22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Dostlugyň we Hyzmatdaşlygyň Nyşany Astynda

Dostlugyň we Hyzmatdaşlygyň Nyşany Astynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň giň halkara gatnaşyklaryna açyk syýasaty dünýä bileleşigi bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli gatnaşyklary üçin oňaýly şertleri döretdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan bu syýasat ýurdumyza uly abraý getirdi. Birnäçe möhüm wakalary öz içine alan geçen hepde munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 7-8-nji noýabrda Malaýziýa amala aşyran resmi sapary däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazdy. Şol gatnaşyklar deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, taraplaryň berk erk-islegine hem-de ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek maksadyna esaslanandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul Razagyň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara, sebit we halkara syýasatyna degişli meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy. Abraýly guramalaryň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklara, häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň çözülmegine, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär hem-de bu sebit bilen gatnaşyklara alyp barýan daşary syýasat we daşary ykdysady işiniň strategiki ugry hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ACEAN) alyp barýan işine, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamyndaky işlere uly gyzyklanma bilen garaýar. Türkmenistan ACEAN bilen özara gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinip, bu maksatlary amala aşyrmakda Malaýziýany esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar.

Gepleşikleriň barşynda nebitgaz hem-de nebithimiýa senagatynda, maýa goýumlary we ýokary tehnologiýalar, bank ulgamynda hem-de şäher gurluşygynda, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we azyk senagaty, syýahatçylyk babatda hem-de birnäçe beýleki ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýratyn durup geçip, bu ugruň ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynyň strategiki ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan goňşy ýurtlaryň birnäçesi bilen bilelikde Gündogar–Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlar boýunça ulag – üstaşyr geçiriş we logistik üpjünçilik ulgamlarynyň utgaşdyrylan görnüşiniň köp şahaly ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna barýan iň amatly guryýer ýoluny açýar.

Medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk gepleşikleriň aýratyn meselesine öwrüldi. Bellenilişi ýaly, ylym, bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge, halklarymyzyň özara ýakynlaşmagyna we baýlaşmagyna, olaryň arasynda dostlugyň berkemegine ýardam edýän möhüm şert hökmünde garalýar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar — Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary mynasybetli Bilelikdäki Beýannamasy, Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnama hem-de Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegi ugur edindi.

Saparyň baý mazmunly maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin dünýä meşhur “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Datuk Wan Zulkifli hem-de dostlukly ýurduň Parlamentiniň aşaky palatasynyň başlygy Pandikar Amin Haji Mulia bilen duşuşyklary öz içine aldy. Şol duşuşyklaryň barşynda gatnaşyklaryň geljegi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Kuala-Lumpurda iş geňeşmeleriniň birnäçesini geçirdiler, türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Olaryň jemleri boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Dolandyryş we ylym uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty bilen Malaýziýanyň KDU uniwersitetiniň kollejiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty (TDU we AI) bilen Kuala-Lumpur uniwersitetiniň (UniKL) arasynda Özara düşünişmek hakynda, Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-nji noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň daşary syýasatyny hem-de ozal kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hususan-da, ýurdumyzyň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän ynsanperwer häsiýetli halkara başlangyçlaryna, Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de däbe öwrülen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň döwlet edaralary we öňdebaryjy hassahanalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, geljek ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabry aralagynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirljek “EXPO-2017” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň ekspozisiýasyny gurnamak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere garaldy. “Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda geçiriljek sergi iň möhüm meseleleriň birini – alternatiw energiýa çeşmeleriniň we “ýaşyl” tehnologiýalaryň peýdalanylyşyna bagyşlanar.

Mejlisde garalan beýleki meseleleriň arasynda ýurdumyzyň Mejlisiniň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny kabul etmek boýunça alyp barýan işleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak bilen bagly meseleler boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlaryň birnäçesine gol çekip, awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnamany tassyklady. Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasy hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýy gurlar. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň merkezi edarasynyň gurluşy hem-de bu gulluk hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi. Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

Bulardan başga-da, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata taýýarlyk görmek meseleleri hem-de transmilli polat ýolunyň — “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça toparlaryň agzalary bilen maslahat geçirdi. Maslahata Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Habar berlişi ýaly, Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamenti hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi bilen bilelikde maslahatyň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Forumyň maksatnamasynyň deslapky taslamasy boýunça işleri geçirmek dowam edýär, oňa umumy mejlislerden we ýöriteleşdirilen maslahatlardan başga-da, tanyşdyryş çärelerini, halkara resminamalaryna gol çekmek dabarasyny, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklary we gepleşikleri girizmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine we deňagramlylygyna gös-göni täsir edýän bu ulgamyň dünýä ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridigini belledi. Türkmenistan degişli ugurda halkara gatnaşyklarynda, şol sanda BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklarda işjeň orun eýeläp, anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde, transmilli üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli düzüm taslamalary amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi. Ol Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginler bilen ösýän döwletlerine çykar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň üç goňşy ýurduň umumy döredijilik maksatlaryna laýyk gelýän dostlukly we netijeli gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydygyny belledi. Bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, goňşy ýurdy sebit we halkara hyzmatdaşlygyna giňden çekmäge ýardam eder.

Açyk daşary syýasat we ýurdumyzda döredilen, halkara hukugynyň degişli kadalaryna laýyk gelýän milli kanunçylyk bilen berkidilen amatly maýa goýum ýagdaýy, geljegi uly bolan hyzmatdaşyň abraýy, uglewodorod çig malynyň we beýleki tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlary – bularyň hemmesi Türkmenistany dünýäniň işewür toparlary üçin özüne çekiji ýurda öwürdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň VIII halkara maýa goýum forumy munuň şeýledigini nobatdaky gezek tassyklady. Foruma ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümlerine, şeýle hem dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň abraýly maliýe guramalaryna hem-de kompaniýalaryna degişli wekiller gatnaşdylar.

Forumyň işiniň barşynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, gurluşyk toplumynyň, himiýa senagatynyň, oba hojalygynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, daşary ýurt maýa goýum amatlylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag-aragatnaşyk, logistika, şeýle hem bank işi, maliýe hyzmatlary we ätiýaçlandyryş işi babatda ykdysady gatnaşyklaryň ugurlary hem-de usullary anyklanyldy.

Netijeli ýagdaýda geçen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maýa goýum düzümleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, şolaryň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede bolan wakalaryň hatarynda Aşgabatda geçirilen «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat bolup, oňa Russiýanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kipriň, Sloweniýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Latwiýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilýetleriniň hatarynda 200-e golaý myhman gatnaşdy.

Bilim we sport ulgamlarynda täzelikler bilen tanyşmak, strategiýany, ýörelgeleri, düzümleri we olaryň ösüş depginlerini seljermek, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga, sport – sagaldyş hereketiniň köpçülikleýinligini artdyrmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalary ilerletmek hem-de öňdebaryjy okuw usullaryny ornaşdyrmak her geçirilýän serginiň esasy maksady bolup durýar.

Söwda-senagat edarasynyň meýdançalarynda ýerleşdirilen köpugurly serginiň diwarlyklarynda Aziada-2017 – ägirt uly sport çäresini geçirmäge taýýarlyk görýän ýurdumyzyň edaralaryny, bilim we sport guramalaryny täsirli we çuň mazmunly şöhlelendirýär.

Serginiň görkeziş meýdançasy bilim we sport ulgamynda duşuşyklary, gepleşikleri geçirmek, işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak hem-de tejribe alyşmak üçin amatly künjege öwrüldi. Daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bilen okgunly ösýän türkmen bazarynda işewürligi ilerletmegiň mümkinçilikleri uly gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga bagyşlanan ylmy maslahat şol gatnaşyklaryň dowamyna öwrüldi.

Maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, uniwersitetleriň, institutlaryň we ýörite orta okuw mekdepleriniň, sport guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly hil taýdan täze özgertmeleri geçirmäge gönükdirilen meseleler, bilelikdäki ynsanperwerlik taslamalaryny durmuşa geçirmek, wekiliýetleri alyşmak ýaly ugurlar boýunça pikir alşyldy.

Paýtagtymyzda geçirilen “Energetika, ulag hem-de senagat ulgamlarynda tehnologiýa hyzmatdaşlygy we teklipler” atly maslahat türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlandy. Maslahatyň çäklerinde dürli derejelerde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy hem-de ony amala aşyrmak boýunça anyk ädimler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň topary, Koreýa Respublikasynda geçirilen türki halklaryň medeniýetiniň halkara festiwalyna gatnaşdy. Seul we Kwanju şäherlerinde guralan konsertlerde milli türkmen sungaty bilen belli estrada aýdymçylary, “Galkynyş” aýdym-saz tans topary, bagşy sazandalar tanyşdyrdylar.

Özbegistanda üstünlikli geçen Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde Daşkent hem-de Buhara şäherleriniň ýaşaýjylary türkmen halkynyň döredijilik däpleri we mirasy, ýurdumyzyň medeniýeti bilen tanyşyşdylar. Çäräniň maksatnamasy konsertleri, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini, kinofilmleriň görkezilişini, iki ýurduň döredijilik işgärleri bilen duşuşyklary öz içine aldy. Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri köne we ýakyn dostlaryň gatnaşyklaryny dowam edip, geljekde hem medeni gymmatlyklary alyşmak, iki döwletiň we doganlyk halklaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin kuwwatly itergä öwrüler.

Degişli makalalar

Balkanabadyň Alpinistleri Belentligine Çalt Çykmakda Türkmenistanyň Kubogynyň Ikinji Tapgyrynda Öňdeligi Eýeledi

Ýaşulular baradaky alada, jemgyýetiň ahlak binýady.

syrach

Kosmos Tehnologiýalary-Türkmenistanyň Ösüşiniň Ileri Tutulýan Ugry

turkmenhabargullugy