18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy hem-de maliýe-bank ulgamynyň, salgyt we statistika edaralarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda bar bolan hususy awtoulag serişdeleriniň eýelerine awtomobil benzinini we dizel ýangyjyny goýbermegi düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek we türkmenistanlylaryň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna pugta gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümlerini netijeli peýdalanmak hem-de olaryň içerki bazarda ýerlenilmegini düzgünleşdirmegiň meselelerini öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň nukdaýnazaryndan ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda türkmen döwletiniň durmuş ugurly syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmaga, jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge, milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny sazlaşdyrmaga we beýlekilere ýardam edýän birnäçe möhüm kanunçylyk taslamalarynyň taýýarlanylýandygy bellenildi.

Döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunlaryň rüstemligini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän ýörelgeleriniň nukdaýnazaryndan milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň wajyp ähmietini belläp, hormatly Prezidentimiz türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman tapgyrlarynyň ýagdaýlaryny hem-de ýurdumyzyň strategik maksatnamalaryny göz öňünde tutýan täze kanunçylyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygyny nygtady.

Soňra geçirilýän iş hakyndaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi, ol 25-27-nji martda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyzyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu gadymy Bahar baýramy halkara derejesine eýe boldy. Aziýanyň köp ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki sebitleriniň halklary tarapyndan bellenip geçilýär.

Wise-premýeriň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetiniň goňşy ýurtda bolmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda, şeýle hem şol gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrunda, şol sanda ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm ulgamda Türkmenistanyň öňe süren döredijilikli halkara başlangyçlaryny Owganystanyň tutuşlygyna goldaýandygy bellenip geçildi.

25-nji martda Kabulda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda goňşy ýurtda kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen duşuşygyň bolandygy hem bellenip geçildi. Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiziň adyna iň gowy azuwlary aýtmak bilen Owganystanda ýaşaýan arkadaşlarymyza edilýän täsirli goldaw we yzygiderli kömek üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Owganystanda bolmagynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti beýleki döwletleriň wekiliýetleri bilen bilelikde halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan bilelikdäki konserte, şeýle hem sergä gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýeti tarapyndan türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyna we milli däplerine bagyşlanan sergi hem guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, “açyk gapylar” we oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy döwletler bilen, şol sanda dostlukly Owganystan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge aýratyn üns berýändigini nygtady. Biz geljekde hem umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän bu netijeli gatnaşyklary işjeň ösdüreris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany bu gürrüňi dowam edip, dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy hem-de baky juwan baýramy bolan Nowruz baýramynyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi, ol häzirki eýýamda tutuş adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, gymmatly ynsanperwerlik taglymlarynyň we ýokary ruhy gymmatlyklaryň töweregine halklary birleşdirýär. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada söz açmak bilen, döwletara we tutuşlygyna alnanda, halkara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady.

Soňra wise-premýer, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň 36-njy mejlisini 1-2-nji aprelde Aşgabatda geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hem hasabat berdi.

Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýändigi nygtaldy. Bu ugurda ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, BMG-niň 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýroda bolan durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşyklarynda, şeýle hem beýleki iri maslahatlarda öňe süren halkara başlangyçlarynyň möhümdigi aýratyn bellenip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, ylalaşygy hem-de durnuklylygy saklamagyň üýtgewsiz tarapdary bolmak bilen, ähli taraplaryň milli bähbit”lerini we Hazar meseleleriniň hemmesi, şol sanda degişli hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça goňşy ýurtlaryň öňünde duran wezipeleri çözmäge umumy tagallalary jemlemek esasynda oňyn gatnaşyklar ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Türkmenistanyň iri maslahatlaryň işine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr, şol maslahatlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşyklary hem bar. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz ençeme gezek möhüm duşuşyklaryň, degişli düzümleriň mejlisleriniň, dürli okuwlaryň we Hazaryň meseleleri boýunça beýleki çäreleriň geçirilýän ýeri hem boldy. Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň 36-njy mejlisiniň bu ugurda nobatdaky täsirli çäre boljakdygyny bellemek bilen, wise-premýere öňde boljak Aşgabat duşuşygyna taýýarlyk görmek hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň Hazar deňziniň meselelerinde işjeň we başlangyç görkezýän ýagdaýy eýelemek bilen, binýatlyk resminama hökmünde bu Konwensiýanyň göwnejaý görnüşini işläp taýýarlamaga ygrarlydygyny nygtady, şol resminama Hazarda durmuş üpjünçiliginiň dürli ugurlarynda Hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň ygtybarly hukuk guraly bolar, netijeli uzakmöhletli halkara hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny döreder. Biziň ýurdumyz bu meseleleri diňe halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmak we hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleriniň esasynda diplomatiki ýollar bilen çözmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu möhüm ugurda taraplaryň garaýyşlaryny mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmagy hem-de onuň ähli ugurlary boýunça, şol sanda Hazar deňzinde işiň we hyzmatdaşlygyň dürli taraplaryny düzgünleşdirmegiň sazlaşykly halkara-hukuk usullaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary kadalaşdyrmagy maksat edinýän bilelikdäki işi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, Hazaryň özboluşly tebigy suw howdanydygyny we Türkmenistanyň geljekde-de onuň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge, biologiki köpdürlüligi gorap saklamaga, gojaman Hazaryň baý serişdelerini rejeli peýdalanmaga, parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde derejesini pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli çäreleri görjekdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa şu ýyl halkara derejesinde bellenilýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli neşir önümlerini we beýleki sowgatlyk önümleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, olaryň şekillerini görkezdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, neşir önümlerini çapa taýýarlamakda neşirýat ulgamynyň işgärleri Ylymlar akademiýasynyň alymlary, döredijilik işgärleri bilen bilelikde işler alnyp baryldy. Olaryň hatarynda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp ýazylan “Sözüm, saňa Pyragy”, “Magtymguly Pyragy”, “Magtymguly we Gündogar edebiýaty”, “Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar”, “Magtymguly–ylham çeşmesi”, “Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi” atly kitaplar, “Köňül gözgüsi” atly makalalar ýygyndysy bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şahyryň ömri we döredijiligi, pelsepewi garaýyşlary hakyndaky pikirleri, aýdan sözleri “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitapda ýerleşdirilip, ol üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli dürli görnüşli sowgatlyk diskleri çykarmak hem meýilleşdirildi. “Magtymguly” operasy, şahyryň goşgularyna döredilen, beýik akyldaryň özüne bagyşlanan aýdymlar we Magtymgulynyň goşgulary ýazylan diskleri çykarmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Beýik şahyryň 290 ýyllygynyň nyşany, şahyryň keşbi ýerleşdirilen okuwçy gündelikleriniň, depderleriniň dürli görnüşlerini görkezmek bilen, wise-premýer bu babatda alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri guramak babatda käbir bellikleri aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýubileý ýyly diýlip yglan edilendigine garamazdan, bu ugurda işleriň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz teleýaýlymlarda bu şanly senä bagyşlanan täsirli gepleşikleriň berilmeýändigini, gazet-žurnallarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň ýeterlik derejede beýan edilmeýändigini aýtdy.

Medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Döwlet medeniýet merkeziniň hem-de welaýatlardaky we etraplardaky medeniýet edaralarynyň işine nägilelik bildirip, wise-premýerden edilen belliklerden degerli netije çykaryp, bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek boýunça ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we nebit-gaz toplumynda amala aşyrylýan birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Aşgabat şäherinde türkmen-gazak işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hem hasabat berildi, oňa iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşar. Türkmenistanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli, şol sanda maşyn gurluşygy, derman, himiýa, dokma we azyk senagaty babatda meseleleriň giň topary duşuşygyň gün tertibine giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň depginlerini çaltlandyrmaga degişli birnäçe görkezmeleri berdi, bu öz nobatynda milli ykdysadyýetimiziň mümkinçiliklerini artdyrmaga, türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen köptaraply gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, Gazagystan bilen döwletara gatnaşyklaryny häzirki döwrüň hakyky ýagdaýlaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri bilen bir hatarda gumanitar gatnaşyklary, ýagny bilim, ylym we medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport babatda, şeýle hem asyrlarboýy dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler, senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklaryny, hususan-da, himiýa pudagyny ösdürmegiň milli maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde käbir desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat toplumyny ösdürmek, onuň pudaklaýyn düzümini berkitmek we giňeltmek boýunça ähli işleriň milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny doly amala aşyrmak, eksport ugurly we bäsdeşlige ukyply senagat önümleriniň möçberini artdyrmak maksady bilen amala aşyrylýandygyny nygtady. Bu işleri toplumlaýyn we innowasion esasda, iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen geçirmegiň möhümdigini belläp, milli Liderimiz toplumyň möhüm senagat desgalarynyň gurluşygynyň hilini we möhletlerini üpjün etmek, bar bolan kärhanalaryň netijeliligini we düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, 8-10-njy aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Aziada-2017-niň tagamlary” atly ýörite okuwy guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Halkara okuw maslahaty “Seýrana” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçiriler. Çäräniň çäklerinde “Berkarar”, “Deňiz” we “Hasyl” myhmanhanalarynyň aşhanalarynda daşary döwletleriň iň oňat azpez hünärmenleriniň ussatlyk sapaklaryny bermegi meýilleşdirilýär. Maslahata gatnaşyjylar Aziýanyň dürli ýurtlarynyň däp bolan tagamlary taýýarlamagyň syrlaryny açarlar. Okuw maslahaty türkmen aşpezleriniň hünärini artdyrmaga we 2017-nji ýylda geçiriljek iri möçberli sport baýramçylygy bolan Aziadanyň myhmanlaryny kabul etmäge görülýän taýýarlygyň çäklerinde hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň şunuň ýaly iri çäreleri guramakda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şu babatda hyzmat ediş ulgamyna myhman kabul etmegiň esasy şerti hökmünde möhüm orun berilýär.

“Aziada-2017-niň tagamlary” atly ýörite okuwy geçirmäge degişli tabşyryklary berip, döwlet Baştutanymyz sagdyn iýmitlenmegi sazlaşdyrmak ýörelgelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi türgenleriň doly derejeli iýmitlenmeginiň tertibini düzmek üçin aýratyn möhümdir.

Şunuň ýaly halkara derejeli çäreleriň wajypdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz olaryň türkmen hünärmenleriniň başarnygyny artdyrmaga, Türkmenistanyň ähli derejelerde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 1–30-njy aprel aralygynda ýurdumyzda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer biraýlygyň çäreleriniň işlenip taýýarlanan meýilnamasy baradaky hasabatynyň barşynda aprel aýynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda, ýokary okuw mekdeplerinde her iş gününi irden önümçilik maşklaryny ýerine ýetirmekden başlamak baradaky teklibi beýan etdi. Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda, etraplarynda, welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyryljak bu çäre uzak aralyga ylgamak çäresi bilen başlanar. Bu çäre paýtagtymyzda Köpetdag şaýolunda geçiriler. 7-nji aprelde welosport boýunça köpçülikleýin ýörişi guramak meýilleşdirilýär. Sport biraýlygynyň maksatnamasynyň çäklerinde şeýle hem ýaşlaryň, talyplaryň we okuwçylaryň, pudaklaryň işgärleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň arasynda dürli sport ýaryşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlary we birinjilikleri, sagdyn durmuş boýunça maslahatlar we konferensiýalar guralar. Öňümizdäki iri wakalaryň hatarynda “Aşgabat – Aziada – 2017-niň paýtagty”atly halkara sport sergisi bar. Ol 3-5-nji aprel aralygynda geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetini belläp, bu çäreleriň maksadynyň jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakdan, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekden hem-de ösdürmekden, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu çärelere ähli raýatlarymyzyň, ilkinji nobatda, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin gatnaşmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biraýlygyň dowamynda göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de ruhubelentlik ýagdaýynda guralmagy babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Adamyň saglygy baradaky alada döwletiň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu babatda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça ähli işler toplumlaýyn çemeleşmegiň esasynda amala aşyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu işiň bir bölegi hökmünde öňümizdäki çäre çuň many-mazmunly, oňa gatnaşyjylar üçin gyzykly we peýdaly bolmalydyr. Bu çäre ýurdumyzda sport – sagaldyş hereketine täze itergi bermelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edän düzümlerindäki işler baradaky hasabatynyň çäklerinde paýtagtymyzdaky täze gurluşyklaryň işleriniň ýagdaýy we Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gowulandyrmak, şol sanda ýollaryň we binalaryň durkuny täzelemek maksady bilen alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünde durup geçip, hormatly Prezidentimiz Aşgabatda bina edilýän desgalaryň daşky bezegleri bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi, şunda ýollaryň we binalaryň gurluşygynda döwrebap talaplar berjaý edilmelidir. Milli Liderimiz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan iri möçberli maksatnamalaryň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak wezipesiniň wajypdygyny nygtap, işleriň netijeliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak maksady bilen hemme degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer şu ýylyň 26-njy martynda il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine hem-de Balkan welaýatynda mekgejöwen we gök-bakja ekinleriniň ekişine guramaçylykly girişilendigini habar berdi. Häzirki wagtda ekiş möwsümini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýörite toparlar döredilip, meýilnamalaýyn çäreler kesgitlenildi.

Gallaçy daýhanlar hem özleri üçin döredilýän oňaýly şertlerden netijeli peýdalanyp, şu günler bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlaryň garşysyna himiki serişdeleri ulanmak işlerini alyp barýarlar.

Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenýän «Suw damjasy – altyn dänesi» baýramyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu baýramçylygy ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanan meýilnamanyň çäklerinde BMG-niň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasynyň bilermenleriniň hem-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Milli suw syýasaty gepleşikleriniň Utgaşdyryjy geňeşiniň 4-nji mejlisi, ylmy maslahatlar, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaraly çäreler geçiriler.

Baýramçylygyň baş dabarasyny Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň kenarynda taýýarlanan ýörite meýdançada guramak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň we Oba hojalyk toplumynyň hem-de suratkeşleriň, zergärleriň we heýkeltaraşlaryň işleriniň sergileri, ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor toparlarynyň edebi-sazly çykyşlary, türkmen milli göreşi, sportuň we milli oýunlaryň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, şeýle hem baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylar tarapyndan bag ekmek çäresi meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde suw hojalyk pudagyny ösdürmekde ýokary netijeleri gazanan öňdebaryjy işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möhüm oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu babatda öňdebaryjy tehnologiýalardan we tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzda badalga berlen gowaça ekişi barada aýdylanda bolsa, bu çäräni öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Çünki geljekki hasylyň ykbaly daýhanlarymyzyň şu günlerde alyp barýan netijeli işlerine we ussatlygyna hem-de başarnygyna baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möwsümleýin işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän “Suw damjasy–altyn dänesi” baýramynyň çuňňur manysy bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz türkmen halky gadymdan bäri suwa esasy milli baýlyklaryň biri hökmünde garap, oňa uly sarpa goýýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu baýramçylyk mynasybetli guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň ählisiniň ýokary derejede geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Türkmenbaşy halkara deňiz portuny toplumlaýyn gurmak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde taslamalary görkezmek arkaly, gury ýerde we deňizde barlag işleriniň doly geçirilendigini we guruljak deňiz portunyň topografiýa kartasynyň taýýarlanandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köpşahaly ulag ulgamynyň, şol sanda deňizdäki ulgamlaryň bolmagy islendik ykdysadyýetiň ösmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sebitiň iri ulag merkezi hökmünde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ähmiýetini aýratyn belledi. Onuň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak üçin porty mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmek, dürli terminallary gurmak zerur bolup durýar. Şunda olaryň ýokary derejede tehniki we tehnologik taýdan üpjünçiligi Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygynyň kepili bolar.

Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň wajypdygyny belläp, netijeli döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow garamagyndaky ministrliklerde we pudak edaralarynda işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Wise-premýer Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän işleriň ähmiýeti hakynda söz açyp, döwlet syýasatynyň durmuşy ugurlarynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda täze taryhy eýýamyň anyk ýagdaýlaryna laýyklykda milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ýaşaýyş jaý özgertmelerini ýaýbaňlandyrmak bar diýip belledi.

“Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bolup geçýän oňyn üýtgetmeleriň yzygiderli beýany boldy, munuň özi Türkmenistanyň ilatynyň artmagynyň ýokary depginleri, döwlet tarapyndan berilýän mäkäm durmuş kepillendirmeleri bilen göwnejaý häsiýetlendirilýär. Şol Kanun 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen maşgalalarynyň müňlerçesine ýakyn wagtlarda olaryň uzak wagtlap ýaşap gelen döwlet öýleriniň hususy eýeçilige beriljekdigini belledi we bu babatda wise-premýere Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň tertibini tassyklamak boýunça degişli resminamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Pile tabşyrmak möwsümi başlandy

syrach

Türkmenistan Oba Hojalyk Pudagynyň Maddy-Enjamlaýyn Binýadyny Berkidýär

Türkmenistan-BMG

syrach