15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

“Oguzhan” we “Galkan” toparlary möhletinden öň ýarym finala çykdylar.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Oguzhan” we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” toparlary şu günler Aşgabadyň sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumda dowam edýän 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşynda geçirilen duşuşyklarda öz bäsdeşlerinden üstün çykyp, ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandylar. Şunda “Oguzhan” toparynyň türgenleri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndy topary bilen bolan duşuşykda 30-dan gowrak hokkeý topuny geçirmegi başardylar. 

Eýýäm duşuşygyň birinji döwründe türkmen hokkeýçileri 11 gezek hokkeý topuny geçirdiler. Myhmanlar bolsa diňe bir gezek tapawutlanmagy başardylar. 

Ikinji döwüriň köp bölegi rahat oýun ýagdaýynda geçdi. “Oguzhanyň” oýunçylary arap türgenleriniň toruna ýene iki gezek hokkeý topuny geçirip, goranyp başladylar. Mundan myhmanlar peýdalanmagy başardylar we türkmenistanlylaryň derwezesine ýene iki gezek hokkeý topuny geçirdiler. 

Şondan soňra biziň türgenlerimiz oýnyň depginini has güýçlendirip başladylar. BAE-niň ýygyndy toparynyň goragçylarynyň we derwezeçisiniň tutanýerli oýnandyklayna garamazdan, olaryň derwezesine ýene-de alty gezek hokkeý topy geçirildi. Netijede duşuşygyň ikinji döwri 19:3 hasabynda türkmen türgenleriniň peýdasyna tamamlanandan soň hokkeýçiler arakesmä çykdylar. 

Biziň hokkeýçilerimiz üçünji döwürde hem hüjüm etmegi güýçlendirdiler. Myhmanlar türkmen türgenleriniň şeýle çalasyn oýunlaryna jogap berip hem ýetişmeýärdiler. Bäsdeşleriň derwezesine dürli tarapdan güýçli we dürs urgylar edilýärdi. Şeýlelikde duşuşyk 31:4 hasabynda “Oguzhan” toparynyň ynamly ýeňişi bilen tamamlandy. Bu netije şu gezekki halkara ýaryşynda görkezilen iň ýokary görkezijileriň biri boldy. 

Biziň ýene bir toparymyz – “Galkan” topary Moskwanyň eteginden gelen “Himik” topary bilen geçirilen ýeňil bolmadyk duşuşygyň netijesi boýunça ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy. Bu oýnuň ähli üç döwründe hem türkmen türgenleri bäsdeşleriniň yzyndan ýetmek üsin tutanýerli göreşmeli boldular. 

Birinji döwrüň ortasyna çenli Türkmenistanyň IIM-niň topary 0:2 hasabynda yzda galdy. Ýöne biziň hokkeýçilerimiz arakesmä çenli bir hokkeý topuny geçirmegi başardylar. 

Üçünji döwrüň başynda “Galkan” topary ýene iki gezek öz derwezesine hokkeý topuny goýberdi. Hasap myhmanlaryň peýdasyna 1:4 boldy. Emma bu ýagdaý biziň hokkeýçilerimiziň badyny gowşadyp bilmedi. Oýnuň ahyryna çenli türkmen türgenleri hasaby 4:4 görnüşinde deňlediler. 

Halkara ýaryşlarynyň kadalaryna laýyklykda deňme-deň netijeden soňra bullit urgulary urulýar. Bu urgularda türkmen türgenleri üstünlik gazandylar we bu ýaryşyň iň güýçli dört toparynyň hatarynda ýarym finalda çykyş etmek hormatyna eýe boldular. 

Şeýle hem şu gün Belarusyň “Raubiçi-96” topary bilen Sankt-Peterburgyň “Serebrýanyýe lwy” toparynyň we Türkiýäniň ýetginjekler ýygyndy topary bilen Russiýanyň “Neftýanik” toparynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. 

Ikinji duşuşykda russiýaly hokkeýçiler hem bu halkara ýaryşynda özboluşly ýokary netijäni görkezdiler. Olar öz türk bäsdeşleriniň derwezesine jogapsyz 32 gezek hokkeý topuny geçirip, häzirlikçe şu ýaryşlarda iň ýokary netijäni görkezmegi başardylar. Ikinji oýunda bolsa piterli ýaş türgenler belarus bäsdeşlerinden 3:2 hasabynda üstün çykdylar. 

Ýaryşyň iki tapgyryndan soň toparlar şeýle netijeleri gazandylar: “A” toparda 6 utuk toplap “Oguzhan” öňde barýar. “Raubiçi-96” we “Serebrýanyýe lwy” toparlarynyň hersi üç utuk toplady, soňky orunda bolsa, hiç-hili utugy bolmadyk BAE-niň topary barýar. 

“W” toparda 6 utuk toplap “Galkan” birinji orunda, hersi 3 utuk toplap degişlilikde “Himik” we “Neftýanik” toparlary ikinji we üçünji orunlarda, dördünji orunda bolsa Türkiýäniň ýetginjekler topary barýar. 

13-nji fewral Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň düzgünlerine görä dynç alyş güni bolar. Toparlaryň birnäçesi şol güni dynç almaga bagyşlasalar, beýlekileri türgenleşiklerini dowam etdirerler. Mysal üsin, şol gün BAE-niň we Türkiýäniň ýetginjekler toparlary Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň geljekki olimpiýaçylar mekdebiniň türgenleri bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler. 

Şeýlelikde bu halkara ýaryşy diňe bir Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky bäsleşiklere gatnaşýanlara däl-de, eýsem sportuň bu barha ösýän görnüşi bilen ýaňy meşgullanyp başlan türkmen hokkeýçilerine hem öz ussatlygyny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

Degişli makalalar

Türkmen Pälwanlary Kyrk Medala Eýe Boldular

syrach

Türkmen Türgenleri Futzal Boýunça Dünýäniň Öňdebaryjy Toparlaryny Haýran Galdyrar

Sport Mekdebiniň Hokkeý Boýunça Açyk Birinjiligi