15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
DÜNÝÄ

Pan Gi Mun ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Jon Kerri bilen duşuşdy.

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Jon Kerri bilen duşuşdy. Özara duşuşykda Demirgazyk Koreýa, Siriýa, Eýran we klimat çalşygy ýaly meseleler seljerildi. BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Jon Kerri özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi we Siriýada dowam edýän çaknyşyklar barasynda durup geçdiler. 13 aýda 70 müňe golaý adamyň ýogalandygyny aýdan Kerri, Amerikanyň Siriýanyň hökümetine basyş etmäge dowam etjekdigini nygtady.

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun hem Siriýanyň Milli geňeşiniň başlygy Muaz Al Hatibiň beren gepleşik çagyryşyny uly pursatdygyny aýtdy. ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Jon Kerri Demirgazyk Koreýanyň ýadro synaglaryny prowakasiýa hökmünde häsiýetlendirdi. BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bolsa ýadro synaglarynyň halkara jemgyýetçilige garşydygyny ýatlatdy. ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen Kerriniň Ysraýyla guramagy meýilleşdirýän sapary hem duşuşygyň gün tertibinde esasy orun eýeledi. Saparyň oňyn netije berjekdigini nygtan Mun, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky meseläniň çözülmegi üçin BMG-nyň iki döwletli çözgüde goldaw berýändigini aýtdy.

Degişli makalalar

Sokağa Çıkma Kısıtlamasında İl Göç İdaresi Müdürlükleri Çalışır mı?

turkmenhabargullugy

İlham Aliýewiň 51 ýaşynyň bellenilip geçilmegi üçin 51 metrlik tort bişirildi.

syrach

Eastring Taslamasyny Günorta Gaz Geçelgesine Birikdirmek Mümkinçiligi Bar

turkmenhabargullugy