21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana Resmi Sapary Başlandy

Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana Resmi Sapary Başlandy

Aşgabatda ýokary derejede türkmen-palestin gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin düýn agşam Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas türkmen paýtagtyna geldi.

Bu sapar iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda oňyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň tarapdary bolan Türkmenistanyň hem-de Palestina Döwletiniň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugatalandyrmaga bolan gyzyklanmalary beýan edýär.

11-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz öňde duran ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeli gurallaryny işläp düzmäge, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda önjeýli hyzmatdaşlygy höweslendirmäge ýardam bermelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-palestin gepleşikleriniň ynsanperwer esaslaryna ünsi çekip, 2012-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümetiniň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi bilen bilelikde guran «Musulman dünýäsindäki bosgunlar» atly halkara maslahatynyň geçirilendigini hem ýatlady. Wekilçilikli maslahatyň aýratyn bölümi palestinaly bosgunlaryň meselelerine bagyşlandy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Palestina bilen gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji aprelinde ýola goýuldy. Häzirki wagtda halkara resminamalarynyň birnäçesi türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny düzýär. 2012-nji ýylyň maýynda we 2015-nji ýylyň dekabrynda Palestinanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana amala aşyran sapary mahalynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň DIM-niň wekiliýeti iş sapary bilen Palestinanyň Ramalla şäherine bardy. Şol ýerde geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça 2016-2017-nji ýyllarda Hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.

Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyz ählumumy abadançylyk we gülläp ösüş maksatlaryna kybap gelýän hyzmatdaşlyk üçin elmydama açykdyr.
Bu gezekki ýokary derejeli türkmen-palestin gepleşikleriniň gün tertibinde häzirki zaman ýagdaýlary we mümkinçilikleri bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň netijesi boýunça ähli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Adalat Edaralarynyň Işgärlerini Hünär Baýramçylygy Bilen Gutlady

Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary Syýasat Edaralarynyň Arasynda Geňeşmeler Geçirildi

syrach

Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar

turkmenhabargullugy