tanyşmaga çalyşmagy serginiň işiniň üstünlikli bolmagyna degerli ýardam berdi. Tanymal türkmen we daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, terjimeçileriň, neşirýat işgärleriniň we suratkeşleriň gatnaşmagynda geçirilen köp sanly işjeň duşuşyklar, täze neşirler bilen tanyşdyrylyş çäreleri, “tegelek stollar”, şahyryna okyýyşlar we edebi söhbetdeşler forumyň ähmiýetli bölegine öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylmynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň täze bäşinji tomy bilen tanyşdyrylyş dabarasy serginiň guralan günlerindäki esasy wakalaryň biri boldy. Bu täsin galdyrýan kitabyň nobatdaky tomunyň neşir edilmegi giň okyjylar köpçüliginde, şol sanda daşary ýurtly myhmanlarda we sergä gatnaşyjylarda içgin gyzyklanma döretdi.

Tanymal arheologik W.Sarianidiniň “Gadymy Margiananyň genji-hazynasy” atly monografik neşiri bilen tanyşdyrylyş arheologik tapyndylaryň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi. Ýaş türkmen şahyrlarynyň goşgularynyň ýygyndysy şu ýylda rus dilinde “Wesennee sçastýe” diýen at bilen çap edildi. Awtorlar we terjimeçiler bilen duşuşyga diňe bir ýaş okyjylar däl-de, olaryň ene-atalary hem ýygnandylar.

Şeýle hem Sergi köşgündäki meýdançalarda “tegelek stoluň” başynda russiýaly edebiýatçylaryň we neşirýat işgärleriniň türkmen şahyrlary we ýazyjylary bilen duşuşyklary geçirildi, şonda bilelikde neşir etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. “Türkmenistan” atly halkara žurnalyny döredijiler bu neşiriň ýüzünji sany bilen tanyşdyrdylar hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen geçirilen duşuşykda bu neşir barada gürrüň berdiler.

Foruma gatnaşyjylaryň A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde we Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde okaýanlar bilen duşuşyklary asylly däbe öwrüldi, şol duşuşyklarda russiýaly myhmanlar bezemek sungatynyň we şahyrana ussatlygyň inçe syrlary barada gürrüň etdiler.

“Wokrug sweta” atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň awtorlary öz diňleýjilerini dürli ýurtlaryň kitaplarynyň dünýäsi bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet institutynyň talyplary bilen geçirilen duşuşykda özleriniň döredijilik meýilleri barada söhbet etdiler.

Moskwanyň M.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň neşirýat kärhanasynyň we Ukrainanyň “Libid” neşirýatynyň redaktorlarynyň Erkin döredijilik mekanyndaky duşuşygyna bilelikde neşir etmek, nusgawy we häzirki zaman edebiýatyň özara terjime edilmegini amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine degişli mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzyň beýik türkmen akyldarlaryna bagyşlanan künjeginde – “Ylham” seýilgähinde goşgular ruhubelent ýagdaýda okaldy.

Şeýlelikde “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly VIII halkara sergisi-ýarmarkasy dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklarynyň arasynda gumanitar ugur boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täzeden güýçli badalga berdi.

Bu forumyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşanlara diplomlar we degişli nominasiýalar boýunça sertifikatlar, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

“Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly VIII halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda döwlet Baştutanymyza Aşgabatda kitaplaryň çap edilmegini we neşirýat ulgamyny ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga oňaýly mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň medeni taýdan uly ähmiýete eýedigini bellediler.

Aşgabat forumyny guraýjylar oňa gatnaşanlar üçin gyzykly medeni çäreleri taýýarladylar. Myhmanlardan düzülen wekiliýetler ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeklerini synlap, Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach

TAPI Pipeline Company Limited

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi «Bilim Hakynda»

turkmenhabargullugy