24.6 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Palwan Muhyýew

Palwannazar Muhyyew

Palwan Muhyýew
Dogulan ýeri we wagty: 01.12.1992 Aşgabat säheri.
Käri: Artist, alypbaryjy, showman
Dili: Türkmen, rus, iňlis, pars, türk
Milleti: Türkmen
Raýatlygy: Türkmenistan
Bilimi: Türkmen Döwlet medeniýet instituty
Çagalar: Jelilberdi Muhyýew

KARYERASY:
Muhyýew Palwan (@palwanmuhyyew). 1992-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Aşgabat säherinde doglan. Toý-dabaralarynyň we show-agsamlarynyň alypbaryjysy.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet Medeniýet institutynda “Medeni miras” fakultetinde okaýar.
1999-2009 ýyllar aralygynda orta mekdebi okady. 2009-njy ýylda 20-nji orta mekdebi tamamlandan sonra, Döwlet serhet gullugynda harby gullugy ýerine ýetirdi.
Harby gullukdan gelenden sonra, 2015-nji ýyla çenli dürli ýerlerde “Kompýuter inženeri” hünärinde işledi.
2015-nji ýyldan baslap, alypbaryjylyk hünäri bilen özbaşdak meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda birnäçe karhanalaryn reklama wideoroliklerine düşýär.
Öz @palwanmuhyyew instagram sahypasynda, şeýle hem youtube kanalynda dürli temalardaky wideorolikleri paýlaşýar.
Palwan masgalasynda 4 dogan: Ogulkeýik, Palwannazar, Amannazar, Sanazar. Masgalaly, 1 ogly bar. 2016-njy ýylda gelni Mahrijemal bilen durmuş toýuny tutdy.
Seýle hem Palwan “Sazla” atly show-gepleşigi alyp barýar. Ol gepleşige aýdymçy we artistleri çagyryp, olardan interwýu alýar we tomaşaçylaryň gatnaşmagynda myhmany dürli synaglardan geçirýär. Palwan Muhyýew gysga göwrümli wideolary taýýarlamak bilen öz sahypalarynda paýlaşýar. 2020-nji ýylda “atavatan-turkmenistan.com” halkara internet žurnaly
Palwan Muhyýew hakynda “Palwan Muhyýew – Alypbaryjy bolmak üçin…” ady bilen uly göwrümli interwýu habaryny paýlaşdy.

ÇESMELER:
https://www.atavatan-turkmenistan.com/son-dakika-tm/palwannazar-muhyyew-alypbaryjy-bolmak-ucin/

Taýýarlan reklama wideorolikleri:

  1. “Makulhyzmat”
  2. “Atawatan Türkmenistan žurnaly”
  3. “Laktima peýniri”
  4. “Alkatel telefony”
  5. “Peykam marketi”
  6. “Emine Bridal salony”
  7. “Günesh Loft burgeri”
  8. “Uçgun welosiped hyzmatlary”
  9. “Sazzla” show-gepleşigi

ULANÝAN PLATFORMALARY:
Instagram: @palwanmuhyyew
Youtube: Palwan Muhyyew
Twitter: @palwanmuhyyew
Facebook: Palwan Muhyyew

Pälwan Muhyýew: — Alypbaryjy bolmak üçin…

Degişli makalalar

“Garaşsyzlygyň Merjen Däneleri”

syrach

SA Interbudmontaž Kompaniýasynyň Hünärmenleri Aşgabatda Drenaž Aragatnaşyk Tonneliniň Gurluşygyny Tamamladylar

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Komiteti Öz Işine Başlady

turkmenhabargullugy